"Türkiýäniň polisiýasy Berdimuhamedowyň režimine ýardam berýär"
Türkmenistandan bolan aktiwist Nurmuhammet Annaýew Ýewropada syýasy gaçybatalga ýüz tutmaga mejbur boldy. Berdimuhamedow režiminiň kesgir tankytçysy 2020-nji ýylyň fewralynda ýurdy terk etdi. Ol, ilkibaşda, Birleşen Arap Emirliklerinde ýaşaýardy, soňra Türkiýä geçdi. Annaýew Stambulda özüniň aktiwist işjeňligini güýçlendirdi. Ol Türkiýäni türkmen aktiwistleri üçin howply ýer hasaplaýar. Onuň sözlerine görä, aktiwistlere Türkmenistana berilmegiň hakyky howpy abanýar. "Migrant Media"
Epizodlar
-
Noýabr 18, 2025Täjigistanda türkmenler nar ýetişdirip, güzeran aýlaýar
-
Aprel 07, 2025Daşoguzda güýçli duzly tupan turdy
-
Mart 31, 2025"Hirurg bolmagy arzuw edýärdim, ýöne kurýer boldum"
-
Fewral 06, 2025“Gyzymyň gümürtik ölüminiň derňew işi bes edildi” - Gülälek