Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Çeşmeler

Wladimir şäherindäki awtobus duralgalarynyň birinde asylan plakat
Wladimir şäherindäki awtobus duralgalarynyň birinde asylan plakat

Orsýetiň “Parnas” liberal syýasy hereketiniň Wladimir şäherindäki ýerli kordinatory we şol bir wagtyň özünde “Tomiks-TW” telekanalynyň redaktory Anna Galinkina ýaňy-ýakynda awtobus duralgalarynda Stalin döwrüniň gizlin polisiýa gullugynyň ofiserleriniň hormatyna asylan bezegli portretleri görüp, aň-taň bolupdyr.

Onuň kakasy Zinowy Galinkin II Jahan urşunyň yz ýany “anti Sowet propagandasyna” gatnaşmakda ýerliksiz aýyplanyp, Gulaga, ýagny Zähmet düzediş lagerlerine ugradylypdyr. Anna prezident Wladimir Putiniň hökümetiniň öz maşgalasyny yzarlan adamlaryň atlaryny täzeden dikeltmeginden nägile bolýar.

“Bu günki gün bularyň ýüz nikaplaryny çykarandyklary göze dürtülip duran ýagdaý” diýip, Galinkina Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosynyň Rus gullugyna gürrüň berdi. “Sowet çekistleriniň häzirki elitanyň düzümindäki mirasdüşerleri özlerinden öňki jellatlaryň eden etmişlerini jemgyýetiň unutmagyna ýol bermeýän adamlardan aç-açan ar alýarlar” diýip, ol aýtdy.

Anna Galinkina
Anna Galinkina

Putin we onuň töweregindäki köpsanly geňeşçi Sowet döwrüniň KGB-siniň weteranlarydyr. Putiniň ýigrimi ýyllap ýurdy dolandyran döwründe Orsýetde sowet diktatory Iosif Staliniň keşbi täzeden janlandyryldy, şeýle-de onuň öz halkyna garşy baş goşan jenaýatlarynyň ähmiýetini ünsden düşürmek boýunça tagalla edildi.

Wladimir şäherindäki afişa kampaniýasynyň guramaçylygyny KGB-niň mirasdüşeri bolan Federal howpsuzlyk gullugyna (FSB) degişli ýerli muzeý amala aşyrýar. Bu kampaniýanyň çäginde sowet döwrüniň howpsuzlyk gulluklarynda hyzmat eden ofiserleriň portretleri we olaryň arassalanan terjimehallary görkezilýär.

Kampaniýa “Olar ÇK-a hyzmat etdiler” diýen şygary ulanýar. “ÇK” anti rewolýusiýaçylara garşy göreşmek üçin,1917-nji ýylda döredilen adatdan daşary komissiýanyň gysgaltmasydyr. Bu gysgaltma “çeka” diýlip okalýar hem-de howpsuzlyk güýçleriniň hatarynda, şol sanda Stalin döwrüniň NKWD-synda we Sowet zamanasynyň KGB gullugynda hyzmat eden adamlara “çekist” diýilýär.

Olary hatyralamak ugrunda geçirilýän bu ýylky ýyllyk kampaniýalar 30-njy oktýabrda Orsýetde Syýasy represiýalaryň pidalarynyň hormatyna bellenýän Hatyra gününiň öňýany tamamlandy. Syýasy zulmuň pidalarynyň Hatyra güni sowet hökümetiniň millionlarça pidasyna bagyşlanýar.

Federal howpsuzlyk gullugynyň (FSB) muzeýi 2013-nji ýyldan bäri ätiýaçlyk bilen dürli şygar astynda kampaniýa guraýar.

“Içalylara ölüm”

2018-nji ýylda geçirilen kampaniýalar howpsuzlyk gulluklarynyň II Jahan urşunda we onuň yzýany SMERSH, ýa-da “Içalylara ölüm” ady bilen geçiren hereketlerine ünsi çekýär. Şonda NKWD-nyň ofiserleri “dönüklikde”, “gullukdan çetde durmakda” we”jögülikde” güman edilýänleri awlap, olary rehimsiz jezalandyrypdy. Şeýle-de, SMERSH-iň ofiserleri Gyzyl goşunyň uruşdan soň azatlyga çykan harbylaryny ilik-düwme seljerip, olaryň hataryndan ýüzmüňlerçe adamy Sowet soýuzynyň zähmet düzediş lagerlerine ugratmak işleri bilen hem meşgul bolupdy.

Soňky kampaniýalaryň çäginde köçelere asylan plakatlaryň birinde general-leýtenant Ýakow Ýedurnowyň gysgaldylan terjimehaly köpçülige ýetirilýär. Onda Ýedurnowyň II Jahan urşunyň dowamynda we uruşdan soň ukrainaly milletparazlara garşy göreşmekde bitiren işleri magtalýar. Ýöne terjimehalda onuň “çekist” käriniň 1919-njy ýyldan 1953-nji ýyla çenli dowam edendigi barada gürrüň gozgalmaýar.

