Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Moskwada bolan partlamada ýokary derejeli harby ofiser heläk boldy


Partlama netijesinde uçan demir gyýçaklary golaýda duran awtoulaglara hem zyýan ýetirdi.
Partlama netijesinde uçan demir gyýçaklary golaýda duran awtoulaglara hem zyýan ýetirdi.

Moskwada awtoulagyň partladylmagy netijesinde Russiýanyň Ýaragly güýçleriniň ýokary derejeli generallarynyň biri heläk boldy. Bu Kremliň Ukrainada 4 ýyl töweregi ozal başlan doly göwrümli çozuşyndan bäri, harby resmilere we urşy goldaýan şahslara garşy amala aşyrylan hüjümleriň nobatdakysy boldy.

Russiýanyň Derňew komiteti 22-nji dekabr irden ýaýradan beýanatynda rus paýtagtynyň eteklerindäki köçeleriň birinde awtoulagyň aşagyna goýlan partlaýjy enjamyň ýarylandygyny aýtdy.

Beýanatda Russiýanyň Ýaragly güýçleriniň Baş şatbynyň amaly (operatiw) taýýarlyk müdirliginiň başlygy, general-leýtenant Fanil Sarwarowyň partlama zerarly alan şikesleriniň netijesinde ölendigi nygtalýar.

Russiýanyň çäginde ýokary derejeli şahslaryň öldürilmegi bilen bagly birnäçe şuňa meňzeş hüjümleriň jogapkärçiligini öz üstüne alan Ukrainanyň harby aňtaw gullugy, bu waka boýunça Azatlyk Radiosynyň sowallaryna bada-bat teswir bermedi.

Rus dilindäki Baza Telegram kanaly Sarwarowy alyp barýan awtoulagyň partlamazdan öň gysga aralyk geçendigini habar berdi.

Derňew komitetiniň wakanyň bolan ýerinden çap eden wideosynda güýçli zeper ýeten ak reňkli awtoulagyň beýleki ulaglaryň arasynda durandygyny görse bolýar.

Komitet bu waka boýunça bombany ukrain ýörite gulluklarynyň goýan bolmagynyň mümkindigi baradaky ähtimallygyň hem seljerilýändigini aýtdy.

56 ýaşly Sarwarow öň Çeçenistanda gozgalaňçylara garşy söweşlere hem-de 2015-16-njy ýyllarda Siriýadaky rus harby operasiýalaryna gatnaşypdy.

Ol 2024-nji ýylda Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin tarapyndan general-leýtenant derejesine göterildi.

Fanil Sarwarow (çepden ikinji) 2018-nji ýylda Kremlde rus prezidenti Wladimir Putin bilen elleşýär.
Fanil Sarwarow (çepden ikinji) 2018-nji ýylda Kremlde rus prezidenti Wladimir Putin bilen elleşýär.

“Proýekt” derňewçi toparynyň maglumatyna görä, Sarwarow Ukrainadaky urşa hem gatnaşypdyr.

Sarwarowyň heläk bolmagy soňky aýlarda ýokary derejeli rus harby ýolbaşçylarynyň janyna kast edilmegi bilen bagly hadysalaryň ýene biri boldy.

Aprelde general-leýtenant Ýaroslaw Moskalik Moskwanyň eteginde ýöräp barýan mahaly, köçäniň gyrasynda goýlan bir awtoulagyň partlamagy netijesinde heläk bolupdy.

Rus prokurorlary Moskaligiň heläkçilikli partlama bilen baglylykda bir adama aýyplama bildirdi we onuň ukrain aňtaw gulluklary tarapyndan hakyna tutulandygyny öňe sürdi.

2024-nji ýylyň dekabr aýynda general-leýtenant Igor Kirillow Moskwadaky öýüniň girelgesinden çykan mahaly, pyýadalar üçin ýodada duran elektrik samokatyna ýerleşdirilen bombanyň partlamagy netijesinde ýogaldy.

Kirillow Russiýanyň ýadro, himiki we biologiki hüjümlerden goranyş boýunça harby bölüminiň ýolbaşçysydy.

Rus resmileri şol partlamanyň hem arkasynda Ukrainanyň durandygyny öňe sürüpdi.

Forum

XS
SM
MD
LG