Terrorçylaryň täze ýaragy diňe "kalaşnikow" däl, eýsem poeziýadyr.
Siriýada çagalaryň garşysyna edilýän zorluklar köpelýär diýip, BMG-niň Baş sekretarynyň ynsanperwerçilik we adatdan daşary ýagdaýlardaky kömek işleri boýunça ornubasary Waleriý Amos duýdurdy.
Metronyň içinde bir ýaş gyz Britaniýanyň "Little Mix" estrada toparynyň aýdymynyň sazyna, hut serden geçip, tans edýär. Eger bu hadysa Eýranda bolmadyk bolsady, onda ol görenlerde edil bular ýaly uly seslenme döretmezdi.
Iki çagaly, 30 ýaşyndaky kürt aýal söweşmäge gidipdir. Kürtleriň "Peşmerge" atly söweşijileriniň arasynda aýallar näme üçin beýle köpkä?
Gazagystanyň aňtaw agentligi Yrakda we Siriýada gazak milletinden bolan 300 çemesi adamyň “Yslam döwleti” atly ýaragly toparyň düzüminde söweşýändigini, olaryň ýarpysynyň hem aýal-gyzlardygyny çak edýär.
Türkiýeden “Yslam döwleti” ýaragly toparyna 1000 adam goşulypdyr. Olaryň arasynda döwlet işgärleri, studentler, telekeçiler bar. Pakistanda medresede jyhat öwredýärler.
Soňky döwür Pakistandaky, Owganystanyň demirgazygyndaky, Yrakdaky we Siriýadaky jeňçi toparlaryň arasynda merkezi aziýaly söweşijileriň sanynyň artýandygy baradaky pikirler eşidilýär.
Eýranyň harbylara golaý durýan berk liniýaly habar agentliginiň çap eden we şaýy musulmanlarynyň Aşura baýramçylygynda 4-nji noýabrda okalandygy aýdylýan beýannamasynda ABŞ-nyň “henizem uly şeýtandygy” nygtalýar.
Asly eýranly we Britaniýada ýaşaýan zenan Gonçe Gawami bir ýyl azatlykdan mahrum edildi. Bu barada onuň hukuklaryna wekilçilik edýän adam habar berdi.
Esasan özbeklerden düzülen “Katibat al-Imam Bukhari” toparynyň merkezi aziýaly söweşijileri “Yslam döwletine” we onuň lideri Abu Bakr al-Bagdada wepaly boljagyny wada berdiler.
Siriýanyň Kobani şäherindäki “Yslam döwletiniň” çeçen söweşijileri Ýewropadaky çeçenlere ýüzlenip, olary Siriýadaky söweşlere gatnaşmaga ýa-da Ýewropada terrorçylykly hereketleri amala aşyrmaga ündeýärler.
Süheýla Jowrkeş ejesiniň telefonyna jogap bermek üçin maşynyny saklan mahaly hüjüme duçar bolupdyr. Bu hüjüm netijesinde onuň sag gözi ymykly kör bolup, çep gözi uly zyýan çekipdir, maňlaýy, elleri we aýaklary bolsa kislotadan ýanypdyr.
Ýene-de ýükle