2023-nji ýylyň ýanwar aýynyň başyndan, rus goşunlary Ukrainanyň Donetsk sebitindäki Soledar şäherine ummasyz uly güýç sürüp, paýhassyz hüjüm gurady. Ukrainanyň Goranmak ministrligi bu hüjümi "maniakal – paýhassyzlyk" diýip atlandyrdy. Ol şäher Bahmutyň demirgazygynda ýerleşip, Ukrainanyň Donetsk sebitinde goranyşyň esasy nokady bolup durýar. Soledar harby ähmiýetinden başga-da, rus goşunlary üçin aýratyn ruhy ähmiýete eýe, olar uzak wagtlap ýeňlişlerden we yza çekilmelerden soň, üstünlik gazanmak islediler. Mundan daşary, şäheriň ykdysady ähmiýeti bolup; ol ýerde ýurduň iň iri nahar duzuny öndürýän "Artemsol" kärhanasy ýerleşýär. Soledaryň aşagynda onlarça kilometre barabar duz känleriniň tunelleri – ýer asty nagymlary uzalyp gidýär. Azatlyk Radiosynyň fotosuratçysy Amos Çappl rus goşunlary Soledary ýer bilen ýegsan etmezinden üç ýyl öň – 2019-njy ýylda, ol ýere bolup gördi.
Ýeriň duzy. Soledar – duz känleri we weýrançylyk
9
Ýokarlygyna gidýän konweýer guşaklygy.
10
2015-nji ýylda Russiýanyň Donbas sebäpli döreden konflikti başlanandan soň, Moskwa ukrain duzuny import etmegini bes etdi. Netijede, “Artemsol” öz bazarynyň üçden bir bölegine golaýyny ýitirdi.
11
“Artemsol” azyk we agyr senagaty duz bilen üpjün etmekden başga-da, üýtgeşik duz önümlerini öndüripdir.
12
Her biri 8 ýewro golaý satylýan bu duz bölekleri "speleokamera" – duzly minerallaryň şertleýin döredilýän otaglary üçin ulanylýar. Onda, hususan, bronhial demigysmanyň başlangyç tapgyrlaryny bejermek üçin çalyşýarlar, ýöne şeýle täsiriň peýdasy entek tassyklanylmady.