2023-nji ýylyň ýanwar aýynyň başyndan, rus goşunlary Ukrainanyň Donetsk sebitindäki Soledar şäherine ummasyz uly güýç sürüp, paýhassyz hüjüm gurady. Ukrainanyň Goranmak ministrligi bu hüjümi "maniakal – paýhassyzlyk" diýip atlandyrdy. Ol şäher Bahmutyň demirgazygynda ýerleşip, Ukrainanyň Donetsk sebitinde goranyşyň esasy nokady bolup durýar. Soledar harby ähmiýetinden başga-da, rus goşunlary üçin aýratyn ruhy ähmiýete eýe, olar uzak wagtlap ýeňlişlerden we yza çekilmelerden soň, üstünlik gazanmak islediler. Mundan daşary, şäheriň ykdysady ähmiýeti bolup; ol ýerde ýurduň iň iri nahar duzuny öndürýän "Artemsol" kärhanasy ýerleşýär. Soledaryň aşagynda onlarça kilometre barabar duz känleriniň tunelleri – ýer asty nagymlary uzalyp gidýär. Azatlyk Radiosynyň fotosuratçysy Amos Çappl rus goşunlary Soledary ýer bilen ýegsan etmezinden üç ýyl öň – 2019-njy ýylda, ol ýere bolup gördi.
Ýeriň duzy. Soledar – duz känleri we weýrançylyk
13
Işçi duz böleklerini kesýär.
14
Ýöne duzuň aglaba bölegi nahar duzy hökmünde satylýar. Kompaniýa Günbatar bazarlaryna çykmaga synanyşypdy.
15
Önümçilik üçin goýberilýän gaplanan duzlar.
16
"Artemsol" känleriniň biriniň girelgesinde geçen asyrdan saklanyp galan demir ýazgy, häzirki söweşlerde ol goşunyň ýerleşýän ýerini kesgitlemek üçin ulanylýar.