Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Çeşmeler

Illýustrasiýa
Illýustrasiýa

Britaniýaly žurnalist Jonatan Wells öz makalasynda, daşary ýurt dilini öwrenmek barasynda iň ýalta halk bolan iňlisleriň alnyndan, geljekde bolup biljek bir kynçylykly ýagdaýyň çykandygyny belleýär.

Geçen ýylyň iýun aýynda Ýewropa bileleşiginden çykmaga ses bermegi olara, ynha, şeýle goşmaça problema döredýär.

Maý aýynyň başynda, Ýewropanyň Komissiýasynyň prezidenti Jean-Claude Juncker paltany edil meseläniň düýbünden urupdyr.

"Wäşi" Juncker iňlisleri "gorkuzdy"
"Wäşi" Juncker iňlisleri "gorkuzdy"

Ol mundan beýläk ýygnaklarda has köp fransuz dilinde çykyş etjekdigini aýdypdyr. Onuň pikrine görä, sebäbi indi iňlis diliniň ähmiýeti azalýar. Ýöne şonda-da iňlis diliniň ähmiýet derejesi fransuz diliniň ýagdaýyndan ýokary (Ýewropa bileleşiginiň ilatynyň diňe ýüzden 15 göterimi fransuz dilinde gepleşýär). Emma Juncker muňa garamazdan, özüniň nobatdaky "şowsuz" degişmesini aýdyp galypdyr.

Iňlisler bolsa bu degişmä diýseň çynlakaý garaýarlar. Umuman alanyňda, Britaniýada ÝB-niň ykbalyny "kesgitlän" ählihalk referendumyndan bäri ispança öwrenmek isleýän iňlisleriň sany 427 göterim köpelipdir. Şol bir wagtyň özünde fransuz diline ymtylyş hem ýokarlanýar (342 göterim).

Britaniýanyň mediasy daşary ýurt dillerini öwrenmek isleýänlere kömek maksady bilen dürli materiallar ýaýradýar.

Azatlyk Radiosynyň "Okuw zaly" şol materiallar esasynda daşary ýurt dillerini has çalt öwrenmek isleýänlere berilýän maslahatlardan bir ýygyndy taýýarlady.

Habarlara daşary ýurt dilinde tomaşa ediň ýa-da gulak asyň

Londondaky Ýakyn we Merkezi Gündogar uniwersitetiniň Dil we medeniýet fakultetiniň baýry mugallymy Nergiz Farzadyň aýtmagyna görä, daşary ýurt dilini has çalt öwrenmegiň tilsimleriniň biri hem habarlary öwrenmek isleýän diliňde diňlemek we tomaşa etmekdir.

Daşary ýurt dilini habarlardan öwrense bolar
Daşary ýurt dilini habarlardan öwrense bolar

Farzad hanym yzygiderli habar kanallaryna tomaşa etmek daşary ýurt dilini öwrenmek isleýänler üçin diýseň peýdalydyr diýýär. Meselem, ýarym sagat düşünýän diliňizde habarlara tomaşa edeniňizden soň, öwrenmek isleýän daşary ýurt diliňizde gaýtadan tomaşa edip görüň. Habarlar gündeligi, umuman, ähli kanallarda birmeňzeşdir.

Ýeri gelende bellesek, telekanallardaky reklamalardan hem edil şonuň ýaly peýdalanmak mümkin. Näçe köp gulak assaň, şonça-da dile öwrenişýärsiň we azyndan birnäçe söz öwrenýärsiň. Günde 2-3 täze söz öwrenmek az däl we diýseň peýdalydyr.

Tehnologiýalardan giňişleýin peýdalanyň

Guwatamelaly biznesmen Luis Von Ahn bolsa, indi hemme zadyň diýen ýaly aplikasiýalarynyň bardygyny belläp, daşary ýurt dilini öwredýän aplikasiýalaryň hem bardygyny ýatladýar.

Telefon diňe bir oýnamak üçin däl
Telefon diňe bir oýnamak üçin däl

"Bu aplikasiýalar bilen eliňizdäki telefonda hem dile türgenleşip bilersiňiz. Meselem, awtobusa garaşyp oturan mahalyň oýunyň deregine dil öwrenmäge synanyş. Awtobusa müneniňizden soň hem şol peýdaly işi dowam ediň. Dil öwrenmegi öýde aýratyn bir ýumuş ornunda hem öwürip bilersiňiz" diýip, ol biznesmen aýdýar.

