Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Çeşmeler

Illýustrasiýa suraty
Illýustrasiýa suraty

Ylmy kitaplaryň köpüsi diýen ýaly okyjylaryň okamagy üçin ýazylmaýar. Ýöne publisist Douglas Hanteriň aýtmagyna görä, indi muny üýtgetmegiň wagty gelip ýetipdir.

Şu ýylyň ýanwar aýynda ABŞ-nyň Wirjina ştatyndaky William we Mary kollejiniň professory, taryhçy Karin Wulf özüniň “Irki ullakan Amerika” ("Vast Early America") atly blogy üçin “Bäş sany aňsatjyk ädim bilen ylmy kitaby nädip ýazmaly” diýen bir makala taýýarlady.

Köplenç doktorluk işini goraýan talyplar öz sapaklary üçin diýseň köp çeşmäni okamaly bolýarlar we hepdelik öý işlerini gaty kynlyk bilen berjaý edýän wagtlaryna-da duş gelinýär. Wulf, özüniň bir ylmy iş üçin zerur bolan diňe kitap we makalalar bilen çäklenilmeýändigini, olardan daşaryn göwnüne ýaraýan käbir ylmy kitaplary hem okaýandygyny aýdýar.

Golaýda Kanadanyň Toronta şäherindäki Ýork uniwersitetinde doktorluk işini goran Wulfuň blog makalasynda, ylmy ugurlaryň kitaplar bilen utgaşykly taraplaryna hem üns çekilipdir. Ylmy kitaplar nähili ýazylýar, nähili neşir edilýär we okyjylara nähili hödürlenýär?

Hepdede 9 kitap

Douglas Hanteriň özi 30 ýyllyk žurnalistika we publisistika tejribesinden soňra 51 ýaşynda taryh ugry boýunça doktorlyk işini goramagy ýüregine düwüpdir we şeýlelik-de, gaýtadan ýokary bilim almaga başlapdyr. Aslynda ol şeýle ylmy derejeden durmuşda nirede peýdalanyp biljegine takyk göz ýetirip bilmändigini, ýöne muňa garamazdan, özüni synap görmek barada karara gelendigini aýdýar. Ol, ylmy taryhy “jemgyýetçilik” taryh bilen utgaşykly ýagdaýa getirmegi umyt edýär.

Hanter mundan owal “Doubledaý”, “Penguin”, “Bloomsbury” ýaly tanymal neşirýatlarda birnäçe taryhy kitap çap etdiripdi. Ylmy eserleriň girdeýji maksatly ýazylýanlardan tapawutly bolýandygyny aňýan Hanter, okamaga başlandan soň ylmy kitaplara diňe ylmy nukdaý nazardan garalýandygyna doly göz ýetiripdir.

Okaýan üç sapagy sebäpli ylmy ýygnaklara gatnaşmaly bolan Hanter her bir sapak bilen baglanyşykly hepdede 3 kitap okamaly bolupdyr. Bu hepdede jemi 9 kitaby okamak bolýar. Hepdelik okalmaly çeşmelere sapakda geçilýän tema bilen baglanyşykly beýleki kitaplar we žurnallar hem degişlidir. Bir sapak bilen baglanyşykly okamaly kitabyň sany ýüze çenli ýetip bilýär. Ahyrynda bolsa, olaryň hemmesi bilen baglanyşykly synagdan geçilmeli bolýar.

"Ýork uniwersitetinde iki sapagyň dolulygyna okalmagy talap edilýärdi. Men onsoň her biri dört sagatlyk iki sany ýazmaça görnüşde bolýan synaga girip, soň professorlaryň öňünde çykyş etmeli boldum. Onuň yzýanyndan hem ylmy işi ýazmak tapgyry başlaýardy.

Sapaklaryň başlamagyndan 3 hepde soň men hepdelik öý işlerinden bizar bolup, tas okuwy taşlapdym... Gaty gysga wagtda doktorluk işini goramagyň öýde kitap okamaga meňzemeýändigine doly göz ýetirdim. Sen kitabyň esasy mazmunyna düşünip, geljek hepdäniň seminarynda awtoryň öňe sürýän esasy garaýyşlaryna baha bermeli bolýarsyň. Hatda ençeme aýlap taýýarlanyp, soň esasy synaglardan geçmek üçin iki sapagyň tutuşlaýyn materiallaryny okap gutarmak mümkin bolmaýardy. Ahyrynda alajyň galmansoň, kitabyň giriş we ahyrky bölümi bilen her bir bölümiň sözbaşyny we soňky bölegini okaýarsyň. Has kyn ýagdaýda etmeli işiň bolsa, şol kitap hakda seminarda ýa-da ekzamende garaýyş beýan etmek üçin onuň bilen baglanşykly ýazylan ähli teswirleri okamaly bolýarsyň” diýip, Hanter ýazýar.

“Gysga ýoldan”

Hanter 2015-nji ýylda doktorluk derejesini alypdyr. Ýöne ondan soň adamlaryň akademiýada juda köp maglumaty okap, ýazmagy ony biynjalyk edipdir.

