Ukrainanyň zenan harby gullukçylary täze egin-eşikleri synagdan geçirýärler
Kiýewiň etegindäki harby-türgenleşik meýdançasynda, aýallar päsgelçilik synaglaryny geçýärler, Kalaşnikow tüpeňlerinden atyp, ýörite taýýarlanan harby egin-eşikleri söweş şertlerinde özlerine amatly bolar ýaly, barlagdan geçirýärler
1
Ukrainanyň harby okuw jaýynyň diňleýjileri täze harby eşikde, Kiýewiň etegindäki türgenleşik meýdançasynda, okuw synaglaryny geçýärler. 2023-nji ýylyň 12-nji iýuly.
Türgenleşik söweş şertlerindäki ýaly geçirilýär. Türgenleşige gatnaşyjylar aýallar üçin ýörite taýýarlanan egin-eşiklerde tüpeň atýarlar.
Türgenleşik söweş şertlerindäki ýaly geçirilýär. Türgenleşige gatnaşyjylar aýallar üçin ýörite taýýarlanan egin-eşiklerde tüpeň atýarlar.
2
Ukrainanyň Ýaragly Güýçlerinde 42 müňden gowrak aýal gulluk edýär, olaryň bäş müňe golaýy söweş birikmelerinde. Olara erkekler üçin tikilen eşik berilýär. "Arm Women Now" sosial başlangyjy zenan harby gullukçylary üçin tikilen, müňlerçe egin-eşik bagyş etdi. Harby eginbaş mugt paýlanylýar.
3
Ukrainanyň Ýaragly Güýçleriniň zenan harby gullukçylary adatça köp jübüli egin-eşik satyn almaly bolýarlar ýa-da beýleki ýurtlaryň ýaragly güýçlerinde, aýallara niýetlenen eşikleri satyn alýardylar.
4
Täze harby eşik geýen ukrain harby okuwçysynyň saçyny örýär.