Golaýda "Yslam döwleti" topary Yrakda basyp alan sebitlerinde bir asyr mundan owal aýrylan halyfaty täzeden dikeldendigini bildirdi we täze halyfyň kimdigini açyklady. Aslynda "Yslam döwleti" toparynyň baştutany bolan Ebu Bekir Al-Bagdady kimkä?
"Olaryň gowy ýaşaýyş şertleri we azyk, eşik almak üçin ýeterlik pullary bar. Olar täzeje «Taýotalary» münýärler... Onsoň olar diňe uruş hakynda pikir edýärler."
"YD" söweşijileriniň amerikan žurnalistleriniň kellesini kesip öldürişi baradaky materiallary ýaýratmagy dünýäniň dürli künjeklerinde ýaşaýan musulmanlary ynjalyksyzlandyrdy.
2010-njy ýyldan bäri Ýakyn Gündogarda, Afrikada we Owganystanda zamun alnan amerikaly žurnalistler, ynsanperwerlik guramalarynyň işgärleri ýa-da ýewropalylar bilen çalşyylmak islenýän hem ýene şol 42 ýaşyndaky Syddyky boldy.
Azerbaýjanly Togrul mundan ýedi ýyl owal hiç ýerde işlänokdy. Wagtyny iýgi-içgi bilen geçirip, ene-atasynyň hasabyna ýaşar ýörerdi. Ol öýlerine golaýrakda goňşuçylykda ýaşaýan Nataliýa atly bir rus gyzy bilen gezýär ekeni.
Somalide "Hizbul Yslam" atly ýaragly topar bu hepde Mogadişide erkek adamlaryň sakgal goýbermegi we murtlaryny bolsa seýreldibräk, kelte görnüşde goýmaklary barada buýruk çykarypdyr.
“Yrak we Lewant yslam döwleti” topary Siriýa we Yrakda basyp alan ýerlerinde özleriniň “halyfat”, ýagny yslam döwletini gurandyklaryny yglan etdiler. Biz munuň taryhy ähmiýetine giňişleýin syn etdik.
2014-nji ýylyň aýagyna Halkara güýçleriň Owganystandan çekilmegi bilen “Özbegistanyň Yslam hereketi” Orta Aziýa üçin nähili howp döredip biler? Olary demirgazyk Owganystana getirýän zat näme?
Nigeriýaly mekdep okuwçysy gyzlaryň köpçülikleýin ogurlanmagy bütin dünýäde gahar-gazap döretdi. Olaryň ogurlanmagynyň jogapkärçiligini “Boko haram” atly yslamçy topar öz üstüne aldy.
“Al-Kaýda” terrorist topary indi ozalkysyndan has üýtgedi. Onuň ewolýusiýany başdan geçiren häzirki keşbini “Al-Kaýdanyň” ikinji wersiýasy diýip atlandyrsa hem bolar.
Yslam bank ulgamy ilkinji gezek 1970-nji ýyllarda aýlag döwletlerinde ýola goýlanda onuň müşderileriniň ählisi diýen ýaly dindar musulmanlardan durýardy.