Bişkekli taksi sürüjisi üç ýaşly gyzy bilen taksiçilik etmeli bolýar
Nurillo Muhamedjanow Bişkekde ýaşaýar we taksi sürüjisi bolup işleýär. Onuň aýaly bir aý ozal, ikinji çagasy dünýä inenden gysga wagt soň aradan çykdy. Ol bäbegi başga şäherdäki garyndaşlaryna wagtlaýyn bermeli boldy we uly gyzy Salihany bolsa öz ýanynda alyp galdy. Nurillonyň enekä aýlyk tölemäge maddy mümkinçiligi ýok. Sebäbi ol awtoulagyň we ýaşaýyş jaýynyň kärende tölegini tölemeli hem-de körpe ogluny terbiýeleýän hossarlaryna pul ibermeli. Şonuň üçin ol taksiçilik etmäne gidende, gyzyny öz ýany bilen alyp gitmeli bolýar.
Epizodlar
-
Noýabr 18, 2025Täjigistanda türkmenler nar ýetişdirip, güzeran aýlaýar
-
Aprel 07, 2025Daşoguzda güýçli duzly tupan turdy
-
Mart 31, 2025"Hirurg bolmagy arzuw edýärdim, ýöne kurýer boldum"
-
Fewral 06, 2025“Gyzymyň gümürtik ölüminiň derňew işi bes edildi” - Gülälek