Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Çeşmeler

Illýustrasiýa
Illýustrasiýa

Britaniýanyň kitap neşirýat senagatynyň berýän maglumatyna görä, ýurtda çeper eserlere edilýän çykdajynyň mukdary soňky bäş ýylda ýüzden 25 göterim azalypdyr.

Bilermenler çeper eserleriň adamlaryň boş wagtynda sosial media, telewideniýe, kino we beýleki güýmenjeler bilen ýaryşmaly bolýandygyny nygtaýarlar.

Beýleki tarapdan, elektron bolmaýan adaty we güýmenje kitaplarynyň satuwy ýokarlanypdyr. Munda naharlar-tagamlar, meşhur şahsyýetleriň biografiýalary we "özüň reňkle" ýaly kitaplaryň esasy roly oýnaýandygy bellenýär.

Britaniýada elektron kitaplara hem üns azalypdyr
Britaniýada elektron kitaplara hem üns azalypdyr

Ýurtda adaty roman we powest kitaplarynyň alyjylary bolsa diýseň azalypdyr. Bilermenler muny telewideniýäniň göçme ýagdaýa gelmegi we indi mobil telefonlaryň adamlara islän ýerinde bütin telekanallary elýeterli ýagdaýa getirýändigi bilen düşündirýärler.

Britaniýanyň "Publishers Association" atly neşirýatlar birleşiginiň maglumatyna görä, Birleşen Patyşalykda 2012-nji ýyldan bäri "jemgyýetçilik kitaplarynyň" satuwy ilkinji gezek ýüzden 8 göterip ýokarlanyp, geçen ýyl 3 milliard funt sterlinge baryp ýetipdir.

Guramanyň maglumatynda, umumylykda alnanda kitaplaryň, elektron kitaplaryň we žurnallaryň satuw rekordynyň 4,8 milliard funt sterling bolandygy mälim edilýär. Ýöne munyň bilen bir hatarda, elektron kitap satuwy ýüzden 3 göterim pese gaçyp, 538 million funt sterling bolupdyr.

Geň galdyrýan ýagdaý bolsa adaty kitaplaryň satuwynyň ýüzden 9 göterim ýokarlanyp, 884 million funt sterling bolmagydyr.

Bu ösüşde Joe Wicks tarapyndan ýazylan kitaplar ýygyndysynyň şowly satylmagy esasy roly oýnady.

Çagalar kitaplarynyň satuwy hem ýüzden 16 göterim ýokarlanyp, 365 million funt sterlinge barabar bolupdyr.

Britaniýadan çaga kitaplarynyň eksporty hem ýüzden 34 ýokarlanyp, 116 million funt sterlinge baryp ýetipdir.

2016-njy ýylda Britaniýada iň köp satylan 10 kitap

Britaniýanyň gazetleri 2016-njy ýylda iň köp satylan 10 kitabyň sanawyny şeýle hödürleýär:

“Garri Potter we lagnaty hyzmatkär” (Harry Potter and the Cursed Child) - J K Rowling, Jack Thorne we John Tiffany

"Otludaky gyz” (Girl on the Train) - Paula Hawkins

15 minutda garbanmak ” (Lean in 15) - Joe Wicks

Gijeki garakçylar” (Midnight Gang) - David Walliams

Dünýäniň iň ýaramaz çagalary” (The World's Worst Children) - David Walliams

15 minutda sagdyn beden” - Joe Wicks

"Senden soň" (After You) - Jojo Moyes

"Ginness dünýä rekordlary" (Guinness World Records)

“Brexit adasyndaky bäş adam” (Five on Brexit Island) - Bruno Vincent

Çaganyň gündeligi: Iki gezek aşak” (Diary of a Wimpy Kid: Double Down) - Jeff Kinney

Gülnabat daýza
Gülnabat daýza

Bize ajy habar gelip gowuşdy. Uly şahyr Gurbannazar Ezizowyň ejesi Gülnabat daýza 95 ýaşynda aradan çykypdyr.

Gubannazar Eziz aganyň hem Gülnabat daýzanyň ýalňyz zürýady – ýeke ogludy. Ýöne Magtymgulynyň “il-ulusdyr dosty-ýary ýekäniň” diýşi ýaly, Gurbannazar hiç wagt ýeke bolmandy, onuň dostlary köpdi, töweregi mydama ýoldaşlydy. Ol şol ýoldaşlary bilen Gülnabat daýzanyň saçagynyň başynda jemlenerdi. Şonuň üçin Gülnabat daýza diňe Gurbannazaryň däl, ähli şahyrlaryň – edebiýaty söýüji intelligensiýanyň ejesi ornundady.

Gurbannazar Ezizow ejesi - Gülnabat daýza bilen
Gurbannazar Ezizow ejesi - Gülnabat daýza bilen

Beýleki tarapdan bu ynsan Ikinji Jahan urşuna giden esgeriň wepaly ýoldaşydy. Geçen Watançylyk urşuna gatnaşan Eziz Hümmet ogly söweşde ýesir düşüp, Mauthauzen türmesinde örän agyr şertleri başdan geçiripdir. Gülnabat daýza ojagyny hem ýalňyz ogluny saklap bilipdir, soňra uruşdan gelen we ençeme yzarlanmalara, dürli soraga çekilen esgeri goramagy-da başarypdyr.

Olaryň gapysy hemmeler üçin açykdy. Gülnabat daýza gelen adamy açyk ýüz bilen garşy alýardy. Gurbannazaryň deň-duşlary hem ondan kiçiler bu mähriban enä ‘Gül daýza’ diýýärdiler. Onuň häsiýeti hem adamçylygy şol ada laýykdy.

Şahyr Gurbannazar soňky goşgularynyň birinde şeýle ýazdy.

Ine, durun seň öňüňde diňe ak süýdüňi emen,

Nämüçindir arzuwyň däl, nämüçindir tagaşyksyz...

Meni hiç bir zatdan gorap bilmedik ýalňyz enem.

Ene ogluna hem onuň dostlaryna mähir bilen çaý-nahar berse-de, bela-beterden gorap bilmedi. 1975-nji ýylyň güýzünde Gurbannazar heläkçilige uçrady. Şondan soň olaryň gapysynyň gelim-gidimi azaldy. Bir ýyl geçip-geçmän, Eziz aga-da aradan çykdy. Ýöne Gurbannazaryň ogly ýedi ýaşyna ýetende, şol gelim-gidimli gapyda uly toý berip, “indi ýasyň yzy kesilsin, bu öýe Gurbannazar bar wagtyndaky ýaly gelip duruň” diýdi.

Öz howlusyndan belli modern hudožnik Tokar Tugura jaý berdi. Tokary öz ogly orunda sylady hem hormatlady. Edebiýaty söýüjiler, Gurbannazaryň poeziýasyna hormat goýýanlar mydama Gül daýzalara baryp durdular.

Ol şahyryň çagalarynyň enesi boldy hem olardan çowluk gördi. Bu mähriban ene hemmeleri goramaga çalyşdy. Öz ömrüni başgalara görelde etdi. Şahyr şeýle diýipdi.

Daş oba düşse ýoluň,
Gyş bolsa sagy-soluň,
Ilki eneň ýat eder,
Soňra ýatlar aýalyň...

Jaýyň jennetden bolsun, Gülnabat eje.

Makalada öňe sürülýän pikirler awotryň özüne degişli.

Ýene-de ýükle

XS
SM
MD
LG