Onuň özüniň "Duolingo" atly dil platformasynyň häzirki döwürde 150 million agzasy bar. Biznesmeniň aýtmagyna görä, ol adamlaryň köpüsi başga görnüşde dil öwrenmäge wagt tapyp bilmeýänlerdir.

Von Ahn mamladyr. Nýu-Ýork uniwersitetiniň geçiren bir ylmy-barlagynyň netijesine görä, "Duolingo" ýaly platformalardan 34 sagat peýdalanmak bir ýyllap uniwersitete gatnamak ýaly kömek edýär.

Aýdymlar we kinofilmler

Nergiz Farzad daşary ýurt dilini öwrenmegiň has täsirli tilsimleriniň biri höküminde, başga dilde aýdym diňlemegi we kinofilmlere tomaşa etmegi hem maslahat berýär.

Daşary ýurt kinofilmleri dil öwrenmäge itergi berip biler
Daşary ýurt kinofilmleri dil öwrenmäge itergi berip biler

Aýtmagyna görä, hut onuň özi sapaklara garanda, dili has köp iňlisçe aýdymlardan gowy öwrenipdir. Ol: "Terry Jacks atly aýdymçynyň "Güniň pasyllary" (Seasons in the Sun) aýdymy maňa "Janet & John" tarapyndan taýýarlanan dil sapaklary kitaplaryndan köp peýda ýetirdi" diýýär.

Farzad bu meselede mamladyr. 2013-nji ýylda Edinburg uniwersitetinde geçirilen bir barlagda, mälim bolşy ýaly, öwrenmek isleýän dilinde aýdym diňleýänleriň dil synagynda alýan bahalary diýseň ýokarydyr.

Aýdymy diňlemek we aýdymçy bilen bilelikde aýdymy aýtmaga synanyşmak sözleri aňa ymykly ornaşdyrýar.

Dilini öwrenen ýurduňyza gezmäge gidip, ýerli halk bilen gepleşiň

Londondaky "Kings College" uniwersitetiniň daşary ýurt dilleri merkeziniň müdiri professor Ana de Medeiros dil öwrenmek üçin, ol dilde gepleýänleriň medeniýetine "gark bolmagyň" hökmanydygyny aýdýar. Onuň aýtmagyna görä, öwrenen diliňiziň gepleşilýän ýurduna baryp görmek çäksiz mümkinçilikdir. Çünki sözler we taryplar kagyz ýüzünde hakyky ýagdaýdan diýseň üzňe. Şonuň üçinem dili janly öwrenmäge dalaş edýäris.

Daşary ýurt dilini gepleşýän halkyň aşhanasyny öwreniň

Nergiz Farzad kulinariýa kitaplarynyň dürli dillerde çap edilýändigini ýatladýar. Onuň nygtamagyna görä, daşary ýurt naharlaryny öwrenmäge synanyşýan mahalyňyz, siz şol bir wagtyň özünde reseptlerdäki sözleri hem öwrenýärsiňiz.

Kulinariýa kitaby şol bir wagtyň özünde dil sapagy çeşmesidir
Kulinariýa kitaby şol bir wagtyň özünde dil sapagy çeşmesidir

Bu möhüm ýagdaý. Başga bir halkyň aşhana dilini öwrenýärsiňiz. Aşhanada medeniýet hem sungat bardyr. Eger kulinariýa reseptleri bolan kitap suratly bolsa, onda ol diýseň gymmatly dil çeşmesidir. Şonda düşünmeýän ýeriň üçin, sözlük gözlemegiňem geregi ýok.

Ähli tilsimleri durmuşyňyza ornaşdyryň

Lids uniwersitetiniň Diller, medeniýetler we jemgyýetler mekdebiniň müdiri Caroline Campbell bolsa, bütin bu aýdylanlary iň ýokary perdeden jemleýär.

Onuň ýazmagyna görä, daşary ýurt dilini öwrenmek üçin, bar bolan ähli tilsimleri gündelik durmuşyňyz bilen utgaşdyryp özleşdirmelisiňiz.

Daşary ýurt dilini öwrenmek üçin günde belli sagatlarda ýörite wagt aýyryp bileris, emma adamyň zehini adaty kadasynda dowam etmelidir.

