Azatlygyň çeşmeleri türkmen maşgalalaryndaky ‘çydamsyz’ ýagdaýlaryň, hususan-da gelinleriň ýüzbe-ýüz bolýan kynçylyklarynyň diňe ýurtdaky ykdysady meseleler, işsizlik, aýlyklaryň az bolmagy, soňky otuz ýylda jenaýata baş goşup, türme basylýan, bergi-borja batyp, günä geçişe düşýän adamlaryň köpelmegi, zähmet migrasiýasynyň esasy çykalgalaryň birine öwrülmegi bilen bagly däldigini, eýsem, jübütleriň birindäki önelgesizlik bilen hem baglydygyny habar berýärler.
Türkmen metbugatynda, şol sanda jemgyýetçilikde bu mesele açyk maslahatlaşylmaýar, çagasy bolmaýan gelinlere tebiplere, palçylara ýüz tutmak, doga-tumar almak, öwlüýälere zyýarat etmek maslahata berilýär.
Emma muňa garamazdan, Azatlyk ýurtdaky önelgesizlik meselesiniň näçeräk adama ýa maşgala täsir edýändigini kesgitlemek üçin zerur bolan anyk maglumatlary alyp bilmeýär.
Önelgesizlik gelinleriň ogullyk ýa gyzlyk almagyna sebäp bolýar
Azatlyk bilen aýry-aýrylykda gürleşen birnäçe ýaşaýjynyň aýtmagyna görä, önelgesizlik meselesi sowet ýyllarynda hem uly aladady, ýaşuly adamlar gyzlara gyşda eginlerine ýylyrak zat, aýaklaryna gowy aýakgap geýmän, daş çykyp üşemekden ägä bolmagy, soň munuň agy netijesiniň boljakdygyny duýdurýardylar.
Söhbetdeşlerimiz önelgesizligiň soňky ýyllarda has köpelene meňzeýändigini, ýöne hiç kimiň bu meseläni anyk öwrenmeýändigini bellediler.
Önelgesizlik gelinleriň ogullyk ýa gyzlyk almak çykalgasyna ýüz urmagyna sebäp bolýar. Türkmençilikde bu mesele, aňyrdan gelýän adat boýunça, ýaşulularyň geňes-maslahaty, ene-atalaryň sözi bilen, maşgalanyň öz çäginde, dilden ylalaşyga gelmek esasynda çözülýär.
“Türkmen maşgalasynda uly gelniň çagasy bolman, ondan soň gelen kiçi gelniň çagasy bolsa, öýüň uly gelnine şol ýaňy bolan çaga ogullyk ýa-da gyzlyk edip berilýär. Bu mesele ene-atalaryň we ogullaryň arasynda çözülýär. Uly gelin ol çagany isleýärmi ýa-da ýok, kiçi gelin çagany bermek isleýärmi ýa-da ýok, oňa seredilmeýär” diýip, çeşme aýtdy.
Onuň sözlerine görä, gelinler bu ýagdaýa, maşgalany dagatmajak bolup, dymmak bilen jogap bermeli bolýarlar.
‘Mähri siňäýmesin’ diýip, enesini bäbeginiň ýanyna eltmeýärler
Şeýlelikde, tejribeden belli bolşuna görä, çaganyň enesi çagasyna 40 gün çileden çykýança seredýär, ýa-da, käbir ýagdaýlarda oňa çagasyny 6-7 aýlap emdirmek rugsady berilýär.
Şondan başga wagtlarda, ‘mähri siňäýmesin’ diýip, enesini bäbeginiň ýanyna eltmeýärler diýip, bu ýagdaýy ýene bir ýaşaýjy tassyk etdi we çagasy elinden alnan gelinleriň çekýän ruhy jebrine diňe onuň gününe düşen adamlaryň düşünip biljekdigini öňe sürdi.
“Raddomda ýaňyja dogran çagalaryny taşlap gidýänler hem bar, ýöne olar ýaly ýetim çagalary perzentlige almaýarlar. Onuň sebäbi ‘biziň ganymyz däl ,nähili çaga bolup ýetişjegi belli däl’ diýip düşündirilýär. Bu däp köneden gelýär” diýip, söhbetdeşimi aýtdy.
Hukuk goraýjylar, şol sanda düýbi Wenada ýerleşýän “Türkmen başlangyjy” toparynyň başlygy Farid Tuhbatullin Türkmenistandaky kanunlaryň köpüsiniň, şol sanda aýal-gyzlaryň hukuklarynyň esasan kagyz ýüzünde galýandygyny aýdýar.