Uruş döwrüniň agentleriniň bitiren işlerine üns çekilmegi Wladimiriň ýaşaýjylarynyň arasynda bu kampaniýa barada gapma-garşylykly pikirleri döretdi. Şeýle-de olaryň hereketlerine üns çekilmegi çarkandakly döwürleriň çylşyrymly meselelerini şöhlelendirdi

“SMERSH ýakasy gaýyşly guramady” diýip, ýerli žurnalist Ýewgeniý Sklýarow aýdýar. “Olar özleriniň dönük hasaplanýan adamlary ele salýandyklaryny aýdýardylar. Ýöne, olar köplenç rewolýusiýadan soň ýurtdan gaçyp çykan adamlara zulum edýärdiler. Olar ýurtdan göçüp giden adamlary bikanun ýagdaýda yzlaryna dolaýardylar. Belki-de olar käbir hakyky içalylary-da tutandyrlar, ýöne olaryň ilat arasyndaky abraýy iňňän şübhelidi” diýip, ol belledi.

Roman Ýewtifeýew ýerli ýokary okuw jaýlarynyň birinde syýasat ugry boýunça alymdyr. “Şol ýyllar, hem gowy, hem erbet – köp zat bolup geçdi. Şonuň üçin biz bolan zatlaryň ählisiniň üstüne atanak çekip, hemme zady unudyp bilmeris. Şol döwürlerde hakykatdanam syýasy bähbitli garakçylar bardy. Sowet hökümeti şolara garşy göreş alyp barýardy” diýip, ol aýtdy.

“Eger-de biz gahrymanlary şöhratlajak bolsak, onda biz her näçe kyn bolsa-da ýagdaýlary öwrenmeli” diýip, ol sözüne goşdy. “Elbetde, häzir hiç kim bu işiň başyna barmak islemeýär. Meniň pikirimçe gümürtiklik bize köp zyýan ýetirdi. Ýedurnow kime garşy nähili göreşdi, biz bu zatlary aýdyňlaşdyrmaly” diýip, Ýewtifeýew belledi.

Ýerli taryhçy Andreý Ýerşow Söwet döwletiniň “tokaýlara sümen milletparaz ýaragly toparlara” garşy göreş alyp barandygyna ynanýar. Onuň ynanjyna görä, SMERSH-iň düzümindäki agentleriň uruş döwründe alyp baran işlerini hatyralamagyň hiç hili aýby ýok.

“Ýöne, eger-de bu kampaniýalar Raýat urşy döwründäki tussaglaryň öldürilmegini gutlap, bu çäreler Terrora gatnaşanlara we beýlekilere bagyşlanýan bolsa, onda söz ýok” diýip, ol sözüne goşdy. “Adam hem Terrora gatnaşyp, hem uruşda gahrymanlarça wepat bolup biler, dogry. Biz şu zatlary bellige almagyň bir ugruny tapmaly”

“Bize has içgin garaýyşlar zerur” diýip, akademik Ýestifeýew aýtdy. “Şol döwürlerde bolup geçen hatyralamaga mynasyp wakalar bar, şol bir wagtyň özünde ahmyr bilen ýat ediljek hadysalar bar. Käbir hadysalar täzeden gaýtalanmaz ýaly, olary ýatlamaly” diýip, ol belledi.

Ýöne žurnalist Sklýarow çekistleriň baş goşan jenaýatlarynyň olaryň bitiren işlerinden köpdügine berk ynanýar:

“Bu adamlar biziň ata-babalarymyzy tussag eden adamlardyr. Hatda hökümetiň özi hem şol baş-başdak bikanunylygy ýazgarypdy”, diýip ol nygtady.

Her ýyl abraýly Nobel baýragyny ýaňsa alyp geçirilýän Anti-Nobel baýraklarynyň dabarasynda 2018-nji ýylyň saglygy saklaýyş boýunça baýragyna böwrekdäki daşlaryň aşak gaçyrylmagy üçin seýilgählerde gurlan "şowhunly otlynyň” peýdalydygyny “äşgär” eden adamlara berlipdir.

Synagy geçiren amerikalylar, böwreginde daş bolanlaryň yzygiderli ýagdaýda seýilgählerdäki peýdaly enjamlary ulanmalydygyny öňe sürýärler.

Anti-Nobel baýraklaryna mynasyp bolanlaryň sanawy her ýyl “Annals of Improbable Research” atly wäşi temaly žurnalda çap edilýär. Žurnalyň ady bolsa “Täsin synaglaryň žurnaly” görnüşinde terjime edilýär.

Bu bolsa Anti-Nobel baýragyna laýyk hasaplanan işleriň aglabasy barada çynlakaý ylmy nesihatyň bardygyny görkezýär.

