Google gözleg hyzmatyndan söz ýa-da ses arkaly edilen gözlegleriň netijelerini görmäge mümkinçilik döredýän "Google Trends" ulgamynyň görkezijilerine görä, Orlandoda bolan hüjümden soň ol ýerde musulmanlara garşy edilýän gözlegleriň sany hasam ýokarlandy.
Özbegistanyň Buhara şäherinde "Buhara" we "Nawbahrom" futbol toparlarynyň arasynda bolan dostluk duşuşygyna stadionda tomaşa etmäge sakgally adamlary goýbermändirler.
Fransiýada musulman restoranynda işleýän bir işgär orazada alkagolly içgi paýlaýandygy üçin ýenjilipdir.
Oraza aýy bütin dünýäde musulmanlaryň agyz bekleýän aýy. Ankara uniwersitetinden teologiýa, ýagny hudawy ylymlaryň professory Mustafa Aşkar "TRT1" döwlet telekanalyna interwýu berýär.
ABŞ-nyň Wiskonsin ştatynda 15 musulman işçini dini sebäpden işden kowdy diýip aýyplanýan firma garşy raýatlyk hak-hukuklaryny bozandygy öňe sürlüp, federal derejede arz-şikaýat taýýarlandy.
Ymamyň aýtmagyna görä, täze salynjak ybadat jaýy tapawutly medeniýetleriň biri-birini gowy öwrenjek ýeri bolar. Germaniýanyň Berlin şäherinde dünýädäki ilkinji umumy ybadat jaýynyň salynmagy üçin taýýarlyklara başlandy.
Gyrgyzystanda barly araplar bir gijelik nika ýykgyn edýärler. Şerigatyň kanunlaryny pozman bir zenan bilen bilelikde wagt geçirmegiň möhledi näçe?
Tutuş Sawud Arabystan şalygynda ýylyň dowamynda bazarlarda durgunlyk höküm sürenem bolsa, oraza aýynyň öňüsyrasynda ylaýta-da Mekge we Medine şäherlerinde bahalar galmaga başlapdyr.
Şweýsariýanyň magaryf resmileriniň kabul eden kararyna görä, şweýsariýaly mugallymalar bilen elleşmekden saklanan musulman okuwçylaryň ene-atalary 5000 müň dollar jerime tölemeli bolarlar.
"Arsenal" futbol klubunyň türk ýarymgoragçysy Mesut Özdil Ýewropa futbol bäsleşiginden öň dynç alşa çykyp, Mekgä zyýarata bardy.
”Waşington Post” gazetiniň ýazmagyna görä, suduň kararynda 37 ýaşly Gill Parker Paýn diýen amerikalynyň bir musulman aýalyň öz dini ynanjyny erkin berjaý etmek hukugyny bozanlykda günäkärläp, oňa bu sebäpden 100 müň dollar jerime garaşýandygy aýan edilýär.
Eýran bu ýyl öz raýatlarynyň haç zyýaraty üçin Saud Arabystanyna gitmejekdigini mälim etdi. Habarçylaryň ýazmagyna görä, geçen ýylky haç zyýaratynda 2426 adamyň heläk bolan pajygasyndan soň iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklar barha dartgynlaşmagyny dowam edýär.
Ýene-de ýükle