Ukrainanyň zenan harby gullukçylary täze egin-eşikleri synagdan geçirýärler
Kiýewiň etegindäki harby-türgenleşik meýdançasynda, aýallar päsgelçilik synaglaryny geçýärler, Kalaşnikow tüpeňlerinden atyp, ýörite taýýarlanan harby egin-eşikleri söweş şertlerinde özlerine amatly bolar ýaly, barlagdan geçirýärler
5
Iň meşhur eşik XS we XXS ölçegler hasaplanýar. Ukrainanyň ähli zenan harby gullukçylary ýakyn wagtda täze biçimli egin-eşik alyp bilerler.
6
"Men ähli zenanlaryň egin-eşik almagyny isleýärin" diýip, başlangyjy esaslandyryjy, Petro Poroşenkonyň “Ýewropa raýdaşlyk” partiýasyndan, ukrain parlamentiniň agzasy Iryna Nikorak aýdýar. Onuň hökümete garaşly däl guramasy Goranmak ministrligi bilen bir ölçegdäki eşikleri satyn almak barada gepleşik geçirýär
7
Mugallym Kiýew şäheriniň etegindäki harby türgenleşik meýdançasynda, täze harby eşikdäki okuwça päsgelçilikden geçmäge kömek edýär.
8
Okuwçy gyzlar Kiýewiň etegindäki türgenleşik okuwynda. «Gyzlara özlerini amatly duýar ýaly, içki eşikleri tapmak gaty kyn. Harby gullukçylar tarapyndan geýilýän içki eşik möhüm mesele, ol adaty ýagdaýdaky eşiklerden tapawutlanýar» diýip, Nikorak düşündirýär.