Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Rus demir zawodynda iki gazagystanlynyň jesetleri tapyldy


Çerepowes demir we polat zawody. Bezeg suraty
Çerepowes demir we polat zawody. Bezeg suraty

Orsýetdäki "Sewerstal" kompaniýasyna degişli “Çerepowes” demir we polat zawodynda Gazagystanyň iki raýatynyň jesetleri tapyldy. Kompaniýa bu habary 14-nji ýanwarda yglan etdi.

Beýanatda ölenleriň potratçy guramalaryň işgärleri bolandygy we senagat meýdançasynda huşsuz ýagdaýda tapylandygy aýdylýar.

Häzir olaryň ölüminiň mümkin bolan sebäbi derňelýär, adatdan daşary ýagdaýlar we ýörite gulluklar wakanyň bolan ýerinde işleýär diýip, habarda bellenýär.

Orsýetiň Derňew komiteti işçileriň ölümi bilen baglanyşykly ähli ýagdaýlary anyklamak üçin derňew işleriniň geçirilýändigini habar berdi.

XS
SM
MD
LG