Eýranyň kerwensaraýlary UNESCO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizildi
Kerwensaraýlar gadymy söwda ýollarynyň ugrunda gurlup, ýol ýakasyndaky myhmanhanalar bolupdyr. Ýol aşýan kerwenler, zyýaratçylar hem jahankeşde syýahatçylar olarda düşläp, ýatmaga, iýmäge we penalanmaga mümkinçilik tapypdyr.
9
Şähreazanyň golaýyndaky Mahýar kerwensaraýy, ol özüniň sefewi binagärlik ussatlygy bilen tanalýar. Kerwensaraý Ysmaýyl I (1501-1524) şalyk eden döwründe salnypdyr. Kerwensaraýyň alnynda bazar, metjit, çaýhana hem-de çörek bişirilýän dükan gurlupdyr.
Hünärmenleriň aýtmagyna görä, saýlanyp alnan 54 kerwensaraý – bu Eýranyň gadymy ýollarynyň ugrunda gurlan köp sanly kerwensaraýlaryň diňe az bölegidir.
Hünärmenleriň aýtmagyna görä, saýlanyp alnan 54 kerwensaraý – bu Eýranyň gadymy ýollarynyň ugrunda gurlan köp sanly kerwensaraýlaryň diňe az bölegidir.