Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistan

Türkmenistanyň bank şahamçalarynyň birinde nobata duran raýatlar (Illýustrasiýa suraty)
Türkmenistanyň bank şahamçalarynyň birinde nobata duran raýatlar (Illýustrasiýa suraty)

Lebap welaýatynda ene-atalaryň Türkmenistanyň daşynda bilim alýan çagalarynyň okuw tölegi üçin pul geçirmekdäki kynçylyklary dowam edýär. Ene-atalaryň ençemesi özlerine kanun esasynda rugsat berilýän bu tölegleri geçirmek üçin bank işgärlerine para bermäge mejbur bolýandyklaryny aýdýar. Bu ýagdaýlar barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy 1-nji dekabrda sebitden maglumat berdi.

“Türkmenabatdaky banklaryň işgärleri daşary ýurtlarda bilim alýan ýaşlara okuw tölegini geçirmek üçin 5 müňden 12 müň manada çenli para alýarlar. Bu, Merkezi bankyň kursunda 1400-3400 ABŞ dollaryna deň bolýar" diýip, ýagdaýlardan ýakyndan habarly türkmenabatly ene anonimlik şertinde gürrüň berdi.

Çagalary Türkiýede we Russiýada bilim alýan saýatly we türkmenabatly eneleriň ençemesiniň sözlerine görä, para bermediklere dürli bahanalara esaslanyp, şol sanda daşary ýurtlardaky ýokary okuw jaýlaryndan goşmaça resminamalaryň gerekdigi aýdylyp, olaryň okuw tölegleri geçirilip berilmeýär.

Olar hemmeleriň bu parany bermäge tas dessine razy bolýandygyny, sebäbi okuw töleglerini gara bazaryň nyrhynda ugratsalar, onda tas alty esse köp çykdajy etmeli bolýandyklaryny hem aýdýarlar.

"5 müň manat para berdim"

“Men noýabryň soňky ongünlüginde perzendimiň okuw tölegini geçirmek üçin bank işgärine 5 müň manat para berdim. Şol güni oglumyň hasabyna puly ýatyrdylar. Oglumyň okuwynyň ýyllyk tölegi 4 müň dollar. Adamlar has uly möçberlerde para berýärler. Men 4 müň dollary gara bazaryň nyrhy bilen ugratmaçky bolsam, gaty gymmada düşýär – 80 müň manat bolýar. Men bolsa 14 müň manat töledim” diýip, saýatly ene anonimlik şertinde gürrüň berdi.

Türkmenistanda öňden bäri dowam edip gelýän maliýe-ykdysady kynçylyklaryň arasynda, türkmen häkimiýetleri 2015-nji ýylyň başynda walýutanyň söwdasyny berk çäklendirdiler. Şondan bäri dollaryň resmi alyş-çalyş bahasy 3,5 manat bolmagynda galýar. Bu aralykda, ýurtda walýutanyň gara bazary emele gelip, 1 dollar 20 manat bahalanýar.

Bu çäklendirmeleriň arasynda, türkmen häkimiýetleri daşary ýurtlaryň käbir ýokary okuw jaýlarynda bilim alýan raýatlaryna okuw üçin tölegleri türkmen banklaryndan geçirip, resmi kurs boýunça daşary ýurt puluna öwürmek mümkinçiligini döretdi.

Ýöne ene-atalar indi ençeme ýyl bäri bu mümkinçiligiň kadaly işlemeýändigini, dürli bökdençlikleriň döredilýändigini, şol sanda talap edilýän resminamalaryň sanynyň artdyrylýandygyny, özlerine kanun taýdan rugsat berlen bu tölegleri geçirmek üçin köplenç para bermäge mejbur bolýandyklaryny aýdyp gelýärler.

Gijikme we okuwdan çykarylmak howpy

Bu aralykda, lebaply ene-atalar para bermedikleriň okuw töleglerini geçirmek işleriniň gijikdirilýändigini we munuň çagalaryň okuwdan çykarylmagyna hem alyp barýandygyny aýdýarlar.

Bu maglumaty daşary ýurtlarda okaýan türkmenistanly talyplaryň birnäçesi, şol sanda Türkiýäniň ýokary okuw jaýlarynyň birinde okaýan türkmen talyby hem tassyklaýar.

Ol ene-atasynyň okuw tölegini türk ýokary okuw jaýynyň bank hasabyna wagtynda geçirip bilmändigi sebäpli noýabryň üçünji ongünlüginde okuwdan çykarylandygyny aýtdy.

“Enem parany bermek üçin bankdan araçyny tapyp bilmedi. Şeýlelikde, okuwdan çykardylar. Häzir rektorlyga ýüzlenip, okuwymy dikeltmegiň aladasyny edýärin” diýip, türkmenistanly talyp anonimlik şertinde aýtdy.

