Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Çeşmeler

Illýustrasiýa
Illýustrasiýa

"Kämahal bir aýdym adamy durşy bilen jadylap, özüne bendi edýär. Soň ol adamyň aňynda ýaňlanyp, gaýtalanyp durýar. Emma aradan belli wagt geçensoň, hamala, ýüregiňe jüňk bolan iň gowy aýdym däl ýaly duýulmaga başlaýar".

"Independendt" gazetinde durmuş meseleleri barasynda makala ýazýan Kaşmira Ganderiň bu temadan ýazan makalasynda aýdylşyna görä "ahyrynda iň gowy aýdym hem diňläp-diňläp ahyrynda öldürýän ajaýyp aýdymlarymyzyň uzyn sanawyma goşulýar".

Eýsem beýleki tarapdan, haýsam bolsa bir aýdymyň ruhuňy gurşap almagyna sebäp bolýan ýagdaý näme? Munyň sebäbini anyk bilýän ýok. Ýöne muşdaklyk bilen baglanşykly käbir garaýyşlar bar.

Newroalymlaryň aýtmagyna görä, özüne bendi edýän aýdymy diňleýän mahalymyz beýnimiz täsir taýdan iki tapgyry başdan geçirýär.

Owaly bilen beýnimizde gurlan bir duýgy gowy aýdymyň iň ýakymly bölegini aňa "ýazyp alýar", şonda beýnidäki mukama duýgur bölek ýaňky aýdymyň böleginiň täsirinde galyp endorfinleri herekete geçirýär.

Endorfinler lezzet bilen arabaglanyşykly madda hasap edilýär. Ýöne şeýle bir ýagdaý ýüze çykýar, ýagny iň gowy aýdymy gaýta-gaýta diňlemegi dowam eden wagtymyz beýniniň endorfin hereketi hem azalmaga başlaýar.

Britaniýadaky Şeffild uniwersitetinden mukam psihologiýasynyň professory Maýkl Bonşoryň aýtmagyna görä, munuň sebäbi hut mukamyň özenidir. Onuň pikrine görä, her bir täzelik ýaly täze bir aýdym hem belli wagt geçensoň, könelýär we öz täsirini ýitirýär.

Beýleki tarapdan, ýene bir esasy täsir bolsa aýdymyň nä derejede ýakymly bolmagy bilen arabaglanyşyklydyr. Içinde köp görnüşli owazlary bolan söýgi hakdaky mukamlar adamyň beýnine has köp täsir edip, ony has güýçli gyjyndyrýar we her gezeginde beýnä gaty güýçli basyş edýär.

Alymyň pikirine görä, şeýle mukamlary wagtyň geçmegi bilen has köp halap başlaýarys we hut munyň üçinem söýgi hakdaky aýdymlar uzak wagtlap, iň gowy aýdym bolup galýar. Ýönekeý aýdymlar üçin bolsa munuň tersi bolýar.

Alym Boshner Queen tarapyndan taýýarlanan "Bohemian Rhapsody" mukamyny mysal getirmek bilen 6 minuta çekýän ol mukamda garmonik, ritmik we wokal görnüşleriniň diýseň baýdygyna üns çekýär.

Professor ol mukamyň ilkinji gezek diňlenen mahaly garaşylmadyk ýagdaýda, adamda diýseň güýçli täsir galdyrýandygyny nygtap, 40 ýyldan soňam onyň öz ýörgünliligini goraýandygyny aýdýar.

Ol mukam kyrk ýylyň dowamynda ençeme gezek toý-dabaralaryň saýlama aýdymlarynyň iň ýokarky orunlaryny eýelemegi başarypdyr. Munyň sebäbi bolsa, onuň çylşyrymly mukamynyň her gezekde düýpgöter başgaça täsir galdyrmagydyr.

Alym munyň durşy bilen tersini görkezýän aýdymlara mysal höküminde Ýewrowizon bäsleşiginde ýeňiş gazanan aýdymlara ünsi çekýär.

Ol aýdymlar ýönekeý hem gurluş taýdanam ýüzleý görnüşe eýe bolany sebäpli, gysga wagtda şan-şöhrata eýe bolup, edil şolar ýaly kän wagt geçmänkä-de ýatdan çykyp gidýär.

"WannaCry" wirusy 150 ýurtda 200 müňden köp "Windows" kompýuterini petikledi.
"WannaCry" wirusy 150 ýurtda 200 müňden köp "Windows" kompýuterini petikledi.

12-nji maýda soňky ýyllaryň iň giň gerimli wirusy dünýäni özüne ünsi çekdi. "WannaCry" (WannaCrypt) wirusy 150 ýurtda 200 müňden köp "Windows" kompýuterini petikledi. Zyýan çekenleriň arasynda Russiýanyň daşary işler ministrligi, Britaniýanyň keselhanalary, Britaniýanyň milli saglygy saklaýyş gullugy, Ispaniýanyň iň uly mobil aragatnaşyk operatory, ABŞ-da ýerleşýän "FedEx" ýük daşaýan firmasy, Fransiýanyň awtoulag öndürýän "Renault" firmasy we başga-da dünýäniň köp sanly guramadyr edarasy bar.

