Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gazagystan ýyl dowamynda Ukrainada Orsýetiň tarapynda söweşen raýatlaryna garşy 700-den gowrak iş gozgady


Gazagystan. Almaty sebitiniň Zareçni obasyndaky "14-nji edara" tussaghanasy
Gazagystan. Almaty sebitiniň Zareçni obasyndaky "14-nji edara" tussaghanasy

Gazagystanda ýylyň dowamynda Orsýetiň harby bölümlerinde gulluk etmäge çekilenlere garşy rekord derejede, 700 iş gozgaldy. Bu hasap “Mediazona” we "Proşşaý, oružiýe” taslamasy tarapyndan çykaryldy.

“Wagner” hususy harby kompaniýasy bilen gatnaşykda we Goranmak ministrligi bilen şertnama baglaşmakda aýyplananlara iki madda boýunça höküm çykaryldy.

Gazagystanyň Jenaýat kodeksiniň 172-nji maddasy (“Daşary ýurduň çäginde ýaragly çaknyşyklara ýa-da harby operasiýalara gatnaşmak”) dokuz ýyla çenli türme tussaglygyny göz öňünde tutýan bolsa, 170-nji madda (“Hakyna tutulmak”) ömürlik azatlykdan mahrum edilmäge çenli türme tussaglygyny göz öňünde tutýar.

Gazagystanyň Jenaýat kodeksine görä, aýyplananlaryň hemmesi urşa gatnaşmak boýunça “jenaýatçylyk etmek niýetinde bolupdyrlar”.

Öňki ýyllarda bu hili jenaýatçylykda ýylda ýüzlerçe däl, diňe onlarça adam aýyplanýardy, ýöne 2025-nji ýylyň başynda, Ukrainanyň "Men ýaşamak isleýärin" taslamasy mümkin bolan hakyna tutulan esgerler baradaky şahsy maglumatlary çap edeninden soň, ýagdaý üýtgedi diýip, neşir belleýär.

2022-nji ýylyň fewral aýyna çenli bu iki madda boýunça höküm çykarylmagy juda seýrek bolýan zatdy. Emma urşuň ilkinji ýyllarynda her ýyl bu maddalar boýunça açylan işleriň onlarçasy kazyýete geçirildi.

Ýurduň howpsuzlyk güýçleri 2024-nji ýylda "hakyna tutulmak" boýunça 17 we "gatnaşmak" boýunça 166 iş gozgadylar.

Olar 2025-nji ýylda bu maddalar boýunça gozgalan işlerde rekord goýdular: "gatnaşmak" boýunça 709 we "hakyna tutulmak" boýunça 28 jenaýat işi gozgaldy.

XS
SM
MD
LG