Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistan

Bezeg suraty
Bezeg suraty

Türkmenistanyň şäher, etrap merkezlerinden uzakda ýerleşýän obalarynyň, täzelikde bölünip berlen mellek ýerleriniň gaz, elektrik üpjünçiligi ýaş çagaly maşgalalarda uly nägilelik döredýär diýip, Azatlygyň çeşmeleri habar berýär.

Azatlygyň Marydaky habarçysy, prezident Serdar Berdimuhamedow bu sebite sapar edip, resmi habara görä, “Oba milli maksatnamasyndan gelip çykýan wezipeleri ýerine ýetirmek boýunça ýaýbaňlandyrylan giň möçberli işler bilen" tanşyp gaýdanyndan soň, sebitiň Ýolöten, Sakarçäge, Türkmengala etraplarynyň çetki obalarynda gaz üpjünçiligi örän pes bolmagynda galýandygyny habar berdi.

Ýerli häkimlikler, prokuraturalar halky diňlemeýär

Şeýle-de, habarçy bu etraplaryň täze mellek diýlip berlen ýerlerinde gaz geçirijileri ýasaýjylaryň özleriniň çekmeli bolýandygyny, bu hili ýagdaýlaryň häkimiýetler bilen ýaş maşgalalaryň arasynda döreýän düşünişmezlikleriň soňy bilen has ulalmak aladasyny döredýändigini habar berýär.


Ýerli häkimlikler, prokuraturalar halky diňlemeýär, täze açylan mellek ýerleriniň köpüsinde tebigy gaz gündizlerine berilse, gijelerine düýbünden kesilýär diýip, Azatlygyň habarçysy aýry-aýrylykda söhbetdeş bolan ýaş maşgalalaryna salgylanyp, 4-nji dekabrda habar berdi.

“Täze berlen mellek ýerlerinde esasan ýaş maşgalalar ýaşaýar. Olaryň köpüsi ýaş çagaly. Ol çagalaryň ýatýan jaýlary gijelerine gaty sowuk bolýar” diýip, howpsuzlyk aladalary sebäpli adynyň aýdylmazlygyny soran zenan aýtdy.

Onuň sözlerine görä, gaz bolmasa, adamlar jaýlaryny tok peçleri bilen ýylatjak bolýarlar, ýöne elektrik togy hem gönendirmeýär. Belki-de, gazy kesilen hojalyklaryň hemmesiniň birden tok peçlerini ulanmagy bilen, gaz kesilen gijeleri tok hem kesilmegini ýygjamladýar.

“Çagalaryň barysy dümewli. Gije ýatanlarynda, çagalary galyň, gyş eşikleri bilen ýatyrýarys. Gynançly ýeri, indi köp jaýda odun ýakyp, öý ýylatmak mümkinçiligi hem ýok. Jaýlaryň howa çykarlary diňe gara gaz peçlerine niýetlenip goýlan” diýip, birnäçe çaganyň ejesi entek gyşyň aýazly günleriniň hem başlanmandygyny, emma eýýämden, şu howada çagalaryň dümewden gözleriniň açylmaýandygyny aýdyp zeýrendi.

"Öýler gijelerine has sowuk bolýar"

Bu ýagdaýy aýratynlykda gürleşilen ýene bir zenan tassyk etdi. Ol adamlaryň çagalaryny gyşyň aýazly günlerinde nädip sowukdan gorajagyny alada edýändigini, ýerli häkimiýetlere edilen arz-şikaýatlara üns berilmeýändigini hem gürrüň berdi.

“Gyşyň has sowuk günleri gelse, biz näme etmeli, bu belli däl. Ýerli häkimiýetlere gazymyzy öçürmäň diýip arza ýazdyk, emma henize çenli hiç bir çäre görülmeýär. Öýler gaty sowuk, has hem gijelerine sowuk bolýar.”


Azatlygyň habarçysy bilen aýry-aýrylykda gürleşen oba adamlary, degişli edaralar etmeli işlerini wagtynda etmänsoň, täze mellek ýerleriniň toguny we gazyny öz güýçleri bilen çekmeli bolandyklaryny hem gürrüň berdiler.

