Şu gün: Serbiýanyň paýtagty Belgradyň esasy awtobus terminalynyň golaýynda ynsanperwer kömegini edýän işçiler migrantlara ýorganlary paýladylar; Pakistanda plastiki önümleri öndürýän zawod-fabrikleriň eýeleri we işgärleri protest geçirdiler we beýleki täzelikler.
Şu gün: Owganystanyň paýtagty Kabulda demonstrantlar ýurtda işsizligiň artmagyna nägilelik bildirip, köçelere çykdylar; Pakistanyň Haýber-Puhtunhwa welaýatynyň polisiýasy Peşawar şäherindäki mekdebiň açylyş dabarysyny amala şyrdy.
Şu gün: Täjigistanyň polisiýasy Duşenbäniň golaýynda guralan iki hüjümden soň, ok atylan peşeňleri çöpledi; Belgrada gelen bosgunlar ynsanperwer kömeklerini almak üçin ýük maşynlarynyň daşynda hümer tutdular; Gyrgyz paýtagty Bişkekde 15 ýurduň dessançy-bagşylary toplandy.
Şu gün: Ukrainanyň milli gwardiýasynyň esgerleri parlament binasynyň ýanynda alan granat ýaralaryndan wepat bolan iki esgeriň jaýlanyş dabarasyna gatnaşdylar; Owgan žurnalistleri Kabulda ýygnanyp, donor ýurtlaryň owgan hökümetine metbugat azatlygyny hormatlamagy üçin basyş etmegine çagyrdylar.
Şu gün: Owganystanyň günbataryndaky Gor welaýatynda bir zenana, biwepalykda günäli tapylanyndan soň, 100 gamçy dürre uruldy; Moldowan žurnalistleri Azerbaýjanyň Kişinýowdaky ilçihanasynyň öňünde türme tussaglygyna höküm edilen derňewçi žurnalist Hatyja Ysmaýylowanyň goldawyna protest geçirdiler.
Şu gün: Kiýewde Parlament binasynyň öňüne gül desseleri goýuldy; Pakistanda janyndan geçen özüni partlatdy we günüň beýleki täzelikleri.
Pakistanda saglyk pudagynyň zenan işgärleri öz aýlyk haklarynyň wagtyndan giç berilmegine nägilelik bildirip, protest geçirdiler; Serbiýada ýerli aktiwistler tarapyndan Ýakyn Gündogardan we Demirgazyk Afrikadan gelen bosgunlara ynsanperwer kömek edildi we beýleki täzelikler.
Şu gün: Müňlerçe bosgun Serbiýanyň içinden wenger serhedine çenli süýşmegini dowam etdirýär; Pakistanly protestçiler Peşewarda hindi baýdaklaryny otladylar; Gazagystanyň ekloglar Astanada Orsýetiň Gazagystanyň Baýkonur kosmadromundan soňky atan raketalary sebäpli protest gurnadylar.
Şu gün: Ýewropa Bileleşiginiň we günbatar Balkan ýurtlarynyň liderleri Wenada migrasiýa meselesiniň maslahatyny edýärler; Kosowadaky iň uly oppozisiýa topary paýtagt Pristinada Serbiýa bilen ýagdaýlary kadalaşdyrmak barada gelnen ylalaşyga garşy protest gurnady we beýleki täzelikler.
Şu gün: Pakistanda elektrik energiýasynyň gymmatlamagyna garşy protest geçdi; Pakistandaky owgan bosgunlary yzyna - Owganystana dolanmaga taýýarlyk görýärler.
Şu gün: Saraýewoda toplanan ýüzlerçe işçi täze kanun taslamasynyň işçileriň hukuklaryny çäklendirýändigine protest bildirdi; Gürjüstanyň häkimiýetleri maglumatly listowka paýlap, Adam gaçakçylygyna garşy göreş boýunça halkara gününi bellediler we beýleki täzelikler.
Şu gün: Ermenistanyň paýtagty Ýerewanda demonstrantlar polisiýa bilen çaknyşdy; Yslamabatda ýerli ýaşaýjylar jaýlarynyň ýumrulmagyna garşy protest geçirdiler we günüň beýleki täzelikleri.
Ýene-de ýükle