Özbegistanyň paýtagty Daşkendiň şäher kazyýetinde jenaýat işi boýunça dört adam salafit bolanlykda aýyplanyp, sud edilýär.
Özbegistanyň adam hukuklaryny goraýan bitarap inisiatiwa toparynyň ýurtdaky adam hukuklarynyň 2015-nji ýyldaky ýagdaýy barasyndaky hasabatyna görä, Özbegistanyň tussaghanalarynda 12 müň 800 sany din sebäpli tussag edilen bendiler bar.
Azatlyk Radiosynyň Özbek gullugy bilen habarlaşan , emma adyny aýtmakdan saklanan Russiýada zähmet migranty bolup ýören bir özbek raýatynyň aýtmagyna görä, golaýda Russiýadan öýüne dolanan Fergana welaýatynyň Sohs etrabynyň alty sany ýaşaýjysy edil häzir tussaglykda saklanýar.
CNN.com atly internet sahypasynyň ýazmagyna görä, amerikan gylyç sportçusy Ibtihaj Muhammad häzire çenli Olimpiada medalyny gazanmandyr, ýöne ol indi taryh ýazmaga başlapdyr.
Satelitden düşürilen suratlarda aýan bolşuna görä, Mosul şäherindäki haçparazlaryň 1400 ýyllyk gadymy monastyry "Yslam Döwleti" toparynyň basyp almagyndan birnäçe aý soňra ýer bilen ýegsan edilipdir.
"Guardian" gazetiniň ýazmagyna görä, Angliýada bir harpy nädogry ýazan 10 ýaşyndaky bir musulman mekdep okuwçysy terrorçylar bilen arabaglanyşyk saklamakda güman edilip, polisiýa tarapyndan soraga çekildi.
"Yslam döwleti" diýilýän terrorçylykly gurama degişli internet sahypasynyň Günbatar metbugatynda "Jyhatçy John" lakamy bilen tanalýan adam barasynda duýgudaşlyk ýatlamasynyň çap edilendigi aýdylýar.
Watikan Allanyň karrikaturasyny çekendigi sebäpli Fransiýanyň “Charlie Hebdo” žurnalyny tankytlady. Žurnalyň ýüzünde egninde "Kalaşnikow" kysymly tüpeň asylgy we üsti-başy gana boýalan Allanyň karikaturasy neşir edilipdi.
Siriýanyň oppozisiýa toparlarynyň tassyklamagyna görä, "YD" toparyna goşulan wagşy topalaňlaryň biriniň agzasy bolan bir söweşiji öz ejesini halkyň öňüne çykaryp, oňa ölüm jezasyny beripdir.
Eýranyň milli ýygyndy futbol toparynyň oýunçysy, 29 ýaşyndaky derwezeçi Sosha Makani 4-nji ýanwarda tussag edildi. Onuň birnäçe hyjapsyz zenan bilen düşen suratlaryny sosial ulgamda çap edendigi aýdylýar.
Amerikan kinorežissýory Maýkl Mur (Michael Moore), Donald Trumpuň musulmanlar baradaky pikiri bilen baglanyşykly bir tankydly makala ýazdy. Ol bu makalasyny Facebook sosial ulgamynda ýaýratdy.
Daşkendiň halkara aeroportunda ekstremistik "YD" topary bilen arabaglanyşygy bolanlary saýlap alýan ýörite topar işe başlapdyr. "IGIL-kontrol" diýip atlandyrylan topar, ýolagçylar bilen söhbetdeşlik geçirýär.
Ýene-de ýükle