Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Kreml parahatçylyk gepleşiklerinde berk pozisiýasyny ilerledýär


Ukrainanyň baş gepleşikçisi Rustem Umerow (sagdan ikinji) Floridada ABŞ resmileri bilen duşuşýar (arhiw suraty)
Ukrainanyň baş gepleşikçisi Rustem Umerow (sagdan ikinji) Floridada ABŞ resmileri bilen duşuşýar (arhiw suraty)

Kreml Ukrainadaky parahatçylyk ylalaşygy boýunça berk pozisiýasyny saklap, Kiýewiň we onuň ýewropaly ýaranlarynyň teklip eden, ýöne jikme-jikleri aýdylmadyk üýtgetmelerini ret etdi. 21-nji dekabrda Floridada ABŞ-Russiýa hem-de ABŞ-Ukraina görnüşinde geçirilen aýry-aýrylykdaky gepleşikler tamamlandy.

Olaryň jemleri boýunça taraplaryň ählisi dürli görnüşdäki gepleşik sessiýalaryny “konstruktiw” diýip häsiýetlendirdi, emma ne ABŞ-Russiýa, ne-de ABŞ-Ukraina gepleşiklerinde öňegidişligiň bolandygy boýunça alamatlar göründi.

Geljekde geçirilip bilinjek mümkin duşuşyklar boýunça hem maglumat berilmedi.

Putine hasabat

Russiýanyň baş gepleşikçisi Kirill Dmitriýewiň amerikan kärdeşleri bilen gepleşikleriň ikinji gününi tamamlan pursdy, prezident Wladimir Putiniň daşary syýasat boýunça kömekçisi Ýuriý Uşakow Moskwada žurnalistlere “kesgitli özgerişe garaşmaly däldigini” aýtdy.

Uşakowyň sözlerine görä, Dmitriýew diňe Moskwa dolanyp, 22-nji dekabrda Putine hasabat berer.

“Bu günler amerikalylar Roždestwony baýram edýär. Köp adam işlemeýär” diýip, Uşakow aýtdy.

“Ol [Dmitriýew] amerikan tarapynyň ýewropalylardan we ukrainlerden alan käbir yşaratlaryny getirýär” diýip rus metbugaty Uşakowyň sözlerini sitirledi.

“Dmitriýew rus ýolbaşçylaryna hasabat bereninden soň, biz mundan beýläk hereket etjek pozisiýasymyzy kesgitläris, şol sanda amerikalylar bilen kontaktlarymyz boýunça “ diýip, Uşakow sözüne goşdy.

Uşakow Kiýewiň we onuň ýewropaly ýaranlarynyň teklip eden üýtgetmeleriniň parahatçylyga ýakynlaşdyrmajakdygyny öňe sürdi, ýöne şol teklipleriň anyk görnüşini entek görmändigini hem belledi.

“Men şuny ynamly aýdyp bilerin: ýewropalylaryň we ukrainleriň ilerleden ýa-da ilerletmäge synanyşýan teklipleri ne dokumenti gowulandyrýar, ne-de uzak möhletleýin parahatçylyga ýetmek mümkinçiligini ýokarlandyrýar” diýip, ol aýtdy.

21-nji dekabrda giçlik ABŞ-nyň ýörite wekili Stiw Witkoff X platformasynda Russiýa bilen geçirilen gepleşikleriň “netijeli we konstruktiw” bolandygyny ýazdy.

Beýanatda “Russiýa Ukrainada parahatçylyga ýetmek boýunça doly derejede ygrarly bolup galýar. Russiýa ukrain konfliktini çözmek we dünýä howpsuzlygyny täzeden berkitmek boýunça Birleşen Ştatlaryň edýän tagallalaryna we goldawyna ýokary baha berýär” diýilýär.

“Netijeli we konstruktiw”

Şol bir wagtda, Floridada ukrain diplomatlaryna ýolbaşçylyk eden Rustem Umerow ABŞ topary bilen duşuşdy. Birleşen Ştatlaryň wekiliýetine Witkoff bilen birlikde, prezident Donald Trampyň giýewisi Jared Kuşner hem ýolbaşçylyk etdi. Umerow ABŞ saparynyň dowamynda möhüm ýewropaly ýaranlary bilen hem gepleşik geçirdi.

“Soňky üç günüň dowamynda Floridada ukrain wekiliýeti amerikan we ýewropa hyzmatdaşlary bilen netijeli hem-de konstruktiw birnäçe duşuşygy geçirdi” diýip Umerow sosial mediada ýazdy.

“Şeýle hem ABŞ-Ukraina formatynda aýratyn konstruktiw duşuşyk geçirildi” diýip, 20 maddalyk parahatçylyk meýilnamasy, şol sanda Birleşen Ştatlar bilen bagly howpsuzlyk kepillikleri, hem-de ykdysady ösüş meseleleriniň ara alnyp maslahatlaşylandygyny aýtdy.

“Parahatçylyk diňe söweş hereketleriniň togtadylmagy däl, eýsem durnukly geljek üçin mynasyp binýat bolmalydyr” diýip, Umerow sözüne goşdy.

Tramp noýabrda Kiýewe 28 maddalyk teklibi kabul etmek boýunça basyş edip başlady; tankytçylar bu dokumentiň aglaba has köp Russiýanyň bähbtilerini ilerledýändigini aýtdylar.

Munuň yzy bilen, Kiýew we onuň ýewropaly goldawçylary, Ukrainanyň territoriýalar boýunça durumyny, howpsuzlyk kepilliklerini we beýleki möhüm meseleleri göz öňünde tutjak, garşylyklaýyn teklipli 20 maddalyk meýilnamany hödürlediler.

Forum

XS
SM
MD
LG