Şu gün Pakistanyň demirgazyk-günbataryndaky Baça Han uniwersitetine edilen jeňçi hüjüminde azyndan 20 adam öldürildi; Ipoteka, jaý üçin bankdan karz alan adamlaryň topary Gazagystanyň Almaty şäherindäki esasy banklaryň daşynda protest gurnadylar.
Şu gün: Peşawar şäherinde Pakistanyň adatdan daşary gullugynyň işgärleri ýowuz bomba partlamasynyň bolan ýerine bardylar; Gyrgyzystanyň paýtagty Bişkekde gyrgyz lyžaçylary garyň üstünde ýaýdan ok atmak boýunça ýaryşa gatnaşdylar we günüň beýleki täzelikleri.
Şu gün: Owganystandaky we Pakistandaky “Talyban” hereketi bilen parahatçylygy dikeltmek ugrunda dört ýurduň wekilleriniň arasynda gepleşiklere başlandy we günüň beýleki täzelikleri.
Şu gün: Ukrainanyň Rumynýa bilen serhetleşýän Bukowina regionynda her ýyl bellenilýän Malanka baýramçylyk dabaralary geçirildi we günüň beýleki täzelikleri.
Şu günki programmamyzda: Pakistanyň paýtagty Yslamabatdaky Telewideniýe merkezine edilen terrorçylyk hüjüm ýaly bolup görünýän wakada telewideniýäniň bir işgäri ýaralandy we günüň beýleki täzelikleri.
Şu gün: Pakistanyň Kwetta şäherinde poliomiýelit keseline garşy sanjym edilýän merkeziň daşynda polisiýa edilen bombaly hüjümde azyndan 14 adam wepat boldy; Gazagystanyň parlamentiniň aşaky öýi möhletden ir saýlaw geiçrmek boýunça ses berdi.
Şu gün: Belarusyň paýtagty Minskiň ýaşaýjylary irden turanlarynda, gijäň dowamynda 22 santimetr beýiklikdäki garyň ýagandygyny gördüler we günüň beýleki täzelikleri.
Şu gün: Orsýetiň premýer-ministriniň orunbasary Dmitriý Rogozin resmi sapar bilen Serbiýanyň paýtagty Belgrada bardy; Pakistanyň demirgazygyndaky Peşawar şäheriniň Çarsadda etrabynda onlarça adam protest geçirdi we günüň beýleki täzelikleri.
Şu gün: Pakistanyň syýasy we dini liderleri Peşawar şäherinde ýöriş geçirip, hökümetiň ykdysady planyny üýtgetmegine protest bildirdiler; Pakistanyň Hyber Pahtukhwa welaýatynda ýüzlerçe student Peşawarda geçirilen sport ýaryşynyň jemleýji dabarasyna gatnaşdy we beýleki täzelikler.
Şu gün: Bosniýanyň Tuzla şäherindäki prawoslaw hristianlar Roždestwony öz däplerine görä bellediler; Belgradda prawoslaw hristianlar sowuk howa şertlerine garamazdan, çesnisa atly çöregi döwmek däbine gatnaşmak üçin şäheriň merkezinde ýygnandylar we günüň beýleki täzelikleri.
Şu gün: Belarusyň Homel şäherinde kiçi dükanlaryň ençemesiniň ýapyk galmagy alyjylaryň arasynda gahar-gazap döretdi we nobatlaryň emele gelmegine getirdi.
Şu gün: Güýçli garyň ýagmagy we ümürli howa Saraýewonyň ýaşaýjylary üçin dürli kynçylyklary döretdi.
Ýene-de ýükle