24-nji awgustda Aşgabadyň Magtymguly köçesiniň ugrunda ýerleşýän “Parahat” medeni-dynç alyş merkeziniň arka tarapyndaky dört gatly jaýlaryň agyz suw turbalary ýaryldy. Ilat arasynda ‘Kim’ diýlip atlandyrylýan bu etrapçada turbalardan syzyp çykan suw birnäçe jaýyň howlusyna we köçelere ýaýrady.
Türkmen aktiwisti syýasy aktiwizm we emigrasiýadaky durmuş. Zarina Ahtýamowa 17 ýyl bäri Türkiýede ýaşaýar we işleýär. Ol syýasy aktiwist bolmak niýetiniň bolmandygyny aýdýar. Zenan, türkmen diplomatlarynyň Türkiýede nähili işleýändigini görensoň, öz hukuklary ugrunda göreşip başlady.
Owganystanyň "Talybanyň" ýolbaşçylygyndaky hökümeti 15-nji awgustda paýtagt Kabuly eýelemeginiň iki ýyllygyny belledi. BMG owgan aýal-gyzlary üçin 20 ýyllyk ösüşiň tersine öwrülendigini we ýagdaýyň 2002-nji ýyldakysyna, Talybanyň soňky häkimiýet başynda bolan döwrüne gaýdyp gelendigini aýdýar.
Kiýewiň etegindäki harby-türgenleşik meýdançasynda, aýallar päsgelçilik synaglaryny geçýärler, Kalaşnikow tüpeňlerinden atyp, ýörite taýýarlanan harby egin-eşikleri söweş şertlerinde özlerine amatly bolar ýaly, barlagdan geçirýärler
Türkmen oppozisiýasy aktiwist Farhat Meýmankuliýewiň nirededigini anyklap bilmeýär. Türk häkimiýetleri ony maýyň ortalarynda Stambulda tussag etdiler. Oppozisiýa aktiwisti Berdimuhamedowlaryň režimini ýiti tankyt edýärdi we Internetde oňa garşy propaganda alyp barýardy.
29-njy iýunda Türkmenistanda milliardlarça dollarlyk Arkadag şäheriniň açylyş dabarasy boldy. Oňa adatça bolşy ýaly mejbury ýagdaýda býujetçiler we studentler çekildi. Reuters gullugynyň wideosynda dabaranyň arka sahnasyndan käbir pursatlary synlamak bolýar.
Adam hukuklaryny goraýan türkmen we türk aktiwistleri Türkmenistanyň hökümetinden Türkiýede bikanun ýagdaýda ýaşaýan müňlerçe türkmen raýatynyň bu ýurtda kanuny esasda ýaşamak meselesini çözmegini talap edýärler.
Setora Sultanowa 10 ýyldan gowrak wagt bäri Gyrgyzystanyň günortasyndaky Oş şäherinde futbol oýnaýar. "Bu ýerde şu mentalitet bar: Sen gyz, sen [futbol] oýnap bilmersiň" diýip, ol durmuşa çykanyndan we çagasy bolandan soňra-da futbol oýnamagy dowam etdirendigini aýdýar.
Türkmenistandan bolan Alişer Sahatow indi köp ýyl bäri Türkiýede motokurýer bolup işleýär. Ol bu işi örän howply hasaplaýar. Ýurtda ýol hadysalarynyň derejesi ýokary we motokurýerleriň gatnaşýan ýol hadysalary köplenç habarlara-da çykýar.
Türkmenistanda Polisiýanyň Ýol gözegçiligi gullugynyň bir işgäriniň öz pogonyny özi ýyrtyp, sürüjiniň üstüne töhmet atýan wideosy sosial torlarda seslenme döretdi.
Türkmenistan dünýäniň iň bir ýapyk we repressiw ýurtlarynyň biri bolmagynda galýar. Türkmen režimi ýurtdaky garaşsyz maglumat akymyny berk çäklendirýär. Ýurtdaky Internet üpjünçiliginiň hili hem ýaramaz bolup, sosial torlar, messenjerler, garaşsyz habar saýtlary petikli bolmagynda galýar.
Ýene-de ýükle