Rim papasy Fransisiň gomoseksuallara we maşgalasyndan aýrylyşyp, gaýtadan nikalaşmak isleýänlere has oňaýly garaýyşlary öz içine alýan görnüşde çykyş etmek teklibi Sinod tarapyndan ret edilipdir.
Yrak mejlisindäki ýezitlerden bolan ýeke-täk zenan halk wekiliniň aýtmagyna görä, “Yslam döwletiniň” (YD) ýaragly topary ýezit dinine uýýan zenanlary ogurlaýarlar, zorlaýarlar we satýarlar.
Musulmanlar dünýä ilatynyň takmynan dörtden bir bölegini emele getirýärler. Emma Nobel baýragy berilmäge başlanan wagty bolan 1901-nji ýyldan bäri olaryň arasyndan bary-ýogy 11 adam bu belent Halkara baýragyna mynasyp bolupdyr.
1960-njy ýyllardan tapawutlylykda häzirki döwürde Mekgä zyýarata gidýänler yslamyň iň mukaddes şäherinde onuň taryhyny görüp bilmeýärler. Şeýle garaýşy alym we ýazyjy Ziýauddin Sardar öz makalasynda ýazypdyr.
Antidefamasiýa ligasy (ADL) guramasy bütin dünýäde ýewreýlere ýa-da musaýylara garşy garaýyşlar babatda geçirilen henize çenli deňi-taýy bolmadyk pikir soralyşygynyň netijelerini aýan etdi.
Eger-de "Yslam döwleti” topary Owganystana ornaşsa, onda onuň soňy bilen Türkmenistana hüjüm edip biljekdigi aýdylýar. Azatlyk Radiosy bu pikire ýykgyn edýän ekspert bilen söhbet geçirdi.
2-nji oktýabrdan başlan haj zyýaratynyň bu ýyl howply taraplary hem bar. Iki milliona golaý musulman 5 günlük haj ybadatyny berjaý etmek üçin Mekgä gelýär we dünýäde şeýle köp adamyň gysga wagtyň içinde bileleşip edýän iň uly zyýaratyny amala aşyrýar.
Ýakynda Täjigistanyň baş müftisi, prezident Emomali Rahmonyň tankytçylaryna garşy fetwa ýayratdy. Baş müfti Seýidmükerrem Abdylkadyrzadanyň 27-nji sentýabrda ýayradan fetwasyna görä, “häkimiýeti tankyt etmeklik uly güna diýilip hasaplanar”.
«Yslam döwleti» ekstremist topary Owganystana we Pakistana hem ýaýraýarmy? Regiondaky jeňçileriň käbiriniň bu guramanyň ýolbaşçylaryna kasam kabul etmegi bilen, şeýle mümkinçilik ýokarlanýan ýaly görünýär.
Türkiýäniň Giresun welaýatynyň Göreli etrabynyň müftüsi Enwer Türkmen şeýle diýýär: "Käbir adamlaryň öz goňşularynyň ulanýan wi-fi, ýagny kabelsiz internet hyzmatdyndan birugsat peýdalanmagy haramdyr".
Türkmenistanyň prezidenti haja gitmegi üçin 188 zyýaratçyny Saud Arabystany patyşalygyna ýollamak baradaky buýruga gol çekdi. Emma, ýurtda adamlaryň haja gitmek mümkinçilikleriniň çäklidigi aýdylýar.
Ýene-de ýükle