Azatlygyň bu ýagdaýlara barada Lebabyň degişli häkimiýetlerinden, şol sanda maliýe we bank resmilerinden teswir almak boýunça eden synanyşyklary oňyn netije bermedi.

Ýöne Türkmenabatdaky döwlet banklarynyň birindäki çeşmämiz anonimlik şertinde beren maglumatynda bu ýagdaýlary tassyklap, bir aýyň dowamynda diňe 50 adamyň okuw tölegini geçirmek barada dilden tabşyryk berlendigini aýdýar.

Aldawçylaryň 'toruna düşýän' ene-atalar

“Bu çäk zerarly köp adamyň okuw tölegi geçirilip berilmeýär. Bu bolsa, para alym-beriminiň möwjemegine getirýär. Bize 30 adamdan 5 müň manat, galan 20 adamdan hem 12 müň manat para almak tabşyrylýar” diýip, çeşmämiz belledi.

Türkmenabat şäher polisiýasyndaky çeşmämiz bu ýagdaýlaryň banklarda “tanyş” gözleýän ene-atalaryň, aldawçylaryň toruna düşüp, pullaryny aldyrmagy bilen bagly wakalaryň köpelmegine getirendigini hem aýdýar.

“Häzir bu mesele şeýle bir derejä ýetdi welin, adamlar şol parany bermek üçin tanyş tapsalar begenýärler. Şeýle görnüşli tanyşlygyň hyrydarynyň artmagynyň fonunda, ‘tanyş tapyp berjek’ diýip, adamlary aldap, adamlaryň pullaryny alýanlar köpeldi. Häzir şeýle kezzaplaryň toruna düşüp, polisiýa ýüz tutýanlar köpeldi” diýip, polisiýadaky çeşmämiz aýtdy.

Türkmen häkimiýetleri we metbugat serişdeleri ýyllarboýy dowam edip gelýän bu ýagdaýlar barada aç-açan mesele gozgamaýarlar.

Türkmenistanly ýaşlaryň müňlerçesi daşary ýurtlarda, hususan-da, Russiýanyň we Türkiýäniň ýokary okuw jaýlarynda bilim alýarlar.

Ýerli synçylar ýurduň ÝOJ-laryndaky orunlaryň sanynyň mekdebi gutarýan ýaşlaryň sanyna görä esli az bolmagynyň we olara okuwa girmek üçin paranyň mukdarynyň onlarça müň dollara ýetmeginiň, türkmen ýaşlarynyň ýokary bilim almak üçin daşary ýurtlaryň ÝOJ-laryna ýykgyn etmegine getirendigini aýdyp gelýärler.


Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Harby esgerler (Illýustrasiýa suraty)
Harby esgerler (Illýustrasiýa suraty)

Maryda kanun goraýjy edaralaryň işgärleriniň harby gullukdan boşan raýatlara, heniz öýlerine girmänkä, jerime ýazmagy ýa-da olardan “para almagy” bilen bagly wakalar göz-görtele köpeldi.

Polisiýa işgärleri munuň sebäbini raýatyň egnindäki “bezelen harby lybasyň Türkmenistanda geýilmeýändigi” bilen düşündirýärler. Bu ýagdaýlar barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy 1-nji dekabrda sebitden maglumat berdi.

“Ýakynda biz iki ýyldan soň öýe gaýdyp gelen oglumy dogan-garyndaşlarymyz, goňşularymyz bolup, ýola çykyp garşyladyk. Şonda oglumyň ulag kerwenine goşulyp, polisiýa işgärleri hem geldiler we el telefonlarynda wideo düşürip başladylar. Biz ilki olary oglumyň ýa-da ýanyndaky dostlarynyň tanyşlarydyr öýtdük. Ýöne soňra olar ýanymyza gelip, harby gullugy tamamlap gelen ýigidiň egnindäki bezelen harby lybasyň biziň ýurdumyzda geýilmeýändigini we jerimesiniň bardygyny aýtdylar” diýip, Ýolöten etrabynyň bir ýaşaýjysy anonimlik şertinde gürrüň berdi.

Adatdakysyndan has täze, şeýle-de döşünde we egninde gyzyl hem-de altynsow matalar we seçekler bilen bezelen harby lybasy geýen raýat
Adatdakysyndan has täze, şeýle-de döşünde we egninde gyzyl hem-de altynsow matalar we seçekler bilen bezelen harby lybasy geýen raýat

Bellesek, soňky aýlarda Türkmenistanda çagyryş boýunça harby gullugy tamamlap gelýän raýatlar adatdakysyndan has täze, şeýle-de döşünde we egninde gyzyl hem-de altynsow matalar we seçekler bilen bezelen harby lybasy geýip, öýlerine gelýärler. Bu lybaslar ýörite telekeçiler tarapyndan kireýine berilýär.

