Eýranyň kerwensaraýlary UNESCO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizildi
Kerwensaraýlar gadymy söwda ýollarynyň ugrunda gurlup, ýol ýakasyndaky myhmanhanalar bolupdyr. Ýol aşýan kerwenler, zyýaratçylar hem jahankeşde syýahatçylar olarda düşläp, ýatmaga, iýmäge we penalanmaga mümkinçilik tapypdyr.
5
Kumdan 80 kilometr demirgazyk-gündogarynda ýerleşýän Deýr-e-Gaçin kerwensaraýy, Ol "Eýran kerwensaraýlarynyň enesi" saýylýar.
Onuň ýaşynyň 800 ýyldan geçendigi çak edilýär. Gadymy Ýüpek ýolunyň ugrunda, şeýle hem Reýden Kum şäheri aralygyndaky taryhy ýoluň ýakasynda gurlupdyr. Ol milli goraghananyň merkezinde ýerleşýär.
Kerwensaraýlar pars şygryýet ummanynda, edebiýatynda, sungatynda görnükli orun tutýarlar, köplenç jahankeşdelik we başdan geçirmeler wysaly beýan edilýär.

6
Fars welaýatynda ýerleşýän Izadhast kerwensaraýy şol sebitiň iň möhüm taryhy binalarynyň biri hasaplanýar.
Eýrandaky iň irki kerwensaraýlar Ahemenitler döwründe (b.e. öň 550–330 ýý.) gurlupdyr. Asyrlar geçenden soň, 1588-nji ýylda Şa Apbas I häkimiýete gelende, ol tutuş ýurt boýunça kerwensaraýlaryň ulgamyny gurmagy buýrupdyr.

7
Bisütün Kerwensaraýy, köplenç Şeýh Aly Hanyň kerwensaraýy diýlip hem atlandyrylýar, ol Kermanşah welaýatynyň Bisütün şäherinde ýerleşýär.
Kerwensaraý toplumy sefewitler döwrüniň usulynda bezelipdir, XII asyrda gurlandyr diýlip çaklanýar. Ol günbatar Eýranyň iň owadan hünärmentlik ýadygärligi hasaplanylýar. Merkezi howluda haýwanlar we harytlar üçin ýer bölünipdir, syýahatçylara dynç almaga-da ýer bar. Şeýle gurluşyklar köplenç gorag üçin berkidilipdir.

8
Yspyhanyň golaýynda ýerleşen Şeýh Aly Hanyň kerwensaraýy eýran binagärlik sungatyna degişli amaly-haşam bezeg görnüşleri bilen meşhurlyk gazanypdyr. Kerwensaraýda örän täsin syrçaly gümmezler hem daşdan döredilen arkalar bar. Merkezi howlynyň bezeg işleri Sefewi dinastiýasynyň binagärlik usullaryny görkezýär.