“Obanyň toguny, gazymyzy özümiz çekdik. Özümiz köçä til agaç dikip, elektrik toguny çekdik, gazy hem köçämize, arzan usulyny saýlap, plastmas turba bilen getirdik. Indi bolsa, ‘gaz, tok kanun esasynda çekilmändir’ diýip, bize azar berýärler. Golaýda gaz, elektrik edaralarynyň işgärleri gelip, bize jerime ýazyp gitdi. ‘Ştraf tölenmese, gazyňyzy, toguňyzy doly keseris’ diýdiler” diýip, bir ýaşaýjy gyşyň içinde kyn ýagdaýda galandyklaryny, adamlaryň onsuzam zordan güzeran aýlandygyny, köp adamyň jerime tölemäge pulunyň ýokdugyny aýtdy.

Onuň ynanjyna görä, gaz üpjünçiliginiň gijelerine kesilmegi ýazylan jerimeleriň tölenmezligi bilen bagly.

Oba milli maksatnamasyndan gelip çykýan wezipeler nirede galdy?

“Gazy öçürip, bize straf töletjek bolýarlar. Oba başlyklary bize täze mellek ýerlerini satanlarynda, kanunlaşdyryp, 6 sotuk ýeri 5000 dollara satdylar. Indi bolsa, gazy, togy bahana edinýärler” diýip, ýaşaýjy bu kynçylyklaryň aslynda häkimiýetleriň öz wezipe-borçlaryny ýerine ýetirmezligi sebäpli döreýändigini, eger-de olar täze mellek ýerine wagtynda tok, gaz çeken bolsalar, häzir beýle meseleleriň bolmajakdygyny öňe sürdi.

Onuň tassyklamagyna görä, kanun esasynda mellek ýerini alan adamlar şu güne çenli ulanan gazy, togy üçin, öz hasabyna ölçeýji oturdyp, pul töläp gelýär.

Azatlyk bilen söhbetdeş bolan ýaşaýjylaryň biri “Biz pul ýygnaýan gazçy, tokçy işgärlere düşünmeýäris” diýdi.

“Olar ýylyň ahyrynda gelip, bikanun çekilen togy, gazy kesjek diýýärler, gijesine ýaş çagaly maşgalalaryň gazyny kesýärler. Käte gündizlerine hem togumyzy kesýärler. Biz bu bolýan zatlara näme çäre görjegimizi bilmeýäris” diýip, Azatlygyň söhbetdeşi aýtdy.

Onuň tassyklamagyna görä, oba ýaşaýjylarynyň käbiri ýerli prokuratura şikaýat edipdir, emma olara “Siziňki nädogry” diýip jogap beripdirler.

Bu jogap gazy, togy kanun esasynda çekmezlikde aýyplanýan hojalyklaryň her biriniň 2 müň manat möçberinde jerime tölemeli boljakdygyny aňladýar. Oba adamlary “hiç ýerde 2 müň manat ştraf tölemeli diýilmeýär, mellek ýerlerimiz kanuna laýyk berlen” diýip, özlerini mamla hasaplaýarlar.


Azatlygyň habarçylary mundan öň hem Türkmenistanyň dürli welaýatlarynda ilata paýlanyp berlen mellek ýerleriniň elektrik, gaz üpjünçiligi meseleri barada habar beripdiler. Emma türkmen häkimiýetleri jaý, mellek ýerleri, tok, gaz, suw üpjünçiligi, şeýle-de, oba, etrap ýerlerindäki ýollar, köprüler barada edilýän şikaýatlara hiç bir düşündiriş bermeýär.

Şol bir wagtda, 2-nji dekabrda bolşy ýaly, türkmen metbugaty prezidentiň sebitlere eden saparlarynda “Oba milli maksatnamasyndan gelip çykýan wezipeleri ýerine ýetirmek boýunça ýaýbaňlandyrylan giň möçberli işler bilen tanşandygyny” habar berýär, ýöne ýerlerde saklanyp galýan kynçylyklar barada hiç zat aýtmaýar.