"Märekede saýlanyp, göze ilmek üçin"

“Gullugy tamamlan ýaşlar köne egin-eşiklerde öýüne dolanmajak bolup, özlerini toý-dabara bilen garşylaýan ene-atasynyň, dogan-garyndaşlarynyň ýanyna arassa, täze, bezelen eşiklerde gelip, märekede saýlanyp, göze ilmek üçin, öýüne golaýlanda bezelen harby lybaslary geýip gelýärler. Ýöne indi olaryň bu höwesine hem kölege düşýär. Polisiýa işgärleri munuň üçin raýatlara ýüzlerçe manat jerime ýazýarlar” diýip, bu ýagdaýlar bilen ýüzbe-ýüz bolan ýolötenli başga bir ene anonimlik şertinde aýtdy.

Türkmenistanyň “Harby borçlulyk we harby gulluk hakyndaky” kanunynyň 37-nji maddasynda harby gullukçylaryň harby geýim lybasynyň we tapawutlandyryş nyşanlarynyň ýurduň kanunçylygy arkaly goralýandygy bellenilýär.

Şeýle-de, onuň bikanun geýilmeginiň Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda jogapkärçilige eltýändigi nygtalýar, ýöne munuň jikme-jiklikleri aýdyňlaşdyrylmaýar.

Harby gullukdan gelen ogluny garşylaýan hojalyklaryň köpüsi polisiýanyň bu çärelerine uly nägilelik bildirip, gohlaşýar.

"100 manat beriň, biz gideli"

“Polisiýa işgärleriniň aglabasy hem, hojalyklar goh-galmagal edip başlasa, ‘bolýar, gohlaşmaň, bize goh gerek däl, 100 manat beriň, biz gideli’ diýip, jogap berýärler. Toý edip oturan hojalyklar 100 manat berip, polisiýany ugradyp goýberýärler” diýip, ýagdaýlardan habarly maryly ýene bir ýaşaýjy anonimlik şertinde aýtdy.

Azatlyk bu ýagdaýlar barada welaýatyň Polisiýa müdirligi, şeýle-de, ýerli polisiýa bölümi bilen telefon arkaly habarlaşyp, teswir almaga synanyşdy. Ýöne redaksiýamyzyň 1-nji dekabrda ýurduň Içeri işler ministrliginiň resmi web sahypasynda görkezilen telefon belgilerine eden jaňlaryna hiç kim jogap bermedi.

Şu günler Türkmenistanda çagyryş boýunça harby gullugy geçýän esgerleri gullukdan boşatmagyň we raýatlaryň harby gulluga nobatdaky çagyrylyşynyň güýzki möwsümi dowam edýär. Bu möwsüm oktýabr-dekabr aýlaryny öz içine alýar.

Ýaramaz şertler, harby lybaslaryň ýetmezçiligi

Türkmenistanda harby gullukdan boşap gelen esgerler gullukdaky ýaramaz arassaçylyk şertleri, harby lybaslaryň ýetmezçiligi, olaryň aşa könedigi barada Azatlyga ýygy-ýygydan maglumat berýärler.

Mundan başga-da, harby bölümlerdäki çeşmelerimiz goşunda gulluk edýän esgerlere ozal her alty aýdan berlen täze egin-eşikleriň indi ençeme ýyl bäri her ýylda bir gezek, käte iki ýylda bir gezek berilýändigi barada hem gürrüň berdiler.

Şu ýylyň sentýabrynda çagalary ýurduň dürli künjeginde gulluk edýän ene-atalaryň ençemesi harby bölümlerde esgerlere arassaçylyk serişdeleriniň we 70 manat möçberindäki “paluçkanyň”, ýagny esgerleriň aýlyk eklenç üpjünçiliginiň berilmeginiň bes edilendigini aýtdy.

Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlislerinde ýurduň Ýaragly Güýçleriniň hatarynda gulluk edýän harby gullukçylaryň durmuş üpjünçilik ýagdaýynyň örän ýokarydygy tekrarlanyp, ýokardaky ýagdaýlar barada hiç zat aýdylmaýar. Goşundaky problemalar barada döwlet mediasynda hem hiç hili gürrüň gozgamaýarlar.

Türkmenistanda harby gulluk 18-27 ýaş aralygyndaky erkek raýatlar üçin hökmany hasaplanýar. Ýurtda raýatlary goşuna çagyrmak we ondan boşatmak ýylda iki gezek güýz we bahar aýlarynda geçirilýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Ýene-de ýükle

XS
SM
MD
LG