Biziň planetamyzyň 4.5 milliard ýyl ýaşy bar. Ýöne planetamyz daşky gabygy ýaňy gatap, “çagalyk döwrüne” girip ugran mahallary Gün sistemasynyň giňişligi hem bu günküsinden bütinleý tapawutly bolupdyr.
Häzire çenli bilinýän materiýa bölejikleriniň jemi sany – on iki. Älemdäki materiýa başdan-aýak şol on iki bölejikden durýar. Özboluşly häsiýetlerine esaslanyp, elementar bölejikler fizikasy olary üç nesle bölýär
Oba hojalyk önümiň has köp öndürilýan ýerlerinde ýaşaýan ilatyň arasynda döwletden ýeňillikli şertlerde karz pul almaklygyň amatly we amatsyz taraplary hakynda örän köp gürrüň edilýär.
Beýleki ösüp barýan ýurtlara mahsus bolşy ýaly, häzirki Türkmenistanda-da jemgyýet “tütjar baý”, “orta gurply” we “garyp” ýaly gatlaklara bölünen. Türkmen jemgyýetiniň dürli gatlaklara bölünmegi ýaş çagalaryň hem arasynda mese-mälim duýulýar.
Alymlaryň pikiriçe, Gün ulgamyndan daşarda sözüň doly manysynda Ýere çalymdaş ýat planetalaryň tapylmagy adamzadyň öz Älemdäki orny barada täzeden oýlanyp, oňa täzeden baha bermegi üçin möhüm açyş bolmagy mümkin.
Şwesiýada ýaşaýan türkmen şahyry Şiralynyň dörtlemelerinde adamzat durmuşynyň dürli taraplary barada pelsepe ýöredilýär.
1986-njy ýylda Sowеt Soýuzynyň awtotransport pudagynyň Tbilisidе gеçirilеn Bütinsoýuz kordinasion sowеtinе gatnaşyjylary Staliniň doglan ýeri Gori şähеrindäki Staliniň durmuşyna bagyşlanyp dörеdilеn muzеýi görkеzmägе äkitdilеr.
865-nji ýylda Eýranyň Reý şäherinde doglup, 925-nji ýylda şol ýerde aradan çykan akyldar Abu Bekir Muhammet ibn Zakariýa Al-Razy ýaşlygyny şygryýet we sazandalyk bilen geçirip, soňra zergärçilik, ondan soň hem alhimiýa bilen meşgullanypdyr.
Neşe serişdeleriniň şer işdigini her kim bilýär. Olary durmuşymyzdan ýok etmelidigi bilenem köpler razy. Bu meselede hökümete kömek etjekler-de köpdür. Ýöne hökümet ýaşyl nasy satyp, satyn alyp, aç-açan atyp ýören adamlara çäre görmese näme?
Köp adamlar elektron çilimleri zyýansyz hasplaýarlar. Bu hakykatdan hem şeýlemi?
Ýene-de ýükle