Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Tramp Ukraina ylalaşygynyň “ozalkylardan has ýakyndygyny” aýdýar, “5-nji madda meňzeş” howpsuzlyk kepillikleri barada maglumatlar çykýar


Ukrainanyň prezidenti Wolodymyr Zelenski (çepde) we ABŞ-nyň ýörite wekili Stiw Witkoff 15-nji dekabrda Berlinde
Ukrainanyň prezidenti Wolodymyr Zelenski (çepde) we ABŞ-nyň ýörite wekili Stiw Witkoff 15-nji dekabrda Berlinde

ABŞ-nyň we Ukrainanyň resmileri Russiýanyň Ukrainadaky urşuny bes etmäge gönükdirilen iki günlük gepleşiklerde ep-esli öňegidişlik gazanylandygyny aýtdylar. Maglumata görä, Waşington Kiýew üçin NATO-nyň 5-nji maddasyndaky özara goranyş borçnamasyna meňzeş howpsuzlyk kepilliklerini teklip edipdir.

Gündogardaky Donetsk regionynda Kiýewiň häzirem gözegçilik edýän territoriýalarynyň geljegi ýaly möhüm meseleler boýunça sowallar saklanyp galýan hem bolsa, ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp Ikinji jahan urşundan bäri Ýewropadaky iň uly we iň ganly konflikt hasaplanýan urşy bes etjek ylalaşygyň ozalkylardan has ýakyn görünýändigini aýtdy.

“Biz muny amal etmäge çalyşýarys, we meniň pikirimçe, häzir has ýakynlaşdyk” diýip, Tramp 15-nji dekabrda Ak tamda žurnalistlere aýtdy. Ol muny Berlinde birnäçe gün dowam eden Ýewropa, ABŞ we ukrain wekiliýetleriniň gepleşiklerinden soň aýtdy.

“Biz Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin bilen köp gürrüňdeş bolduk, we meniň pikirimçe, häzir öň hiç bolmadyk derejede ýakynlaşdyk. Indi näme edip biljegimizi göreris” diýip, Tramp sözüne goşdy.

Tramp soňky günlerde Putin bilen gürleşendigini aýtdy, emma gürrüňdeşligiň wagty ýa-da mazmuny barada jikme-jik maglumat bermedi.

Ukrainanyň prezidenti Wolodymyr Zelenski gepleşikleriň kyn geçendigini, ýöne peýdaly bolandygyny aýtdy. Ukrainanyň baş gepleşikçisi Rustem Umerow bolsa Berlinde Ak tamyň ýörite wekili Stiw Witkoff, Trampyň giýewisi Jared Kuşner we beýleki amerikan wekilleri bilen duşuşyklaryň dowamynda “hakyky öňegidişlik” gazanylandygyny belledi.

“Bu hili gürrüňler hiç wagt aňsat däl, size dogrymy aýdaýyn. Ýöne bu netijeli gürrüň boldy, köp jikme-jiklik bar, hakykatdan hem örän köp” diýip, Zelenski ABŞ-Ukraina duşuşygyndan soň geçirilen nemes-ukrain işewürlik forumunda aýtdy.

Soňra Zelenski, Germaniýanyň kansleri Friedrich Merz bilen bilelikdäki geçiren metbugat ýygnagynda, territoriýa meselesi boýunça taraplaryň “tapawutlarynyň bardygyny” aýdyp, bu temanyň “ýapylmandygyny” belledi.

“Territoriýa meselesi örän agyryly. Biz Russiýanyň näme isleýändigini 100% bilýäris -- we meniň üçin esasy zat amerikalylaryň bu meselede meni eşitmegi boldy” diýip, Zelenski aýtdy.

“Meniň pikirimçe, amerikanlar araçy hökmünde meseleleri çözmegiň dürli usullaryny, şol sanda territoriýa we Ukrainanyň dikeldişiniň maliýeleşdirilmegi ýaly ugurlary synap görerler” diýip, ol aýtdy.

Zelenski Kiýewiň, hatda de-fakto görnüşde hem, ukrain güýçleriniň häzirem gözegçilik edýän Donetsk regionynyň topraklaryndan el çekmegini talap edýän tekliplere garşy çykyp gelýär. Şeýle hem, eger Ukraina Donbasda öň hatardan yza çekilmeli bolsa, onuň pikirine görä, rus güýçleri hem şoňa laýyk deň derejede yza çekilmelidir.

Russiýa bolsa Ukrainanyň gündogaryndaky Donbas diýlip atlandyrylýan sebitlerden Kiýewiň territoriýa egilşigi hökmünde el çekmelidigini tekrarlaýar. Putin bu şert ýerine ýetirilmedik ýagdaýynda, Russiýanyň bu ýerleri güýç bilen eýelemegi dowam etdirjekdigi bilen haýbat atýar.

Merz umytly çykyş edip, 2022-nji ýylyň fewralynda Russiýanyň doly göwrümli çozuşy başlanandan bäri ilkinji gezek hakyky parahatçylyk prosesi babatyndaky mümkinçilikleriň iň ýokary derejesine ýetendigini aýtdy. Ol, şeýle hem, Ukrainanyň howpsuzlyk kepillikleri ýaly esasy mesele boýunça Birleşen Ştatlaryň uly maddy goşant teklip edendigini belledi.

ÝB-niň ýedi ýurdy, ÝB-niň ýolbaşçylary we Zelenski 800 müň esgerden ybarat ukrain goşunyny, Ýewropanyň ýolbaşçylygyndaky köpmilletli güýji, şeýle hem soňy bilen ok atyşyklary bes etmek düzgüniniň ýerine ýetirişline gözegçilik etmek üçin ABŞ-nyň ýolbaşçylygyndaky barlag-seljeriş we gapma-garşylyklaryň öňüni alyş mehanizmini goldaýan alty maddalyk bilelikdäki beýanat taýýarladylar.

Şol bir wagtda, birnäçe habar agentligi amerikan resmilerine salgylanyp, Berlindäki gepleşiklerde ara alnyp maslahatlaşylan teklip edilýän gorag çäreleriniň “5-nji madda meňzeş” hökmünde häsiýetlendirilendigini ýazdy.

NATO-nyň esaslandyryjy şertnamasynyň 5-nji maddasynda ýaranlygyň bir agzasyna edilen hüjümiň hemmesine edilen hüjüm hasaplanýandygy bellenilýär.

Waşingtonyň şeýle howpsuzlyk kepilliklerini nähili görnüşde üpjün edip biljekdigi barada jikme-jik maglumat berilmedi. Emma habarlarda resmileriň beýle teklibiň elmydama “stoluň üstünde durmajakdygyny” aýdandygy hem nygtalýar.

Putiniň metbugat wekili Dmitriý Peskow 15-nji dekabrda Ukrainanyň NATO-a goşulmagynyň öňüni almak meselesiniň, Kremle görä ,islendik parahatçylyk ylalaşygynyň “esasy sütünleriniň biri” bolup durýandygyny aýtdy. Şeýle-de ol Moskwanyň Berlindäki gepleşiklerden soň ABŞ resmilerinden habara garaşýandygyny belledi. Russiýa şol gepleşiklere gatnaşmady.

Forum

XS
SM
MD
LG