ABŞ-nyň Nýu-Ýork şäherinde Belarusdaky parahat protestçileriň goldawyna gurnalan mitinge türkmen aktiwistleri hem gatnaşdylar. Belarusda geçirilen soňky prezidentlik saýlawyndan soň, Belarusyň Merkezi saýlaw komissiýasy iş başyndaky prezident Alýaksandr Lukaşenkanyň sesleriň 80 prosentden gowragyny alyp, ýeňiş gazanandygyny yglan etdi. Şeýlelikde, 26 ýyl bäri ýurdy dolandyryp gelýän awtoritar prezident altynjy möhlete täzeden bu wezipä geldi. Saýlaw komissiýasynyň bu bildirişi ses berişligiň netijeleriniň galplaşdyrylandygyny aýdýan belarus raýatlarynyň arasynda nägilelik döretdi. Resmi saýlaw netijeleri bilen ylalaşmaýan belarus raýatlary, 9-njy awgustda ýurt boýunça köçe protestlerine başlady. Bu aralykda, prezidentlige oppozisiýadan dalaşgärligini hödürlän, hem-de Saýlaw komissiýasynyň netijelerine görä, sesleriň 10 prosentden gowragyny alan Swýatlana Tihanouskaýa Belarusy terk etmäge mejbur boldy. Habarlaşmak üçin: • Whatsapp: +420 724 168 989 we +420 773 797 383 • Telegram: @Azathabar
Epizodlar
-
Noýabr 18, 2025Täjigistanda türkmenler nar ýetişdirip, güzeran aýlaýar
-
Aprel 07, 2025Daşoguzda güýçli duzly tupan turdy
-
Mart 31, 2025"Hirurg bolmagy arzuw edýärdim, ýöne kurýer boldum"
-
Fewral 06, 2025“Gyzymyň gümürtik ölüminiň derňew işi bes edildi” - Gülälek