Hindistanda bir mugallymy aýyplap, onuň elini kesen yslamçylar azatlykdan mahrum edildiler."Hindistanyň halk fronty" diýip atlandyrylýan topara degişli 13 adama üç ýyldan sekiz ýyla çenli ýyl kesilipdir.
Gulru Omanowanyň adamsy Loik Siriýada “Yslam döwletiniň” düzüminde söweşip, ýakynda öldürilensoň, 25 ýaşly bu zenan goşlaryny ýygnap, öz çagalary bilen Täjigistana gitmek kararyna gelipdir.
Ýaş zenan Gulsimonyň gürrüň bermegine görä, durmuş gurup ýaşaşyp başlandan bäş aý geçensoň, ol adamsynyň zulum-sütemine duçar bolupdyr. Şonda adamsy onyň damagyny çalmaga synanypdyr.
Amerikaly meşhur repper aýdymçy Busta Rhymes Yslam dinini 2007-nji ýylda kabul etdi. Onuň aýtmagyna görä, Yslam onuň ruhuny iýmitlendirmek bilen bir hatarda hakykatlardan daşlaşmagyna rugsat bermeýär.
Gündogar Özbegistandaky Kokand bilen Margilanyň bazarlarynda milli howpsuzlyk gullugynyň ýerli işgärleri hyjaply gelen bir topar aýaly durzup, olary öz hyjabyny çykarmaga mejbur edipdirler.
«Yslam döwleti» topary, aýdylmagyna görä, Yragyň Mosul şäherinde her bir erkek adamyň sakgal goýbermegini buýurdy, ýagny ýüzde biten gyllaryň syrylmagynyň şerigat kanuny astynda haramdygyny aýtdy.
Siriýadaky söweşe gatnaşmaga çakylyk alan täjigistanly gyz boýdaşlaryna hijabyň astyndan janyndan geçenleriň kemerini baglamazlyk babatda hüşgär bolunmagy üçin duýdyryş berýär.
Sankt-Peterburgyň howpsuzlyk gullugy moda kollejinde okaýan 18 ýaşyndaky bir student gyzy, rus raýatlaryny ”Yslam döwletiniň” tarapyna çekmek üçin dini propaganda alyp barmakda aýyplap, jenaýat işini gozgady.
Aprel aýynyň ortasynda Moskwanyň buthanalarynda "fermerlere we importyň öweziniň ýerli önümler bilen doldurylmagyna goldaw islenip, dogalar okalar".
Täjigistanda köpler bu gadagançylyga, täjik ýaşlarynyň radikal ideýalary ösdürmeginiň we “Yslam döwleti” atly topar ýaly ekstremistik toparlara goşulmagynyň öňüni almak synanyşygydygyna ynanýarlar.
Täjigistanda, köçelerde ten satýan beýleki ençeme aýallar ýaly, Rafoat hem goraga mätäç. Ol gysga köýneginiň etegini aşak çekip, gözüne sürme sürýär we soňam hyjap geýinýär.
Wikingleriň gadymy ýurdy hasaplanýan Birkada görkezilen bir ýüzük bu gadymy söwda merkeziniň adyny dünýä metbugatynyň üns merkezine öwürdi.
Ýene-de ýükle