Russiýanyň güýçleri öten agşam Ukrainanyň ençeme sebitine garşy soňky hepdeleriň dowamyndaky iň giň gerimli dron hüjümleriniň birini amala aşyryp, ýurduň energiýa ulgamyna has-da köp zyýan ýetirdi.
Ukrainanyň Harby-howa güýçleriniň maglumatyna görä, Russiýa 24-nji dekabra geçilýän gije 116 sany dron bilen hüjüm edipdir. Olaryň 90-a golaýynyň Eýranda öndürilen “Şahed” kysymly pilotsyz enjamlardygy bellenilýär. Harbylar ukrain howa goranyş ulgamynyň 60 drony ýok edendigini, 48-siniň bolsa 19 ýerde nyşanalara degendigini mäim etdi.
Bu hüjümler parahatçylyk gepleşikleriniň güýçlenýän döwrüne gabat geldi. Emma Russiýa bilen geljekki mümkin parahatçylyk ylalaşygynda territoriýa gözegçiligi ýaly jedelli meseleler entek doly çözülmän galýar.
Ýewropanyň iň uly atom elektrik stansiýasynyň ýerleşýän Zaporižžýa sebitine garşy gijäniň dowamynda amala aşyrylan zarbalaryň dowamynda azyndan dört adam ýaralandy. Bu barada regional häkim Iwan Fedorow habar berdi.
Hüjümde 13 sany köp gatly ýaşaýyş jaýyna zeper ýetdi, şäheriň birnäçe sebitinde binalaryň penjireleri atyldy. Zarbalarda atom stansiýasy urulmady.
Ukrainanyň Adatdan daşary ýagdaýlar gullugynyň maglumatyna görä, şäher etraplarynyň birinde 50 inedördül metrlik garažda ýangyn boldy; ol eýýäm söndürildi. Bulardan başga, partlama tolkuny ýangyn söndüriş stansiýasyna, administratiw jaýlara, bilim edarasyna we awtoulaglara bölekleýin zyýan ýetirdi.
Ukrainanyň Harby-howa güýçleri Çernihiw regionynda möhüm infrastruktura desgalaryna garşy dronlaryň “saldamly böleginiň” atylandygyny hem belledi.
Çernihiw şäherinde ýerli häkimiýetler iki etraba, şol sanda ýaşaýyş jaýlaryna we bilim edaralaryna hem zeper ýetendigini mäim etdi. Şäher geňeşiniň maglumatyna görä, 24-nji dekabra geçilýän gije bir dron dokuz gatly ýaşaýyş jaýynyň tehniki gatyna degip, penjireleri döwdi we golaýdaky ulaglara zeper ýetirdi.
Şol bir wagtda, Ukrainanyň Energetika ministrligi Russiýanyň güýçleriniň gijäniň dowamynda ýurduň energiýa infrastrukturasyny hem nyşana alandygyny, munuň netijesinde Sumy, Dnipropetrowsk, Herson, Harkiw we Çernihiw sebitlerinde ýene-de elektrik üpjünçiliginiň kesilendigini aýtdy.
Ministrlik üstümizdäki aýyň dowamynda ozal amala aşyrylan giň möçberli raketa we dron hüjümlerinden galan soňky zyýanlary abatlamak işleriniň dowam edýän mahaly, energiýa ulgamynyň agyr basyş astynda galýandygyny belledi.
Bu aralykda, Ukrainanyň ähli sebitlerde ilat we biznes üçin öňünden meýilleşdirilen elektrik çäklendirmeleri güýjünde galýar.
Ukrain häkimiýetleriniň maglumatyna görä, Moskwanyň 2022-nji ýylyň fewralynda doly göwrümli çozuşy başlanaly bäri, Russiýa Ukrainanyň energiýa infrastrukturasyna 4 müň 500-den gowrak hüjümi amala aşyrypdyr.
Birleşen Milletler Guramasy gyş aýlarynda tok we ýyladyş ulgamlaryna dowam edýän zarbalaryň agyr ynsanperwer töwekgelçilik döredip biljekdigini, aýratyn-da garrylar, maýyplygy bolan adamlar we kiçi ýaşly çagaly maşgalalar üçin howpuň hasam ýokarydygyny duýdurdy.
Ukraina häkimiýetleri we halkara guramalary raýat infrastrukturasyna we asuda ilata edilen hüjümleri Russiýanyň uruş jenaýaty hökmünde häsiýetlendirýärler, rus häkimiýetleri hüjümleriň harby nyşanalara gönükdirilendigini öňe sürüp, bu aýyplamany ret edýärler.
Forum