Azatlyk, adatça bolşy ýaly, türkmen häkimiýetlerinden bu habar boýunça resmi düşündiriş alyp bilmedi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Aşgabadyň köçeleriniň birinde duran ýol polisiýa işgärleri (Illýustrasiýa suraty)
Aşgabadyň köçeleriniň birinde duran ýol polisiýa işgärleri (Illýustrasiýa suraty)

Türkmenistanda köçe-ýol hereketiniň düzgün bozulmalary üçin jerimeleriň mukdary 50%-den 300%-e çenli ýokarlandyr. Içeri işler ministrliginiň wekilleri bu ýokarlanmany “adamlaryň howpsuzlygy” üçin edilýän çäre häsiýetlendirse, raýatlaryň ençemesi muny “boşan gaznany doldurmak tagallalary” atlandyrýar.

Jerimeleriň möçberiniň ýokarlanmagy, hususy ulaglarynda kireý edýän sürüjileriň kireý nyrhlaryny azyndan 50% gymmatlatmagyna hem getirdi. Bu ýagdaýlar barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy 4-nji dekabrda Balkan welaýatyndan maglumat berdi.

Türkmenistanyň prezidenti Serdar Berdimuhamedow ýurduň Administratiw hukuk bozulmalary hakynda kodeksine üýtgetmeleri girizmek boýunça kanuna gol çekdi. Bu barada habar berýän hökümetçi neşirleriň, şol sanda "Turkmenportal"-yň maglumatlaryna görä, resminama “Türkmenistan” gazetiniň 3-nji dekabrdaky sanynda çap edildi we şol güni güýje girdi.

Kodeksiň 214-nji maddasyna girizilen üýtgetmelere görä, bellenen tizligi sagatda 10-dan 30 kilometre çenli artdyrylmagyň jerimesi 50 (binýatlyk mukdaryň 0,5 bölegi) manatdan 200 manada ýokarlandy.

Tizligi sagatda 30-dan 50 kilometre çenli artdyrmagyň jerimesi ozal 300 manatdy, indi 500 manat boldy. Şu hukuk bozulmasy gaýtalansa, jerimäniň möçberi 700 manat bolar.

Tizlik sagat 50 kilometrden köp artdyrylanda, jerimäniň möçberi öň 700 manat bolan bolsa, häzir 1000 manada ýokarlandy. Hukuk bozulmasy alty aýyň dowamynda täzeden gaýtalanan halatynda sürüjiniň ulag dolandyrmak hukugy alty aýdan bir ýyla çenli möhletde elinden alynýar. Öň bu möhlet üç aýdy.

Beýleki jerimeler

Şeýle-de, ýurtda gyzyl yşykda geçmek, gadagan edilen ýerlerde durmak, pyýada geçelgelerinden ýa-da jemgyýetçilik ulaglarynyň duralgalaryndan dogry geçmezlik, ulagyň yşyklandyryş enjamlaryny dogry ulanmazlyk boýunça jerimeler hem 50%-den 100%-e çenli ýokarlandy.

Mundan başga-da, Türkmenistanda bikanun ulag belgileri we döwlet tehniki gözegçiliginden geçmedik ulaglar üçin jerimeleriň möçberi hem iki essä çenli artdyryldy.

Habarçymyz Balkanda Polisiýanyň ýol gözegçiligi gullugynyň işgärleriniň kanunyň metbugatda çap edilen gününden, ýagny 3-nji dekabrdan başlap sürüjilere jerimeleriň ýokarlandyrylan möçberi boýunça jerime ýazyp başlandygyny habar berýär.

“Men howpsuzlyk kemerini dakman, ulagymy dolandyryp barýarkam, ýol polisiýasy meni saklap, 150 manat jerime ýazdy. Ol bu jerimäniň öň 50 manatdygyny bolandygyny, häzir beýleki jerimeleriň hem ýokarlanandygyny aýtdy” diýip, balkanly bir ýaşaýjy anonimlik şertinde gürrüň berdi.

