Türkmen häkimiýetleri Berdimuhamedowlaryň režimini işjeň tankytlaýan aktiwist Hamida Babajanowanyň garyndaşlaryny yzarlaýarlar. Aktiwistiň ejesine Türkmenistandan gitmek gadagan edildi.
Azat Adalga kanunyň hökmürowanlygynyň we hukuk habarlylygynyň ähmiýetinden ugur alyp, Türkmenistanyň hukuk namalarynyň käbir möhüm maddalaryny üns merkezine çekmegi maksat edinýär. Bu sanymyz “Kärhanalar hakynda” Türkmenistanyň kanunynyň bäş maddasyna gönükdirilýär.
Azat Adalga kanunyň hökmürowanlygynyň we hukuk habarlylygynyň ähmiýetinden ugur alyp, Türkmenistanyň hukuk namalarynyň käbir möhüm maddalaryny üns merkezine çekmegi maksat edinýär. Bu sanymyz “Harby borçlulyk we harby gulluk hakynda” Türkmenistanyň kanunynyň bäş maddasyna gönükdirilýär.
Türkmenistanly Abu Ýunus Russiýanyň giň gerimli çozuşynyň ilkinji günlerinden bäri Ukrainany goraýar. Ol Şeýh Mansur adyndaky meýletin batalýonynyň düzüminde, soňky aýlarda söweşiň iň gyzgyn nokadyna öwrülen, Bahmut ugrundaky söweşlere gatnaşýar.
Türkmenistanly Jemal Türkiýede birnäçe ýyl bikanun esasda ýaşady. Ol býurokratik päsgelçilikler sebäpli, ýan ýoldaşy Metin bilen durmuş nikasyny resmileşdirip bilmedi. Jemal Türkiýeden deportasiýa edilmek töwekgelçiligi bilen birnäçe gezek ýüzbe-ýüz boldy.
Türkmenistanlylar 26-njy martda Mejlisiň deputatlary, Halk maslahatlarynyň we Geňeşleriň agzalary üçin ses berdiler. Häkimiýetler saýlawlara gatnaşygyň 91%-den gowrak bolandygyny, ses berişligiň demokratik ýörelgeler esasynda geçendigini aýtdylar.
1953-nji ýylyň 1-nji martynda Germaniýanyň Mýunhen şäherinden gepleşik berip başlan Amerikan radiosy, başda “Azat ediş” radiosy diýlip atlandyrylan Azatlyk 70 ýaşady.
Türkmenistanly migrant Ruslan bikanun esasda Türkiýede ýaşaýar we işleýär. Onuň pasportynyň möhleti gutardy. Ol resminamalarynyň ýoklugy sebäpli az aýlykly işde zähmet çekmäge mejbur bolýar. Stambuldaky türkmen konsulhanasy oňa täze pasport bermekden ýüz öwürýär.
Azatlyk Radiosyna soňky demindäki itleri görkezýän birnäçe wideo gowuşdy. Habarçymyzyň sözlerine görä, wideolar Türkmenabadyň ýaşaýjylary tarapyndan düşürilipdir.
Owganystanyň paýtagty Kabulda Samira Mohammadiniň restorany diňe aýallar tarapyndan dolandyrylýar we diňe aýallara hyzmat hödürleýär.
Azatlyk Radiosyna 2-nji martda gowşan wideo ýazgysynda jemagat gullugynyň işgärleriniň eşigine geýnen adamlar ýörite atoulagly aýlanyp, itleri ýok edýär we olaryň maslygyny ýörite uwtoulaga ýükleýär.
Soňky döwürde Täjigistanyň çäginde höküm süren aýazly howa sebäpli Hatlon welaýatynyň guşlary uçmakda kynçylyk çekýärler. Şeýle agyr şertlerde olar garyň arasynda galyp, doňup bilýärler. Ýerli daýhan guşlaryň öz ýyladyşhanasynda ýaşamagyna rugsat berip, olary halas etmäge çalyşýar.
Ýene-de ýükle