Russiýa Ukrainanyň berk galasy Kramatorsk şäherine hüjüm edýär. Ukrainanyň häkimiýetleri şähere demirýol gatnawyny togtatmaga mejbur boldular. Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosynyň Ukraina gullugy şäheriň meşhur demir ýol menziliniň urşuň başyndan bäri nähili ýagdaýlary başdan geçirendigini ýatladýar.
“C5+1” formaty 10 ýyl mundan ozal, 2015-nji ýylda Merkezi Aziýa ýurtlary bilen ABŞ-nyň arasyndaky dialog üçin täze platforma hökmünde döredildi. Ilkinji ýyllarynda format daşary işler ministrleri derejesinde geçirildi. 6-njy noýabrda Waşingtonda boljak sammit ikinji ýokary derejeli duşuşyk bolar.
Resmi taýdan mejbury zähmeti bes etmek wadasyna garamazdan, Merkezi Aziýanyň dürli künjeklerinde müňlerçe mugallym, saglyk işgäri we beýleki döwlet gullukçylary pagta ýygmaga mobilizasiýa edildi.
Ýene-de ýükle