“Gumanitar ugurda ylmy kitaplar, ýagny doktorantura kitaplary ‘gysga ýoldan’ okaýan adamlar tarapyndan ýazylýar. Doktorluk işini gorap, üstünlik gazananlar soň kitap ýazan mahaly ‘gysga ýoldan’ okalýan, ýagny aňsat okalýan kitap ýazmak isleýärler. Ýazan kitabynyň sapaklarda okadylmagyny isleýän bolsa, olar şeýle etmeli. Onsoňam kitaby çalt okap dynmak isleýän diňe bir talyplar däl, eýsem galyberse-de professorlar hem işiň tiz wagtda gutarmagyny isleýärler. Degişli adamlaryň ol kitaby dolulygyna okamaga wagty, islegi ýa-da mümkinçiligi ýok bolsa, onda şol ylmy kitaplar biziň bilýän adaty kitaplarymyz ýaly ýazylmaýar. Şeýle-de, şol kitaplary okamak isleseň hem gowy okap bolmaýar... Gysgaça aýdylanda, ýagny gazanç etmek üçin ýazylýan edebi eserlerdäki tilsimler şeýle ylmy kitaplarda ulanylmaýar” diýip, Hanter ýazýar.

Awtoryň pikirine görä, ylmy kitaplaryň alymlaryň nukdaý nazaryndan şeýle görnüşde ýazylmagy diňe bir ylmy işgärler üçin däl, eýsem tutuş jemgyýet üçin kynçylykly mesele bolup durýar. Alymlaryň öňe sürýän ideýalary, diňe alymlaryň garaýyşy bilen çäkli galanda, jemgyýet ondan kynçylyk çekýär. Jemgyýet hem olaryň edýän işlerine perwaýsyz garanda bolsa, bu gezek alymlar kynçylyk çekýärler.

Hanter, ylmy işgärleriň öz ideýalaryny, jemgyýetde okalan mahaly aňsat düşünip bolar ýaly ýagdaýa getirmegi öwrenmelidigini we bu ugurda blog makalalary bilen jemgyýetçilik neşirleriň olara kömek edip biljekdigini nygtaýar.

Britaniýadaky Wiking festiwaly
Britaniýadaky Wiking festiwaly

Dünýäde her gün 200 töwereginde ösümlik, mör-möjek, guş we süýtemdiriji haýwan görnüşi ýok bolup gidýär. Bu san näçe aýylganç eşidilýänem bolsa, aslynda o diýen geň ýagdaý däl.

Bulardanam has gynandyryjy ýagdaý, planetada her iki hepdede bir diliň ýok bolýandygydyr.

BMG-nyň golaýda çap eden hasabatynda, dünýädäki käbir dilleriň çalt depginde ýok bolýandygyna üns çekýär.

Hasabatda beýan edilişine görä, biziň eramyzdan owal adamlar 20 müň dil we dialektde gepleşýär ekeni.

UNESCO-nyň soňky maglumatlaryndan çen tutulanda, häzirki döwürde dünýäde adamlar diňe 6500 dilde gepleşýärler. Bulardan iki müň sanysyna ýok bolup gitmek howpy abanýar.

Dünýädäki adamlaryň 97 göterimi planetadaky dilleriň diňe 4%-ni ulanyp, olarda gepleşýärler.

Dünýäniň umumy ilatynyň 3 göterimi bolsa, galan 96 göterimlik dilleri ünsden düşürýär.

Diýmek, ilat sany gaty az bolan halklaryň öz ene dilleri o diýen kän ýörgünli bolmansoň, ýok bolup gidýär.

UNESCO-nyň bellemegine görä, diller adamzadyň ideýasyny, duýgusyny, bilimini we ýatlamalaryny özünde jemleýän milli hazynadyr.

Eýsem muňa garamazdan, diller näme sebäpden ýok bolýar? Kämahal munyň sebäbi ol dilde gepleşýän adamlaryň nesliniň gutarmagy bolup bilýär. Şeýle ýagdaý tebigy betbagtçylyklar, ýokanç keseller we uruşlaryň netijesinde ýüze çykýar.

Kämahal bolsa käbir halklar öz ene dilini ünsden düşürýär we ony terk edýär.

Meselem, 1932-nji ýylda Salwadorda aborigen hindi dilleriniň toparyndan bolan Lenka we Kakaopera dilleri ünsden düşürilipdir. Muňa Salwador goşunlarynyň ýerlileri öldürmegi sebäp bolupdyr.

Ýiten dilleriň ornuna umuman iňlis, ispan, fransuz we mandarin dilleri geçipdir.

Häzirki döwürde aşakdaky şu ýedi dile ýitme howpy abanýar:

1. Ýedek dili

Malaý ýarym adasynda geçen ýyl äşgär edilen bu dilde bir şäherde ýaşaýan bary-ýogy 280 adam gepleşýär.

