Akuşer-ginekolog Kyrylo Wentskiwskiý 24-nji fewralda Russiýa Ukraina çozanda gijeki nobatda işleýärdi. Ol uruş döwründäki Ukrainada doglan ilkinji bäbegiň dünýä inmegine kömek etdi. Şondan bäri ol diňe bir gezek öýüne gaýtdy. Onuň işleýän bäbekhanasynyň işi bombadan goranmak üçin niýetlenen gaçybata
Ukrain pianinoçysy rus oklary zerarly ýiti zeper ýeten öýüniň harabalyklarynyň arasynda, Şopeniň eserini “soňky gezek” ýerine ýetirdi. Iryna Manýukina, 5-nji martda gyzy tarapyndan ýazga alnan wideoýazgyda Ukrainanyň paýtagty Kiýewden 80 km uzaklykda ýerleşýän Bila Tserkwadaky öýünde pianino çalýar.
Türkmenistanyň we türkmenistanlylaryň durmuşy bilеn bagly gyzykly pursatlary şekillendirýän fotosergi.
Türkmenistanda geçiriljek irki prezident saýlawlary yglan edileninden soň, daşary ýurtlarda ýaşaýan türkmenleriň bir topary saýlawyň azat we adalatly geçirilmegine çagyryp, öz aralaryndan birnäçe dalaşgär hödürlediler. Azatlyk olaryň birnäçesini söhbetdeşlige çagyryp, eger deň bäsleşige mümkinçilik
6-njy martda Azatlyk Radiosyna haýwana rehimsizlik görkezilen pursadyň wideosy gowuşdy. Wideoda bir adam ynanjaň iti özüne çekýär we ony otlaýar. Haýwanlary goraýjy aktiwistler bu wideony ýagdaýa gatnaşan adamlaryň düşürendigini we ite zulum eden adamyň itleri awlamak işlerine gatnaşýan döwlet edaralary bilen baglanyşykly däldigini aýdýarlar.
Türkmenistanyň prezidenti häkimiýet çalşygyny gytaklaýyn yglan etdi. Gurbanguly Berdimuhamedow döwleti dolandyrmakda “ýaş ýolbaşçylara” ýol bermek isleýändigini aýtdy. Munuň yz ýany, Merkezi saýlaw topary ýurtda saýlaw möwsümini yglan etdi. Irki prezidentlik saýlawlary 12-nji martda geçirilýär.
Gurbanguly Berdimuhamedowyň mirasdary, onuň öz ogly, 40 ýaşly Serdaryň bolmagy örän ahmal. Ol eýýäm ençeme ýyl bäri döwletiň möhüm wezipelerini eýeläp gelýär, onuň ýurduň sebitlere eden sapary bolsa, döwlet ýolbaşçysynyň saparyna meňzeýärdi.
Türkmenistanda dowam edýän saýlaw möwsüminiň arasynda Azat Adalga "erkin we adalatly" saýlawlaryň käbir aýratynlyklaryny öwrenýär.
24-nji fewralda irden teleýaýlymlar rus goşunlarynyň Ukraina garşy girişen ýaragly çaknyşygy we “ýörite harby operasiýa” barada Putiniň aýdan sözlerini efire berdi. Rus syýasatçylary bu çozuşy “Donbasy goldamak” we “parahatçylygy goraýyş missiýasy” atlandyrýarlar.
Ýene-de ýükle