Ene-atanyň perzentleriniň öňündäki üç borjunyň biri – öz çagalaryna mynasyp at dakmakdyr. Aslynda çaga at dakmak ýönekeý bir iş däl. Ata-babalarymyz çaga dakylan at onuň ykbalyna täsir edýär diýen ynanja uýupdyrlar.
2011-nji ýylda Daşoguz welaýatynda pagta taýýarlamak boýunça prezidentiň tabşyrygynyň ýerine ýetirilmezliginiň sebäbini ýerli spesialistler suwuň ýetmezçiligi bilen düşündirýärler.
Türkmenler “Düýe maly – dünýe maly“, “Düýeli baý – dünýeli baý” diýip, düýe malyna uly hormat goýupdyrlar. Sebäbi düýäniň hiç bir yrýa zady ýok.
Aşgabatda we onuň eteklerindäki baýryň üstünde ekilen baglary turbajyklar arkaly damjalaýyn usulda suwarmak ýola goýuldy.
Öňki maliýe ministri Kudrin prezident Dmitriý Medwedew bilen oňuşman, geçen ýylyň sentýabr aýynda wezipesinden çekilipdi. Indi köpleri oýlandyrýan bir zat bar.
Ýer togalagyndaky iň ýapyk ýurtlaryň biri hasaplanýan Türkmenistan özünde bolup geçýän geň-taň wakalar bilen hem giňden tanalýar. Belki-de, bu ugurda onuň bilen diňe Demirgazyk Koreýa bäsleşip biler.
Gündogarda örän meşhur “Möwlana” sopuçylyk taglymatyny esaslandyran Jelaleddin Rumynyň kakasy Bahaweddin Welet Ahmet Hatabyň maşgalasynda, takmynan, on ikinji asyryň 60-njy ýyllarynyň ikinji ýarymynda Balhda dünýä inýär.
Ýakynda Belarusyň Brest şäherinde okaýan türkmen studenti Moskwa şossesiniň ýakasyndaky tokaýda agaçdan asylgy ýagdaýda tapyldy diýip, “BelaPAN” informasion habarlar gullugy habar beripdi.
Günorta Koreýanyň paýtagty Seulda geçirilen duşuşygyň ahyry golaýlanda Birleşen Ştatlaryň prezidenti Barak Obama bilen Orsýetiň prezidenti Dmitriý Medwedewiň arasynda bolan şahsy gürrüňler ýyldyrym çaltlygynda media syzdy.
Amerikan diplomaty, 74 ýaşy arka atan özbek diktatory we Nowruz baýramçylygynyň döwlet derejesindäki şowhunly dabarasy – bularyň üçüsini bir ýere jemleseň näme emele gelýär?
Azatlyk Radiosynyň baýry žurnalisti, hak söz hem hakykat ugrunda göreşiji Halmyrat Gylyçdurdyýewiň aramyzdan gidenine bir aýdan gowrak wagt geçdi.
Islendik halky halk hökmünde kemala getirýän aýratynlyk nämeden ybarat? Şu sowalyň jogaby belli bir derejede türkmençiligiň nireden başlanýandygyna göz ýetirmäge ýardam edip bilerdi.
Ýene-de ýükle