Täze Tolkun: “Türkmen dilinde kitaplar çap edilmeli”
“Dünýä Medeniýet derejesiniň 2014-nji ýyl boýunça indeksinde” berilýän maglumatlara görä, dünýäde iň köp kitap okaýan ýurt Hindistan bolup, bu ýurtda her bir adam bir hepdäniň dowamynda 10 sagat 42 minut kitap okaýar. Bu indeksde ikinji orunda Taýland ýerleşdirilip, bu ýurtda her bir adam bir hepdäniň dowamynda 9 sagat 42 minut kitap okaýar, sanawda üçünji ýerde ýerleşdirilen Hytaýda her bir adam bir hepdäniň dowamynda 8 sagat kitap okaýar. Eýsem, türkmen ýaşlarynyň arasynda kitap okamaga gyzyklanma nähili? Şeýle-de, siziň iň soňky okan kitabyňyzyň ady näme? Täze Tolkun gepleşigimiziň nobatdaky sanynda bu soraglara ýokary bilimini Türkiýede dowam etdirýän Humaý we Ukrainanyň ýokary okuw jaýlarynyň birinde okaýan Arslan jogap berdi.
Epizodlar
-
Iýun 20, 2015Aşgabadyň başbogy talaby
-
Maý 02, 2015Türkmen mekdepleriniň tapawudy nämede?
-
Aprel 25, 2015Türkmen zenanlary bagtlymy?
-
Aprel 18, 2015Mugallym we okuwçy gatnaşyklary
-
Mart 28, 2015Internet ahlaga täsir ýetirýärmi?
-
Mart 14, 2015Ýaşlar etnigara nika nähili garaýar?