Bu ýerde aýratyn belläp geçilmeli bir ýagdaý bar, ýagny ýedek dili jeňňellikde ýaşaýan wagşy taýpanyň dili däldir. Gürrüňi gozgalýan şäherde owalky döwürde etnograf we antropologlar giňişleýin ylmy barlag geçiripdirler. Olarda bu ýerli dil uly gyzyklanma döredipdir.

Netijede, ylmy dilde aýdylanda, ýedek dili "ýazuwa geçirilmändir".

Häzirki döwürde bu dil bilen Lund uniwersitetiniň umumy lingwistika boýunça professory Niklas Burenhalt meşgullanýar.

Onuň aýtmagyna görä, bu dilde hünärleriň ady, almak, satmak, ogurlamak ýaly sözler düýbünden ýok. Ýöne ýedek dilinde paýlaşmak we çalyşyk bilen baglanyşykly sözler bar.

2. Aka dili

Hindistandaky dillerden bolan aka dili ýurduň Arunahal Pradeşda atly demirgazyk ştatynda gepleşilýär. Bu diliň gepleşilýän şäherine barmak üçin, jeňňellikleriň arasyndan ulag bilen 5-6 sagat ýol aşmak gerekdir.

Ýöne indi gynansagam bu dil hem ýitip barýar. Şäheriň ýaşlary ýurduň esasy dili bolan hindi dilinde gepleşmäge ürç edýärler. Şäherdäki telekanallarda we radiolarda hem hindi dilinde gepleşikler goýberilýär.

Häzirki döwürde aka dilinde bary-ýogy 3 müň adamyň gepleşýändigi çak edilýär.

3. Island dili

Island dili aslynda tutuş bir ýurduň döwlet dili hem bolsa, gaty ünsden düşürilipdir. 13-nji asyrdan bäri bu diliň kämilleşen grammatiki gurluşa eýedigi bilinýär.

Ýöne muňa garamazdan, döwrüň internet tehnologiýasy we sosial media bu diliň "ölüm permanyny" taýýarlaýar.

Iňlis diliniň ýörgünli bolmagy island diliniň çetleşdirilmegine sebäp bolýar.

4. Marşall dili

Kämahal daş-töwerekde bolup geçýän ýagdaýlar we howa şertleriniň üýtgemegi hem diliň ýitmegine sebäp bolup bilýär. Marşall adalarynda häzir hut şeýle ýagdaý bolup geçýär. Awstraliýa bilen Gawai adalarynyň arasynda ýerleşýän bu merjen adalarynda ýaşaýyş şertleri barha kynlaşýar.

Okeanyň suwunyň beýgelmesi ýerli ýaşaýjylaryň bu adalary terk etmegine sebäp bolýar.

Olaryň esasy köpçüliginiň ABŞ-nyň Arkanzas ştatyndaky Springdeýl şäherine göçmegi bolsa munyň üstesine gaty geň galdyryjy ýagdaýdyr.

Bosgunlykdaky halklar gysga wagtyň içinde öz ene dilini ýadyndan çykarýandyr.

5. Wintu dili

Ýewropalylar demirgazyk Amerika barmazyndan owal winti taýpasynyň adam sany 14 müň ekeni.

Häzirki döwürde bolsa bu san ýokanç keseller we "zor bilen göçmäge mejbur edilmegi" sebäpli 150 adama çenli azalypdyr.

UNESCO-nyň maglumatyna görä, indi bu dilde gowy gepläp bilýän diňe ýekeje adam galandyr.

6. Tofa dili

Bu dil Russiýa federasiýasynyň Irkutsk welaýatynda ýaşaýan türki dilli taýpa bolan tofalaryň dilidir. UNESCO-nyň maglumatyna görä, häzirki wagtda bu dilde gepleşýän jemi 40 adam bar.

Bu dil welaýatyň iň çet künjegindäki üç şäherde gepleşilýär.

Aslynda üzňe ýerde ýaşalmagy owal bu diliň goralyp saklanmagyna kömek eden bolsa, indi şäheriň ýaşlarynyň esasan ors dilindäki mekdeplerde bilim almagy ene diline howp abandyrýar.

Şeýlelikde, täze nesil tofa ýa-da tofalaryň dilini bilmeýär.

7. Elfdal dili

Elfdal dili gadymy Nord ýa-da Wiking dili bilen bir maşgala degişlidir. Bu dilde diňe Şwesiýanyň çet künjegindäki Älwdalen welaýatynda gepleşilýär.

Gadymy german dillerine degişli bolan bu dilde Skandinawiýada jemi 3 müň adam gepleşýär.

Ýöne indi bu dilde gepleşýänleriň aglaba köpçüligi şwed dilinde gepleşmäge ýykgyn edýär.

Şoňa görä bu diliň ýitmezligi üçin tagalla edilýär. 2016-njy ýylyň mart aýynda Älwdalen şäheriniň mejlisi çagalar baglarynyň hemmesinde bu diliň okadylmagy barasynda karar kabul edipdir.

Ýene-de ýükle

XS
SM
MD
LG