Ilatynyň aglaba köpçüligi musulman bolan Täjigistanda ilkinji onlaýn seks dükany işe başlady. Dükan dürli görnüşdäki seks oýunjaklaryny birnäçe sagadyň dowamynda alyja ýetirmegä wada berýär.
Terrorçylaryň düşelgesinde harby türgenleşikden geçýän intäk on ýaşyna ýetmedik bir çaganyň 34 sekuntlyk wideosyna seredýänleriň depesinden gaýnan suw guýlan ýaly bolýar.
Hyjabyň aýal adamynyň bedenini doly ýapýan "burka" we geýeniňde diňe gözleriň görünýän "nikap" ýaly görnüşleri Ýewropada uly jedellere sebäp bolýar. Jedeller dürli temalar bilen baglanşykly.
Täjigistanyň Şahritus etrabynyň ýaşaýjysy bolan bir ýaş zenan, Siriýadan öz adamsyna ýüzlenme iberip, eger ýurduna dolanyp bilmese, jeňçileriň özüni "janyndan geçen hüjümçä" öwürjekdigini habar berýär.
Her ýyl iki milliona golaý adam haja gidýär. Golaýda haç zyýaratyna baran ýedi ýüzden köpräk adamynyň heläk bolmagyna bimany basa-baslygyň sebäp bolandygy äşgär edildi.
1987-nji ýylyň iýul aýynda eýranly haç zyýaratçylary Saud Arabystanynyň polisiýasy bilen dawalaşyp, çaknyşypdyr we munuň netijesinde 400 sany eýranly haj zyýaratçysy ölüpdir.
Täjigistanyň paýtagty Duşenbäniň şäher kazyýeti, bir aýaly 11 ýaşyndaky gyzjagazyny Hytaýdan bolan bir uly ýaşly adama durmuşa çykarmakda aýyplap, 29 ýyl 8 aý azatlykdan mahrum etdi.
Inguşystanyň baştutany soňky üç aýda indi ikinji gezek respublikanyň müftüsi bilen meşhur wagyz-nesihatçy Hamzat Çumakowyň tarapdarlarynyň arasynda dörän dartgynlylygy aradan aýyrmaga synanyşýar.
Özbek hökümeti toýlarda wals tansynyň edilmegine, olaryň soň suratlar görnüşinde toý albomyna öwrülmegine garşy çykyş edýär. Munuň halkyň däp-dessurlaryna we dünýägaraýşyna ters düşýändigi nygtalýar.
“Talyban” hereketi janyndan geçen bir özbegiň ömrüniň soňky pursadyny görkezýän wideo ýaýratdy. Siriýaniň Idlib welaýatynda bolup geçýän uruşlar bilen baglanyşykly bir wideo internetde goýlupdyr.
Özbekleriň näçesiniň Siriýada YD-e ýa-da beýleki jeňçi toparlara goşulandygy takyk bilinmeýär. Bu ugurdan köpsanly resmiler we synçylar tarapyndan birnäçe tapawutly sanlar öňe sürülýär.
Tanymal azeri aklawçysy: "Mundan beýläk hiç kim Azerbaýjanda bitarap, garaşsyz we adalatly sud bar" diýse, ynha, baş üstüne, ýazanymy tankyt edip, nädogrudygynam subut etsin!" diýdi.
Ýene-de ýükle