Iki ýyl mundan öň Gyrgyzystanda “Şapak” – ýurtdaky ilkinji zenanlar hokkeý komandasy peýda boldy. Olar oglanlar bilen oýnamaly bolýarlar, sport enjamlaryny bolsa mugt, häzir Şweýsariýada ýaşaýan ildeşleri iberdi.
Ýylyň başy aşgabatlylaryň medeni durmuşynda düşümli boldy. Tomaşaçylarda täsir galdyran medeni wakalaryň biri 16-njy ýanwarda bellenýän "Bitlz" toparynyň bütindünýä gününe gabatlanyp geçirilen konsert boldy. Bu çäre 18-nji ýanwarda "Türkmenistan" kinokonsert zalynda geçirildi.
Internetde peýda bolan wideoda görnüşine görä, Eýranda bir ýolagçy uçary gonuş çyzygyndan sürtülip durandan soňra, onuň bortundaky ýolagçylar ewakuasiýa edilýär. Kaspi howaýollaryna degişli uçaryň bortundaky 135 ýolagçynyň hiç birine şikesiň ýetmändigi aýdylýar. Hadysanyň 27-nji ýanwarda Eýranyň gün
Pakistanyň Karaçi şäherinde gyzlar örän seýrek tigir sürýärler. Olar tigir sürende, kesekileriň duşmançylykly çiňerip seretmegine we kemsitmelerine sezewar bolýarlar. Ýöne hökümete degişli bolmadyk guramalaryň biri bu sosial normalara garşy göreşip,
Türkmenistanyň we türkmenistanlylaryň durmuşy bilеn bagly gyzykly pursatlary şekillendirýän fotosergi.
Belgradda müňlerçe adam 18-nji ýanwarda tapgyr 59-njy gezek hökümete garşy ýörişe çykdy. Olar bu gezekki ýörişde 2018-nji ýylyň 16-njy ýanwarynda öldürilen Oliwer Iwanowiçiň, kosowaly serb syýasatçysynyň hatyrasyny tutdular.
Protetçiler 9-njy ýanwarda Abhaziýanyň separatist lideri Raul Hajimbanyň edara jaýyna zabt etdiler. Olar onuň wezipesinden çekilmegini talap edýärler.
4-nji ýanwarda Bagdatda bir gün ozal ABŞ zarbasynda öldürilenler, şol sanda eýranly komandir Kasem Suleýmani, Yragyň harbylaşdyrylan toparynyň başlygy Abu Mahdi al-Muhandis üçin guralan ýas çäresine müňlerçe adam gatnaşdy.
Ýene-de ýükle