Ukrainanyň prezidentiniň ofisiniň habaryna görä, prezidenti Wladimir Zelenskiý ABŞ-dan urşy tamamlamak üçin resmi meýilnamanyň taslamasyny resmi taýdan aldy.
Geljekki günlerde Zelenskiý Tramp bilen "elýeterli diplomatik mümkinçilikler we parahatçylyk üçin zerur bolan esasy nokatlar" barada maslahatlaşmagy meýilleşdirýär.
AÝ/AR-nyň "Nastoýaşeýe Wremýa" proýektiniň ýagdaýdan habarly çeşmesiniň sözlerine görä, amerikan tarapy Ukraina "prezident Zelenskiniň käbir şertlere, şol sanda territorial eglişiklere we olary Russiýanyň territoriýasy hökmünde ykrar etmäge, Ukrainanyň ýaragly güýçleriniň sanyny azaltmaga we "Putin üçin amatly" beýleki nokatlara razy bolmagyny talap edýän signaly" ýetirendigini aýtdy.
Ukrainanyň premýer-ministri Ýuliýa Sweridenko 20-nji noýabrda ABŞ-nyň goşun sekretary Daniel Driskol bilen birlikde ABŞ-nyň delegasiýasynyň Kiýewe sapar edendigini tassyklady. Media habarlary delegasiýanyň maksadynyň, Ukrainanyň harby we syýasy ýolbaşçylary bilen maslahatlaşmalardan soň, urşy tamamlamak üçin gepleşikleri täzeden başlamakdygyny görkezýär. Gepleşikleriň dowamynda ABŞ-nyň döwlet sekretary Marko Rubio Ukrainanyň we Russiýanyň parahatçylyk gazanmak üçin "kyn, ýöne zerur ylalaşyklara razy bolmalydygyny" aýtdy.
"NBC News" ABŞ-nyň prezident administrasiýasynyň ýokary derejeli resmisine salgylanyp, Trampyň urşy tamamlamak üçin 28 maddadan ybarat meýilnamany tassyklandygyny habar berdi. Bu maglumata görä, ol ukrain resmileri we Kremliň ýörite wekili Kirill Dmitriýew bilen maslahatlaşyp işlenip düzülipdir. Resminamanyň kimler bilen ara alnyp maslahatlaşylandygy anyk görkezilmedi. Onuň işlenip düzülmegine ýörite wekili Stiw Witkoff, wise-prezident J.D. Wans, Marko Rubio we Trampyň giýewisi Jared Kuşner hem gatnaşdy diýlip, habar berildi.
Ozal ukrain resmileri "Financial Times" gazetine Ak Tamyň parahatçylyk meýilnamasynyň "Kremliň maksimalist talaplaryna doly laýyk gelýändigini" we Kiýewiň häzirki görnüşinde amerikan tekliplerine razy bolmajagyny aýtdylar.