2014-nji ýyldaky “Miss Gyrgyzystan” gözellik bäsleşiginiň ýeňijisi 25 ýaşyndaky Aikol Alikžanowa sosial ulgamda özüniň hijaply düşen suratlaryny halk köpçüligine hödürläpdir.
Gazagystanyň Alma-aty şäheriniň esasy şaýollarynyň birinde nagyşlary bilen adamlaryn ünsüni çekýän bir jaý bar. Ol nagyşlar, ilkibada ýöne şeýle seredeniňde, gündogar nagyşlaryna meňzeýän ýaly.
Ýunion graflygynyň musulmanlar merkeziniň başlygy Nawaz Şeih bombaly hüjüme gatnaşandygyndan şübhelenilýän Ahmad Han Rahamini tanamaýandygyny nygtaýar.
Eýranda zenanlaryñ jemgyýetçilik ýerlerinde welosiped sürmegini gadagan edýän petwa berlipdir. Eýranly zenanlar bolsa oña güýçli nägilelik bildiripdirler.
Fransiýanyň prezidenti Francois Hollande ýurtda burkininiň gadagan edilmegi meselesinde özüniň pikrini açyk-aýdyň we çürt kesik ýagdaýda beýan edipdir.
Saud Arabystany bilen Eýran birek-biregi ”musulman däl” diýip aýyplaýarlar. Soňky garşylyklaýyn çykyşlar Eýranyň ruhany lideri Aýatolla Ali Hamaneýiniň eden tankydy sebäpli bolupdyr.
Özüňi zynjyrlamak, ýagny öz bedeniňe zynjyr bilen urmak, yslam dininiň şaýy meshebine mahsus bir däpdir. Ýöne, bu adatyň taryhy şaýylykdan has owalky döwürlerden başlaýandyr. Onda-da hut hristianlyk bilen baglanşyklydyr.
Saud Arabystanyň musulmanlarynyň baştutany bolam müftiniň “eýranlylar musulman däl” diýen beýannamasy Riýad bilen Tähranyň arasyndaky düşünişmezligi hasam ýitileşdiripdir.
Ýewropada käbir syýasatçylaryň musulman zenanlaryň eginbaşlaryny gadagan etmäge synanyşýan döwründe, bir işewür muňa garşy göreşmegiň täsir ugruny oýlap tapypdyr.
Nitsa plýažynda "burkini gadaganlygyna" gözegçilik edýän ýaragly polisler bir zenany hijabyny çykarmaga mejbur edipdirler.
Fransiýanyň Kann şäheriniň döwlet organlary ol ýerdäki plýažlarda burkinili suwda ýüzmegi gadagan etdiler. Burkini – musulman aýal-gyzlarynyň suwda ýüzende geýýän geými, ol bedeni depeden topuga çenli ýapýar.
Britaniýanyň jemgyýetçilik palatasynyň “Zenanlar we raýdaşlyk” komitetiniň geçiren barlaglarynyň netijesi, käbir aýal-gyzlaryň gowy işe girmek üçin, hyjapdan ýüz öwürmäge mejbur bolýandygyny görkezýär.
Ýene-de ýükle