Bangladeşde, 1971-nji ýylda Pakistan bilen aradaky bolan garaşsyzlyk ugrundaky uruşda gyrgynçylyk etmekde we beýleki käbir jenaýatlarda aýyplanyp, Motiur Rahman Nyzamy ölüm jezasyna höküm edildi.
Azerbaýjanyň katolik ybadathanasynyň wekili Wladimir Feketäniň pikiriçe, papanyň gomoseksuallar bilen baglanyşykly çykyşy buthananyň bar bolan ýörelgesi babatdaky garaýşyň üýtgändigini aňlatmaýar.
Eýranyň täze mejlisinde aýal-gyzlar ruhanylardan köp bolar. Bu ýagdaýa 1979-njy ýylda bolan Eýran yslam öwrülşiginden bäri deňi-taýy bolmadyk bir hadysa hökmünde baha berilýär.
Gyrgyzystanyň mejlisi anna günleri ýurtda günortanky arakesmäniň wagtyny iki sagada çenli uzatmak barada kanun taslamasyny ara alyp maslahatlaşmaga taýýarlanýar.
Ökde balerina Stephanie Kurlow sahnada çykyş edeninden soň özüni ýazgarýan hatlar alýandygyny aýdýar.
"Hristian, ýagny haçparaz gürjüler üçin gonamçylykda, merhum depin edilende öleniň ruhuna saglyk diläp alkagolly içgi içmek hormat hasaplanýan bolsa, bu musulmançylykda mazara hormatsyzlyk hasaplanýar".
Gyrgyzystanda ruhany erkek adamlardan din barasynda maslahat soraýan musulman zenanlaryň sany barha köpelýär.
Nýu Jerside musulmanlaryň täze metjit salmak barada beren arzasy ret edildi.
"Interfaks" habar gullugy, Stawrapol sebitiniň müftüsi Muhammad Rahimowuň köp aýallylygyň Russiýanyň demografiýa problemalaryndan halas bolmagyna kömek edip biljekdigine üns çekendigini habar berýär.
Nižni Nowgorod ýeparhiýasynyň bir firma 300 müň rubl bergisi bar. Ýöne dini dolanşygyň bu bergisini tölemäge gurby çatmaýar. Kazyýet bolsa, pul bergisiniň doga bilen üzlüşmegine rugsat beripdir.
Gyrgyzystanda yaş estrada aýdymçylarynyň algaba köpçüligi namaz okaýarlar. Hat-da olaryň käbiri yslama ters hasaplap sahna çykmagy goýbolsun edipdir.
Özbegistanyň Jyzak etrabynyň 1-nji kazyýetinde Aramais Awakýanyň sud işine garamak maksady bilen nobatdaky jemlenişik geçirildi. Ol yslam ekstremizmi we Özbegistanyň kanuny döwlet esaslaryny üýtgetmäge synanyşmak ýaly gaty agyr jenaýatlarda aýyplanýar.
Ýene-de ýükle