Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Çeşmeler

Bill Gates
Bill Gates

"The Independendt" gazeti aýtmyşlaýyn ol dünýäniň iň baý we iň bagty çüwen adamynyň biridir. Ol "Microsoft" firmasynyň baştutany bolmak ýaly uly jogapkärçiligi öz başyndan sowandan soň görnüşine görä kitap okamaga has köp wagt tapýar.

Tehnologiýalaryň weterany Bill Gates "Notes" atly blogpostda esasy tankynçylaryň biri bolmaga hem dowam edýär. Bill Gates indi bäş ýyldan bäri her ýyl gaýtalaýan endigine görä özüni bendi eden 5 kitabyň sanawyny halka hödürleýär.

Gazet, Bill Gatesiň "Kitap okamak meniň täsin zatlary öwrenmek islegimi kanagatlandyrýan iň halaýan endigimdir. Köpsanly täsin adam bilen tanyşmak, işim bilen baglanşykly oýlanyp tapylýan zatlaryň ýerleşýän ýerlerini gezmäge pursadym bolsa-da, men aslynda kitabyň adamy gyzyklandyrýan täze ugurlary özleşdirmäge has köp kömek edýändigine ynanýaryn" - diýendigini ýazýar.

Bill Gatesiň sanawyndaky ilkinji kitaby awtory Thi Bui bolan “Edip biljek iň ýagşy işimiz” (The Best We Could Do) atly awtobiografiýa romanydyr.

Bu romanda gürrüň ene-atalar bilen çagalarynyň arasyndaky gatnaşyklar barasynda gozgalýar. Awtor öz tejribesine salgylanyp, çaga kemala getirmegiň aslynda nähili kyn işdigini ýazýar. Bill Gatesiň pikirine görä, ene-atalary ýa-da çagalary bilen gaty kyn aragatnaşygy bolanlar üçin bu diýseň peýdaly bir eserdir.

Bill Gatesiň saýlan ikinji kitaby Matthew Desmondyň “Öýünden çykarylan: Amerikanyň şäherinde garyplyk we bähbit" (Evicted: Poverty and Profit in the American City) atly eserdir.

Bu kitapda Amerikanyň köpülenç görünmeýän tarapy barada gürrüň gozgalýar. Ol ýurtda garyplykda ýaşaýan müňlerçe amerikaly her ýyl mejbury ýagdaýda öýünden çykmaly bolýar we öýsüz-öwzarsyz galýar.

Eddie Izzardyň "Ynan maňa: Söýgüniň, ölümiň we jaz çagajyklarynyň memuary" (Believe Me: A Memoir of Love, Death, and Jazz Chickens) atly awtobiografiýa eseri bolsa Bill Gatesiň saýlap alyp, maslahat berýän üçünji kitabydyr.

Bu eserde transwestit wäşi, durmuşda özboluşly bolmagyň we şeýlelik-de köpçülikden saýlanmagyň mümkindigini subut edýär.

Bill Gates, özüni durmuşda haýsam bolsa bir ugurda ýekirlen hasaplaýanlaryň bu kitapdan gaty köp netije çykaryp biljegini öňe sürýär.

Bill Gates, bu kitaby okandan soň aslynda özüniň ol gülkünç obraza nä derejede meňzeýändigini aňyp galypdyr.

Taryh köpülenç täktaraplydyr we belki-de hut şeýle sebäpden Viet Thanh Nguyen tarapyndan ýazylan “Janköýer” (Sympathizer) atly eser Bill Gatesi özüne bendi edipdir.

Bu kitapda Wetnam urşuna bir wetnamlynyň nukdaý-nazaryndan garalýar.

Maslahat berýän kitaplarynyň ahyrynda Bill Gates, Waslaw Smiliň "Energiýa we adamzadyň taryhy" (Energy and Civilization: A History) atly eseri barada söz açýar.

Bu kitapda arassa hem üznüksiz energiýa çeşmeleriniň geçmişe hem geljege ýetirjek peýdalary hakda gürrüň gozgalýar.

Bill Gates, bu kitaplaryň her biriniň okyja täze ugurlary özleşdirmäge we özüni gurşap alýan älem-jahany has gowy tanamagyna mümkinçilik döredýändigini ýazýar.

Gyş paslynyň aýazly günlerinde köçelerde üşemegiň deregine öz ýyljajyk öýüňizde Bill Gatesiň maslahat berýän kitaplaryny okamagy saýlap alyň.

Mars planetasy
Mars planetasy

CNN neşiriniň habar bermegine görä, 2014-nji ýylda döredilen Birleşen Arap Emirlikleriniň kosmos gullugynda uly üstünlikli işler amala aşyryldy. Dubaýda ýerleşýän edaranyň merkezinde häzir kosmos barasynda depginli işler alnyp barylýar.

Golaýda Dubaý özüniň has täsin kosmos maksatnamasyny, ýagny 2020-nji ýylda Marsa gurnaljak ilkinji ekspedisiýany halka äşgär edipdir. Maksatnama laýyklykda, 2117-nji ýylda bolsa Marsda ilkinji ýaşaýyş merkeziniň salynmagy göz öňünde tutulýar.

Hatda "Youtube" ulgamynda göz öňünde tutulýan şeýle ýaşaýyş ýerleriniň nusgalary hem köpçülige hödürlendi.

Dubaýyň şeýhleri çölde Marsa meňzeýän synag merkeziniň döredilmegi üçin şu ýylyň sentýabr aýynda 136 million dollar serişde aýrypdyrlar.

Bu dünýädäki şeýle synag merkezleriniň iň ulusy bolar. Marsda nähili ösümlikleriň ösüp biljegi hem ol ýerde synagdan geçiriler.

Birleşen Arap Emirlikleri bu maksatnamanyň ýurtda ylmyň we ykdysadyýetiň hasam kämilleşmegine uly itergi bermegi maksat edinýändigini bildirýär.

Deňeşdirmek üçin aýtmaly bolsa, mysal üçin, Elon Muskyň "SpaceX" atly firmasy Marsa adamy 2024-nji ýylda ibermegi göz öňünde tutýar. NASA-nyň bolsa 2030-njy ýyllaryň başynda şeýle ekspedisiýany durmuşa geçirmek plany bar.

Ýene-de ýükle

XS
SM
MD
LG