Mary welaýatynyň Tagtabazar etrabynda obalaryň köçelerinde suw, batga ýygnanyp, awtoulaglaryň geçmegini kynlaşdyrdy. Ýaramaz ýollar hatda Tiz kömek gullugynyň gyssagly kömege mätäç adamlaryň ýanyna wagtynda baryp bilmezligine sebäp bolýar.
"Tiz kömek gullugynyň awtoulaglary ýaramaz ýoldan geçip bilmän, wagtynda syrkaw adamlary hassahana eltip bilmeýär. Agyr halynda gyssagly kömegi alyp bilmedik ýaşaýjylaryň arasynda ölüm hadysalary ýüze çykýar" diýip, ýerli lukman aýdýar.
Howpsuzlyk aladalary sebäpli Azatlyk Radiosy bilen anonimlik şertinde söhbetdeş bolan tagtabazarly ýaşaýjylaryň sözlerine görä, şu günler ilatly ýerleriň töwerek daşyndaky we içindäki ýollaryň köpüsi çukurdan doly, sähel ýagyn ýagsa köçeler batga öwrülýär, käbir ýelerden awtoulaglar düýpden geçip bilmeýär. Kesellän adamlar, çagalar, göwreli aýallar, ýaşy ulular örän howply ýagdaýa duçar bolýar.
"Häzir obada kimdir biri syrkawlasa, duýdansyz gan basyşy galsa ýa-da infarkt geçirse, göwreli aýallar duýdansyz hassahanalara ýüzi düşmeli bolsa ýagyndan soň obalaryň girelgesinden aňry hiç bir awtoulag geçip bilmeýär. Şeýlelikde, tiz kömek, lukmançylyk kömek gulluk işgärleri wagtynda gelip bilmeýär ýa-da asla gelmeýär. Şu sebäpli uzakly gijesini duýdansyz syrkawlan adam aman galmak üçin hut özi we ýakyn hossarlary göreşmeli bolýar" diýip, tagtabazarly ýaşaýjy gürrüň berdi.
Ýerli ýaşaýjylar gyssagly ýagdaý ýüze çykanda Tiz kömek ulagynyň gelmegine garaşman, öz hassa hossaryny keselhana alyp barmak üçin hususy awtoulag tapmaga çalyşýarlar, emma bu hem agyr meselä öwrülýär.
"Häzir obamyzyň köp ýaşaýjysy hatda öz maşgalamyzdanam, goňşulardanam öň awtoulag sürüp güzeran aýlan bolsa, bu işden el çekdi. Obamyzdaky bolanja awtoulag eýeleri öz ulaglaryny satyp, daşary ýurtlara eklenç gözlegine gitdiler" diýip, ýene bir ýaşaýjy aýtdy.
Bu ýagdaýda oba ýaşaýjylary mümkinçiligi bolan halatynda bolup biljek töwekgelçiligiň öňüni almaga synanyşýarlar. Hususan-da göwreli zenanlar çagasynyň dogulmaly wagtyna gabat obanyň ganymat ýolly böleklerinde tanyşlarynyň, ýakynlarynyň öýlerinde ýaşaýarlar.
"Kä halatlarda göwreli aýallar obanyň başynda Tiz kömek awtoulagynyň gelip biläýjek ýerlerdäki hojalyklarda güni dolansoň 3-4 günläp myhman bolmaly bolýarlar. Sebäbi olar öz öýlerinde otursa, Tiz kömek awtoulagy baryp bilmän, öýünde çaga dogmaly bolýarlar" diýip, Tagtabazaryň ýaşaýjysy öz obasyndaky ýagdaýy gürrüň berdi.
Mary welaýatynyň birnäçe ýaşaýjysynyň Azatlyga gürrüň bermegine görä, Tagtabazardaky ýagdaý diňe şu etrabyň özi bilen çäklenmän, eýse tutuş welaýata degişli. Etraplaryň köçeleri gaty ýaramaz, bejerilmedik ýollar çukurdan doly, gar-ýagyn ýagsa köçeler dessine suwdan dolup, palçyk bolýar we awtoulaglar batgalykdan ýöräp bilmeýär. Pyýadalar hem kösenýär.
"Ýagynly günden soň onlarça gün suw köçelerden çekilmän palçyk bolup durýar. Bu ýagdaý diňe bir awtoulag sürüjilerini oňaýsyz ýagdaýa salman, eýsem pyýada ýöremeli bolýan adamlara hem degýär. Mekdep okuwçy çagalar batganyň içinden geçip, orta mekdebe gatnamaly bolýarlar. Ýagyn ýagan günleri çagalaryny mekdepden alyp galýan ene-atalar köp. Has hem kiçi ýaşly mekdep okuwçylary batgaly ýolda ýykylyp, üsti başy köwüşleriniň içi palçyk bolýar" diýip, maryly ýaşaýjy gürrüň berdi.
Ýollaryň ýaramazlygy sebäpli çagalaryň mekdebe gatnamaýandygyny maryly bilim işgärleri hem tassyklady. "Ýagynly günler klasda 6-7 okuwçy bolup, sapak berilýär" diýip, maryly ýaşaýjy gürrüň berdi we käwagt okuwçylaryň sapak wagty dolýança oturyp gaýdýandygyny, käbir mugallymlaryň okuwçy az diýip sapak geçirmeýändigini belledi.
Türkmen hökümeti infrastruktura desgalarynyň gurluşygyny ileri tutýan ulgamlaryň arasynda agzaýar. Emma täze ýollaryň ençemesiniň gurulmagyna garamazdan, ilatly ýerleriň, aýratynam obalaryň ýollary ýaramazlygyna galýar, hatda uly magistral ýollaryň tiz sandan çykyp, awtoulaglar üçin howply ýagdaý döredýändigini çeşmeler belleýär we soňky ýylda bolan ýol hadysalarynyň ençemesine ýollaryň ýaramazlygynyň sebäp bolandygyny aýdýar.
Hökümet agzalarynyň resmi çykyşlarynda bu problema düýpden agzalmaýar.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
Forum