Wirusyň ýaýrawy we tizligi diýseň çalt depginli bolsa-da, onuň işleýiş mehanizmi ençeme ýyldan bäri hemmelere mälimdir: zyýanly gorag programmalary ony ulanýanlaryň esbaplaryny zaýalap, olary gaýtadan dikeltmek isleýänlerden töleg talap edýärler. Olar tölegi köplenç "anonim walýuta" hasaplanýan bitkoýnlar görnüşinde isleýärler.

“Europol” kiberjenaýat merkeziniň bildirmegine görä, häzirki hüjümiň täsiri henize çenli görlüp-eşidilmedik derejä ýetipdir.

"Ygtyýarly" wiruslar

Kompýuter programmalarynyň howpsuzlygy barasynda kämilleşen "Symantec" atly tanymal firma özüniň geçen ýylky hasabatynda, töleg talap edýän wiruslaryň owaldan bäri bardygyny belläp, ýöne indi olaryň hasam "kämilleşendigini" we ýetirýän zyýanynyň çäginiň ýokarlanandygyny bildirýär.

Ady agzalýan wirus kompýuteriňizdäki esbaplaryňyzy petiklän bolsa näme etmeli? Hünärmenlere häzirlikçe "WannaCry" wirusyna ýolugyp petiklenen maglumatlaryň açaryny tapmak başartmaýar. "Kaspersky" laboratoriýasy atly wirus howpsuzlygy firmasy ulanyjylara ynamdar bolmaýan gara bazardaky "gulplary açýan" programmalary ulanmagy maslahat bermeýär. Firma olaryň soň hemme zady petikläýmeginiň mümkindigini ýatladýar. Çäresiz ýagdaýa düşen adamlar wirusly hüjümçilere 50 müň dollardan köp pul tölemeli bolupdyrlar. Ýöne ondan soň olaryň öz şahsy maglumatlaryny gaýtaryp alyp-almandygy belli däl. Bilermenler bolsa jenaýatkärlere pul tölenmezligini maslahat berýärler.

Howpsuzlyk programmalaryny çalyşyň

Kiberhowpsuzlyk hünärmenleri "WannaCry" wirusy ýokuşmaz ýaly, iň gowusy howpsuzlyk programmalaryny çalyşmalydygyny maslahat berýärler. Meselem, jenaýatkär hakerleriň peýdalanýan problemasyny "Microsoft" mart aýynda doly çözüpdir. Hünärmenler wirusdan goraýan programmalar we "firewall" programmalary babatda "Microsoft" tarapyndan maslahat berilýänleri ulanmagy ündeýärler. Munuň ýanynda, elbetde, komptuýetiň ulgamy hem hemişe täze görnüşe eýe bolmalydyr.

Maglumatlaryňyz başga wiruslar tarapyndan petiklenen bolsa, onda olaryň halas edilmegi mümkindir. Hünärmenler köne, ýagny häzirki wagtda hiç hili goldaw almaýan kompýuter ulgamlaryny ulanýanlaryň has köp howp astyndadygyny nygtaýarlar. Mälim bolşuna görä, "Microsoft" tarapyndan goldanmaýan köne kompýuter ulgamlaryny häzirki döwürde ulanýanlar diýseň köp. Meselem, 2014-nji ýylda "Microsoft" mundan beýläk XP ulgamynyň goldanmajagyny yglan edenem bolsa, ABŞ-da köpsanly ýangyç we elektrik energiýasy firmasy şol köne ulgamy ulanmagy dowam edýändigi mälim boldy.

Maslahatlar

Kompýuter howpsuzlygy boýunça tanymal hünärmen Brian Krebs nomoreransom.org sahypasyndaky hyzmatdan peýdalanylmagyny maslahat berýär. Bu maksatnama wirusdan goraýan firmalar we resmi edaradyr guramalar bilen bilelikde, şol bir wagtyň özünde “Europol” kiberjenaýata garşy göreş merkezi tarapyndan hem goldanýar.

Maksatnamanyň internet sahypasynda käbir wiruslaryň petiklän maglumatlarynyň açarlaryny öz içine alýan gollanmalary tapmak mümkin. Ondan daşary-da, öz kompýuteriňizdäki petiklenen maglumatlary ol ýerdäki hünärmenlere iberip bilersiňiz. Olar şol petiklenen maglumaty açmak üçin, edilen synanşyklaryň netijesini soň size bildirýärler.

B. Krebs şeýle-de bleepingcomputer.com internet sahypasynyň forumyndan peýdalanmagy maslahat berýär. Ol forumda kompýuter we kiberhowpsuzlyk muşdaklary birek-biregine petiklenen maglumatlary açmagyň tilsimlerini tapmaga kömek edýärler.

Jemleýji höküminde köp adamyň ünsden düşürýän üç sany ýönekeýje, ýöne diýseň wajyp maslahadyny siziň bilen paýlaşmak isleýäris:

- Hemişe iň zerur maglumatlaryňyzyň birnäçe nusgasyny taýýarlap, saklaň. Suratlary kompýuterde däl-de, başga ýerlerde aýratynlykda saklamak maslahat berilýär. Munyň üçin internetdäki "back-up" üçin göz öňünde tutulan "bulut" saklama hyzmatyndan hem peýdalanmak bolar.

- Hemişe kompýuteriňiziň ulgamyny we esasy programmalaryny täzeläp duruň.

- Hatda tanyşlaryňyzdan gelenem bolsa, islenmeýän maglumatlary hiç wagt açmaň.

Ýene-de ýükle

XS
SM
MD
LG