Owganystanyň dürli sebitlerindäki owgan resmileriniň aýtmagyna görä, özüni “Yslam kommandos” diýip atlandyrýan täze terror guramasy ol ýerlerde eýýäm hereket edip başlapdyr.
Täjigistanyň konserwatiw Çorkuh obasynda indi ençeme ýyl bäri toýlarda aýdym-saz edilmän, onuň deregine köplenç mollalar tarapyndan yslam dinine degişli öwüt-ündewler, ýazgylar okalýar.
Daşkendiň "Tuhtaboý" atly uly metjidiniň täze ymamy Isokjon Begmatow geçen hepdeki juma namazynda metjide gelenleriň öňünde eden wagzynda Internet bilen mobil telefonyň "dildüwşük" bolup durýandygyny öňe sürdi.
Türkler rus kitaphanasyndan türk edebiýatynyň tapylgysyz eserlerini tapypdyrlar. Russiýanyň döwlet kitaphanasy 1828-nji ýylda açylypdyr we türk edebiýatynyň ilkinji eserleri kitaphana şol bada goşulypdyr.
Tanymal sünni alymlary Tährany Muhammet pygamberiň durmuşyna bagyşlanan täze filmi gadagan etmäge çagyrýarlar. Bu kino 27-nji awgustda ekrana çykdy we rekord girdeji getirmegine garaşylýar.
Atin etrabynyň ymamy şu wagta çenli sosial ulgamlar bilen hiç hili gyzyklanmandyr. Ol sosial ulgamlar barada Gyrgyzystan bilen sebitde bolup geçýän ýagdaýlar babatdaky teleýaýlym habarlarynda eşidipdir.
Lenkoranyň ýaşaýjysy, hukukçy Sadreddin Kazymow özüniň Facebook sosial ulgamyndaky sahypasynda şeýle ýazypdyr: "Bu gün gaty geň bir ýagdaýa şaýat boldum.
Owgan ruhanylary geçen hepde bombaly ýük ulagy bilen Kabulyň Şah Şahid etrabyna edilen hüjümde 15 adamyň ölüp, dört ýüze golaý adamyň hem ýaralanan ýerine üýşüp, soňky wagtlarda Owganystanyň paýtagtyna yzygiderli gurnalýan şeýle hüjümlere garşylyk hökmünde Pakistanyň garşysyna jyhat yglan etdiler.
Täjigistanyň hukuk goraýjy organlary hökümetiň alyp baran işjeň garşylykly propagandasynyň netijesinde ýaşlaryň "YD"-e goşulmagynyň soňky aýlarda görnetin azalandygyny tassyklaýarlar.
Internetde Özbegistanyň Yslam hereketi (ÖYH) toparynyň “Yslam döwleti” toparyna we onuň ýolbaşçysy Abu Bakr Al-Bagdadä öz ygrarlylygyny yglan edýändigini görkezýän wideoýazgy peýda boldy.
Özbegistanyň Yslam hereketi topary "Talyban" hereketini aldawda we dildüwşükde aýyplady. Şeýle-de ÖYH “Talybanyň” ozalky lideriniň ölmegi bilen bagly has açyk maglumatlaryň berilmegini sorady.
Gyrgyzystanyň premýer-ministri Temir Saryýewiň hyjap we beýleki musulman eginbaşlary barada eden çykyşy jemgyýetde uly jedelleşikleriň esasy temasyna öwrüldi.
Ýene-de ýükle