Şol bir wagtyň özünde habarlara gulak asyň, telekanallara tomaşa ediň, nahar taýýarlaň we dili iş ýüzünde öwreniň. Şeýlelikde, iň çalt görnüşde dil öwrenersiňiz.

Roger Moore we aktrisalar Traci Bingham (çepde), Eva Halina Kann kinofestiwalynda 1999-njy ýyl.
Roger Moore we aktrisalar Traci Bingham (çepde), Eva Halina Kann kinofestiwalynda 1999-njy ýyl.

Häzir şol ‘agentlerden’ biri aradan çykypdyr. Ýöne, James Bond ebedidir...

"James Bond" kinofilmleriniň baş gahrymanynyň "üçünji inkarnasiýasyny" oýnan Roger Moore 80 ýyllyk sahna durmuşyndan soň dünýäsini täzeläpdir.

Onuň çagalarynyň habar bermegine görä, aktýor "uçran rak keseli sebäpli gysga wagtda aradan çykypdyr".

Moore "James Bond" kinofilmlerinden daşaryn "Mukaddes" (The Saint) we "Öjükdirijiler" (The Persuaders) teleseriallarynda surata düşüpdi.

Roger Moore 12 ýylda 6 sany "James Bond" kinosyna surata düşdi
Roger Moore 12 ýylda 6 sany "James Bond" kinosyna surata düşdi

Aktýor ömrüniň aglaba bölegini ynsanperwer işlerine gönükdiripdi. Ol 1991-nji ýylda UNİCEF-iň hoşmeýilli ilçisi saýlanypdy.

1927-nji ýylda Londonda dünýä inen Roger Moore ilki başda model hökmünde işe başlapdy. Ondan soň "MGM" firmasy bilen 7 ýyllyk şertnama baglanyşypdy.

Moore 1950-nji ýyllarda "Ýarty galan mukam" (Interruped Melody) we "Şanyň ogrusy" (The King’s Thief) atly kinofilmlerde oýnapdy.

Moore 2014-nji ýylda "The Guardian" gazietine beren interwýusynda: "Aktýorlygymyň ilkinji ýyllarynda maňa bagtyň çüwmegi üçin, aktýor edil öz oýnaýan rollary ýaly ukyply, abraýly hem bagtly bolmaly diýýärdiler. Emme men häzir şeýle pikir bilem ylalaşmaýaryn. Meniň bagtym ýüzden 99 göterim çüwdi. Ukybyň bolanda näme, eger pursadynda we wagtynda ulanyp bilmeseň?.."

Oňa meşhur James Bondy oýnamak ilkinji gezek teklip edilende, muňa teleseriallarda oýnan rollary päsgel beripdir.

Moore ol roly ahyrynda 1973-nji ýylda, Connery “James Bond" bolmakdan ýüz öwrensoň kabul edipdir.

Aktýor, şeýlelikde, Britaniýanyň "007 belgili agentini" yzly yzyna 6 ýyl jemi 12 kinofilmde oýnapdyr. Moore 1985-nji ýylda Bond rolundan aýrylan mahaly 58 ýaşynda ekeni.

Ema, haýp, onuň wagty geçipdi

Ahyrky gezek Bond ýaly - "Öldürmäge syn" kinofilmi (1984)
Ahyrky gezek Bond ýaly - "Öldürmäge syn" kinofilmi (1984)

"Adamlar henizem maňa ‘jenap Bond’ diýip ýüzlenýärler. Bu meni ynjytmaýar. Näme üçin biynjalyk etsin, şeýle dälmi?" merhum Moor diýer ekeni.

Ol James Bond rolundan soň käýarym kinofilme surata düşüpdir. Ol köplenç haýyr-sahawat işleri bilen gümra bolupdy. Şa zenan 2003-nji ýylda "Göreşçi" nyşanyny hem oňa alyp barýan şol haýyr-sahawat hem ynsanperwerlik tagallalary üçin beripdi.

Kimiň iň gowy James Bond bolandygy soralan mahaly ol hemişe "Sean Connery" diýip jogap berer ekeni. Ýöne ol soň 2012-nji ýylda öz pikrini üýtgedip “Daniel Craig” diýipdir. Ol özüne gezek gelende bolsa şeýle diýipdir: "Adam ýa arkaýyn, ýa-da azap çekip garraýar. Mende olaryň ikisem boldy".

Ýene-de ýükle

XS
SM
MD
LG