Eýranyň kerwensaraýlary UNESCO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizildi
Kerwensaraýlar gadymy söwda ýollarynyň ugrunda gurlup, ýol ýakasyndaky myhmanhanalar bolupdyr. Ýol aşýan kerwenler, zyýaratçylar hem jahankeşde syýahatçylar olarda düşläp, ýatmaga, iýmäge we penalanmaga mümkinçilik tapypdyr.
1
Kupaýa kerwensaraýy – 300 ýyllyk taryhy bolan bu saraý Eýranyň Yspyhan welaýatynyň Kupaýa şäherinde ýerleşýär.
17-nji sentýabrda ýüzlerçe ýyl mundan öň ýol ugurlarynda gurlan Eýranyň kerwensaraýlary we köşk-saraý düşelgeleri UNESCO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizildi. Saýlanan 54 obýekt "Eýranyň kerwensaraýlarynyň iň täsirli we gymmatly nusgalary hasaplanylýar, olar ýerli howa şertlerine laýyklykda gurlan binagärlik usullarynyň giň görnüşini aýan edýärler". Saraýlar asyrlaryň dowamynda, müňlerçe kilometr uzaklykdan getirilen materiallardan gurlupdyr.

2
Rabat-e Şaraf kerwensaraýy (Serahs kerwensaraýy ady bilenem tanalýar) XII asyrda gurlupdyr. Ol Merw we Nyşapur şäherleriniň aralygynda ýerleşýär.
3
Rabat-e Şaraf kerwensaraýyndaky binagärlik bezeginiň bir bölegi.
Ýüpek ýolunyň ugrunda gurlan kerwensaraý köşkleri söwda gatnaşyklary boýunça, Aziýany, Ýakyn Gündogary we Ýewropany birleşdirmekde, möhüm orun eýeläpdir.

4
Rabat-e Şaraf kerwensaraýyndaky ýüzi oýulyp nagyşlanan daş. Kerwensaraý öz amaly-haşam bezegleri bilen şöhrat gazanypdyr.
Kerwensaraýlar pars we yslam binagärlik däpleriniň iň bir ähmiýetli nusgalary boludyr. Şeýle-de, ol öz döwrüniň ezber ussalarynyň ajaýyp senedine şaýatlyk edýär.