"Boşan gaznany doldurmak tagallalary"

Mundan başga-da, ýol polisiýasy ulaglary sähel hapa bolan ýa-da öň aýnasynda çyzyk ýa döwük bolan, şeýle-de ulaglarynyň reňkleri gopan sürüjileri hem saklap, jerime ýazýar.

“Saklanan sürüjileriň köpüsi jerimeleriň ýokarlandyrylmagyndan nägile bolýar. Içeri işler ministrliginiň ýerli edarasynyň ofiserleri, şeýle-de ýol polisiýasy ýokarlanmany “adamlaryň howpsuzlygy” üçin edilýän çäre häsiýetlendirýärler” diýip, balkanly sürüji anonimlik şertinde aýtdy.

Şol bir wagtda, ulag eýeleriniň ençemesi anonimlik şertinde habarçymyza beren maglumatynda ýokarlanmany häkimiýetleriň “boşan gaznany doldurmak tagallalary” atlandyrýar.

Olar Berdimuhamedowlar maşgalasynyň “oýlanşyksyz gurýan we ilata peýda getirmeýän desgalarynyň, hatda şäheriniň gaznanyň boşamagyna getirendigini aýdyp, jerimeler ýokarlandyrylsa-da, munuň adaty ilat üçin oňaýly netijesiniň bolmajakdygyny, hatardan çykan oba, etrap ýollarynyň bejerilmejekdigini belleýärler.

"Köp raýata oňaýsyz täsir etjekdigi ikiuçsyz"

“Üstesine-de, ýurtda ýol polisiýasynyň dürli bahanalara esaslanyp, düzgün bozmaýan sürüjilere hem jerime ýazmak tejribesi dowam edýärkä, munuň köp raýata oňaýsyz täsir etjekdigi ikiuçsyz. Häzir ýurtda pensiýalar gara bazar nyrhynda hasaplanda 20-50 dollar aralygynda bolup, aýlyklar 50-150 dollardan geçmeýär. Üstesine-de, halk aýlyklaryň, pensiýalaryň we beýleki kömek pullarynyň ýylda 10 göterim ýokarlandyrylmagyndan hem mahrum boldy” diýip, balkanly ýaşaýjy belledi.

Bellesek bu ýokarlanma, 2026-njy ýylyň 1-nji ýanwaryndan başlap raýatlaryň aýlyk zähmet, pensiýa, talyp we diňleýji haklarynyň hem-de döwlet kömek pullarynyň 10% ýokarlandyrylmagynyň bes edilýändigi baradaky habarlaryň yz ýanyna gabat geldi.

Türkmenistanda dowam edýän ýiti maliýe-ykdysady kynçylyklaryň, giň ýaýran işsizligiň arasynda, aýlyklary, pensiýalary we kömek pullaryny her ýylyň başynda 10% ýokarlandyrmak tejribesi soňky 20 ýyla golaý wagt bäri amal edilýärdi.

Taksi kireý hyrhlary gymmatlady

Türkmenistanyň häkimiýetleri, şol sanda ýurduň Içeri işler ministrligi köçe-ýol hereketiniň düzgün bozulmalaryna degişli ýyllyk statistikany ilat köpçüligi bilen aç-açan paýlaşmaýar. Azatlygyň bu barada degişli häkimiýetlerden teswir almak synanyşyklary hem oňyn netije bermeýär.

Bu aralykda, jerimeleriň möçberiniň ýokarlandyrylmagy, Balkanda hususy ulaglarynda kireý edýän sürüjileriň kireý nyrhlaryny azyndan 50% gymmatlatmagyna getirdi.

“Bu ýokarlanma durmuşyň beýleki pudaklaryna hem täsir eder. Içerki azyk önümleriniň bahalarynyň ýokarlanmagyna hem getirip biler” diýip, bu ýagdaýlara ýakyndan syn edýän balkanly synçy anonimlik şertinde aýtdy.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Ýene-de ýükle

XS
SM
MD
LG