Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Zelenskiý jedelli parahatçylyk meýilnamasy baradaky habarlaryň arasynda, ABŞ-nyň goranmak resmileri bilen duşuşmaga taýýarlanýar


Ukrainanyň prezidenti Wolodimir Zelenskiý
Ukrainanyň prezidenti Wolodimir Zelenskiý

Ukrainanyň prezidenti Wolodimir Zelenskiýniň 20-nji noýabrda Kiýewde ABŞ-nyň Goranmak ministrliginiň ýokary derejeli resmileri bilen duşuşmagyna garaşylýar. Bu waka, Moskwa bilen Waşingtonyň Ukrainanyň uly eglişiklere gitmegini talap edýän parahatçylyk meýilnamasyny taýýarlandygy baradaky habarlaryň yz ýanyna gabat geldi.

19-njy noýabrda giçlik çykan habarlarda ABŞ-nyň Ukrainadaky urşuň togtadylmagy üçin taýýarlan täze teklibinde Kiýewiň öz territoriýasynyň we ýaraglarynyň käbirinden ýüz öwürmeginiň göz öňünde tutulýandygy aýdylýar.

Habarlarda ABŞ-nyň teklibiniň Ukrainanyň ýaragly güýçleriniň sanyny azaltmagy we Ukrainanyň rus güýçlerine garşy göreşinde möhüm rol oýnan ABŞ-nyň harby kömeginiň yza çekilmegini kabul etmegi hem öz içine alýandygy bellenilýär.

Mundan başga-da, “The Financial Times” we “Reuters” neşirleri tarapyndan jikme-jik beýan edilen tekliplere görä, daşary ýurt goşunlarynyň Ukrainanyň topragyna girmegine rugsat berilmez we Kiýew uzak aralyga niýetlenen ýaraglary hem alyp bilmez.

Ukrainanyň resmileri heniz bu habarlara açyk jogap bermediler. Teklipden gönüden-göni habarly bolan ukrain resmisi onuň mazmunyny tassyklady, ýöne başga maglumat bermedi.

XS
SM
MD
LG