Owganystnda 60 ýaşly Fazylmennan Arypy Jöwüzjan uniwersitetiniň türkmen dili we edebiýaty bölüminde ýokary bilim alýar. Şol bir wagtyň özünde, ol türkmen çagalaryna bilim berýär. Fazylmennan Arypy orta okuw jaýyny hem ýaşy gaýdyşandan soň okap gutarypdy. Soňra ol Jöwüzjan uniwersitetiniň türkmen dili we edebiýaty fakultetine girmek üçin, konkurs synagyna gatnaşdy. Bu goja student häzir ýokary okuw jaýynyň birinji ýylyny tamamlady. Uniwersitetiň türkmen dili we edebiýaty bölüminiň 2-nji ýylynyň semestrinde özüniň okuwa başlandygyny Arypy gürrüň berýär.
Epizodlar
-
Noýabr 18, 2025Täjigistanda türkmenler nar ýetişdirip, güzeran aýlaýar
-
Aprel 07, 2025Daşoguzda güýçli duzly tupan turdy
-
Mart 31, 2025"Hirurg bolmagy arzuw edýärdim, ýöne kurýer boldum"
-
Fewral 06, 2025“Gyzymyň gümürtik ölüminiň derňew işi bes edildi” - Gülälek