Böwrekdäki daşy seýilgähde şowhunly ýagdaýda gaçyrmak pikiri ilkinji gezek Miçigan döwlet uniwersitetiniň Osteapatik tebiplik kollejiniň professory Dewid Wartingeriň hassalaryndan biriniň kellesine Floridadaky Walt Disneý seýilgähinden dolanan mahaly gelipdir.

Ol hassanyň aýtmagyna görä, onuň böwregindäki daşlardan biri otly demir depelerden aşak hereket eden mahaly gaçypdyr.

Munuň tötänlikmi ýa-da dogrudanam peýdaly bolandygyny öwrenmek üçin yzygiderli ýagdaýda seýilgähdäki şowhun otlysyna münmäge başlapdyr. Ol her gezek baryp münende böwregindäki daşlardan biri gaçypdyr.

Bu ýagdaýa geň galan professor Wartinger hassasynyň böwrek ulgamynyň bir nusgasyny silikondan ýasapdyr. Soň onuň içine daş goýupdyr. Professor ýasama nusgany hut özi şowhunly otla äkidipdir.

Hassanyň aýdanlary dogry çykypdyr. “Äpet ýyldyrym dagy” (Big Thunder Mountain) atly şowhunly otla her gezek münen mahaly, ýasama böwrekdäki daşlar aşak gaçypdyr.

Professor Wartinger munuň otlynyň köpsanly belentli-pesli ýerden geçýändigi üçin bolýandygyny çak edipdir.

Saglygy saklaýyş ugry aslynda Anti-Nobel baýragynyň berilýän 10 ugrundan biridir.

13-nji sentýabrda ABŞ-nyň Kembriç şäherindäki Garward uniwersitetinde geçirilen dabarada her bir dalaşgäre öz işi barada çykyş etmegi üçin 60 sekunt wagt berlipdir.

Çykyşlara 8 ýaşyndaky bir gyz gözegçilik edipdir. Ol her 60 sekunt gutaranda: “Bes ediň indi, meniň içim gysýar” diýipdir.

Kämahal diýseň geň görülip biljek işler hem baýraga hödürlenipdir. Meselem, medisina ylymy baradaky baýraga “özüňi kolonoskopiýala” atly enjam üçin mynasyp görlen ýaponiýaly alym Akira Horiuçi ylmy barlagy öz üstünde geçirendigini aýdypdyr.

Professor “BBC NEWS” telekanalyna beren interwýusynda: “Adamlar, ylaýtada Ýaponiýada kolonoskopiýa barlagyndan gorkýarlar. Şonuň üçin hem ýogyn içegedäki rak keselinden ölýänleriň sany ýyldan-ýyla köpelýär. Men bu barlagy gaty aňsat geçirdim” diýipdir.

Bu ýylyň iýmitlenmek baradaky baýragyna britaniýaly alym mynasyp bolupdyr. Onuň geçiren barlagy adamynyň etiniň iýmit hökmünde ýokumly däldigini subut edipdir. Alymyň pikirine görä, ýokumlulyk taýdan adamynyň eti jandarlaryň etinden yzda galýar. Ol, öz geçiren barlagynyň adamynyň etini iýýänlere gönükdirilendigini nygtapdyr.

Ykdysadyýet baradaky baýragy, işçileriň özüni gaty gyssaýan müdirlerine garşy jadyly gurjaklar bilen yrym etmeginiň peýda getirmeýändigini subut eden ylmy iş alypdyr.

Alymyň aýtmagyna görä, müdirden ar almak üçin gurjaklardan peýdalanmak adamy wagtlaýynça bir salym ynjaltýan hem bolsa, işiň geljegi taýdan müdir bilen bolan problemanyň çözülmegi hökmanydyr.

Himiýa boýunça Anti-nobel baýragyny, adamynyň derisiniň hapany nähili arassalaýandygy barada geçirilen barlag alypdyr. Barlagçylaryň bellemegine görä, adamyň derisi, ylaýtada ynjyk keramika önümleriniň we tylla sahypalaryň arassalanmagynda diýseň täsirlidir.

Biologiýa boýunça baýragy alan şwesiýaly alymlar toparynyň subut etmegine görä, şerap hünärmenleri diňe ysa duýgurlyk bilen şerabyň içinde gatyşygyň bolup-bolmandygyny anyklap bilerler.

Anti-Nobel parahatçylyk baýragy, awtomobil ýollarynda kynçylygyň we dawa-jenjeliň azaldylmagy ugrunda synag geçirýän ispaniýaly topara berlipdir. Olaryň ylmy eseri “Ulag sürýän mahalyň gygyrmagyň we sögünmegiň ýaýbaňlanmagy, onuň sebäpleri, howplary we bolup biljek jezalary” diýip atlandyrylypdyr.

Guramanyň işgärleriniň aýtmagyna görä, Anti-Nobel baýragy owal güldürýän, galmagal turuzýan we soň hem oýlandyrýan ylmy işlere berilýär.

Ýene-de ýükle

XS
SM
MD
LG