Mary welaýatynda 26-njy noýabrda ýene tozanly ýel turdy. Azatlyk Radiosynyň çeşmesiniň sebitden iberen wideosynda goňrumtyl, sarymtyl reňkdäki tozanyň asmany gaplandygyny, daş-töweregiň, şol sanda ulaglaryň we köçeleriň tozana bürelendigini görse bolýar.
Gyrgyz-Täjik serhedindäki meseleleriň ýaşaýjylara ýetirýän täsiri Batkende üýtgeşik toý boldy. Zilolanyň Täjigistandan gelen hossarlary toýa gatnaşyp bilmän, serhet geçýän ýoluň garşy tarapynda durup, ýaş çatynjalara ak pata berip, bagt arzuw etdiler.
Türkiýeli belli aşpez Burak Özdemir (CZN Burak) Türkmenistanda özüniň restoranyny açmak planlaryny mälim etdi.
Soňky birnäçe aýyň dowamynda azyndan alty türkmenistanly aktiwist Türkiýeden Aşgabada deportasiýa edildi. Bular Farhat Meýmankuliýew, Röwşen Kylyçow, Umit Kuzybaýew, Döwran Imamow, Maksat Baýmyradow we Serdar Durdylyýew dagylardyr.
Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň wekili G.Weliýew ýurtda ygtyýarnamasyz maşyn sürýän köp sanly aýalyň tapylandygyny, howpsuzlygy üpjün etmek üçin derňew başlanyp, şol döwürde aýallaryň ulag sürmek ukybynyň wagtlaýyn togtadylandygyny aýtdy.
Serdar Berdimuhamedow bilen Rejep Erdogan birek-birege milli it tohumlarynyň güjüklerini berdiler. Bu, türkmen prezidentiniň Türkiýä sapary wagtynda bolup geçdi.
13-nji oktýabrda GDA döwlet baştutanlarynyň Bişkekdäki sammitinde türkmen žurnalistleri hem işledi. Döwlet habar beriş serişdeleriniň wekilleri beýleki ýurtlardan baran kärdeşleri bilen bir ýerde işlediler.
Warşawada adam hukuklary boýunça Ýewropadaky iň uly konferensiýa geçirilýär. Onda türkmenistanly aktiwistler we adam hukuklaryny goraýjylar hem gatnaşýarlar. Olar Aşgabatdaky häkimiýetleriň yzarlamalardan gorkup, ýurtdan çykan türkmen raýatlaryň ekstradisiýa edilmegini gazanýandygyny aýtdylar.
Türkmenistandan bolan aktiwist Nurmuhammet Annaýew Ýewropada syýasy gaçybatalga ýüz tutmaga mejbur boldy. Berdimuhamedow režiminiň kesgir tankytçysy 2020-nji ýylyň fewralynda ýurdy terk etdi. Ol, ilkibaşda, Birleşen Arap Emirliklerinde ýaşaýardy, soňra Türkiýä geçdi.
Halkara ýardam guramalary Günbatar Owganystanda bolan ýer titremeleriniň pidalaryna ýardam ýetirşdirmäge çalyşýar, sebitde yzly-yzyna bolup geçen ýer sarsgynlary weýrançylyk getirdi. Ýurduň iň pajygaly tebigy heläkçilikleriniň birinde 2 müňden gowrak adamyň heläk bolandygy habar berilýär.
Häzir Aşyrbaý Bekiýew nirede? Türkmenistanyň ýörite gulluklarynyň haýyşy boýunça, Russiýadan çykarylan türkmen raýatynyň nirede saklanýandygyny aktiwistler we adam hukuklaryny goraýjylar düşündirip bilmeýärler. Soňky gezek Bekiýew aeroportuň uçara münüş zonasynda görlüpdir.
Türkmenistanly aktiwistler migrantlara garşy reýdleriň köpçülikleýin ýagdaýda, şol sanda metrolarda, awtobuslarda, seýilgählerde hem geçirilýändigini aýdýarlar.
Ýene-de ýükle