Türkmen häkimiýetleri muny inkär edýär we ýurtda aýal-gyzlaryň kanunda kepillendirilen hukuklarynyň döwlet derejesinde hormatlanylýandygyny aýdýar, olaryň okamak, işlemek, islän ýerine syýahat etmek ýaly hukuklarynyň hözirini görýändigini öňe sürýär.
Şol bir wagtda, resmi Aşgabat bu meselede degişli halkara guramalary bilen hyzmatdaşlyk edýär.
Resmi maglumata görä, BMG-niň Ösüş maksatnamasy Türkmenistanda gender deňligini we zenanlaryň ýagdaýynyň gowulandyrylmagyny, esasy adam hukuklaryny we durnukly parahatçylyga ýetmek üçin zerur şertleri hakykata öwürmegi maksat edinýär.
‘Ýaramaz düşünjeleri’ ýok etmek kynçylygy saklanýar
Has anygy, BMG-niň Ösüş maksatnamasy, Türkmenistandaky hyzmatdaşlary bilen bilelikde, ýaramaz düşünjeleri ýok etmek, kemsitmäniň soňuna çykmak, şeýle-de, hemmeler üçin hormaty, deň hukuklary we mümkinçilikleri öňe sürmek üçin ähli tagallany etjekdigini nygtaýar
Emma bu diýilýän ‘ýaramaz düşünjeleri’ ýok etmek, kemsitmäni aradan aýyrmak, aýdylmagyna görä, kyn bolmagynda galýar, agyr ykdysady şertlerde, ykdysady garaşlylykda ýaşaýan aýal-gyzlaryň pikirleri diňlenmeýär, olaryň köpüsi pikirini aýtmakdan hem gorkýar diýip, çeşme aýtdy.
“Köneden gelşi ýaly, gelin pahyrlar diňlenmeýär” diýip, bu aýdylýany ýene bir ýaşaýjy tassyk etdi. Ýöne ol eltisine öz razylygy bilen çaga dogrup berýän gelinleriň hem bardygyny belledi.
Aýry-aýrylykda gürleşilen aýallaryň biri enäniň çagasyny ‘meýletin-mejbury’ ýagdaýda almagy wyždansyzlyk hasaplaýandygyny aýtdy.
"Çagany bermeseň, onda aýrylyşaý" diýdiler...
Azatlygyň habarçysy bilen anonimlik şertinde gürleşen gelinleriň biri ikinji çagasyna göwreli bolanda, gaýyn enesiniň gelip, göwresindäki çagany eltisine bermeli boljakdygyny aýdandygyny gürrüň berdi.
“Men bu sözi eşidip, üstümden gaýnag suw guýlan ýaly boldum. Çagamy bermäge razy däldigimi aýtdym. Emma ol eýýäm ýoldaşyma duýdurandygyny, onuň razy bolandygyny aýtdy. Men ýoldaşyma, gaýynyma çagamy düybünden bermek islemeýändigimi aýdyp, garşylyk görkezdim welin, olar 'çagany bermeseň, onda aýrylyşaý' diýdiler.”
Bu gürrüňden soň atasy öýüne giden gelin öz kemala gelen ojagynda hem goldaw tapmaýar. Muňa derek oňa gaýynynyň we ýanýoldaşymyň diýenini etmelidigini aýdýarlar.
“Men nädeýin, göwreli halyma gitjek ýerim ýok, men diýlenine razy bolmaly boldy” diýip, Azatlygyň söhbetdeşi ikinji çagasyny elinden alyp, eltisine berenlerinde ‘diňe ölüp bilmändigini’ aýtdy.
Azatlygyň beýleki söhbetdeşleri hem gelinleriň aýdýan ýa aýtjak zatlarynyň, hususan-da konserwatiw maşgalalarda, köplenç diňlenmeýändigini, durmuşa çykan gyzyň atasy öýi, ene-atasy we doganlary üçin ‘keseki, ýat adam ýaly bolup galýandygyny’ bellediler.
Bir gelin ‘men öz dogran çagama eje däl-de, gelneje bolmaly boldum’ diýip, bu hili ýagdaýa düşýän gelinleriň az däldigini, ýöne çagasyny bermäge razy bolman, adamsy bilen aýrylyşýan gelinleriň hem bardygyny aýtdy.
Synçylaryň käbiri ýurtdaky ykdysady ýagdaýlar, garyplygyň giň ýaýramagy bilen baglylykda, gyşyna ýyly geýinmeýän, kadaly naharlanyp bilmeýän gyzlaryň köpelmegi bilen, geljekki eneleriň saglyk ýagdaýynyň ýyl-ýyldan peselýändigini öňe sürýär.
Ýurtdaky maglumat ýapyklygy sebäpli, Azatlygyň habarçylary bu aýdylýanlar barada resmi düşündiriş alyp bilmeýär.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
Forum